Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamber aleýhyssalatu wessalam[1]:
اِذَا مَشَوُا الْمُطَيْطَاءَ وَخَدَمَتْهُمْ بَنَاتُ فَارِسَ وَالرُّومِ، رَدَّ اللّهُ بَاْسَهُمْ بَيْنَهُمْ وَ سَلَّطَ شِرَارَهُمْ عَلَى خِيَارِهِمْ
«Pars we rum gyzlary size hyzmat etmäge başlanda, içiňizde pitne döräp, biri-biriňiz bilen garpyşarsyňyz. Ana, şonda ýamanlaryňyz başyňyza geçip, gowularyňyza musallat bolar» diýipdir. Otuz ýyl soňra habar berşi ýaly çykýar.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamber aleýhyssalatu wessalam[2]:
وَتُفْتَحُ خَيْبَرُ عَلَى يَدَىْ عَلِىٍّ
«Haýbar galasyAlynyň eli bilen synar» diýipdir. Garaşylandan hem tiz wagtda, ýagny şol sözüň aýdylan gününiň ertesi, hezreti Alynyň tagallasy bilen Haýbar galasy eýelenýär. Şol söweşde hezreti Aly galanyň derwezesini goparyp, galkan edip ulanypdyr. Söweş tamam bolansoň derwezäni hol beýläk oklap goýberipdir. Soňra şol derwezäni sekiz bolubam, käbir maglumatlara görä, kyrk adam bolubam göterip bilmändirler. Garaz, Pygamberiň (s.a.w) ýene bir gaýyby mugjyzasy tassyk bolýar.
Şeýle hem, Pygamber aleýhyssalatu wessalam[3]:
لاَ تَقُومُ السَّاعَةُ حَتَّى تَقْتَتِلَ فِئَتَانِ دَعْوَاهُمَا وَاحِدَةٌ
diýmek bilen, Syffyn diýilýän ýerde hezreti Aly bilen Muawiýäniň arasynda bolup geçen çaknyşygy öňünden habar beripdir.
[1]«Jamiul-Usul», 10/40; Kady Yýaz, «Şifa» 1/237; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid» 10/232, 237).
[2]«Musned» 5/333.
[3]«Birmeňzeş maksada gulluk edýän iki goşunyň arasynda uruş turman, kyýamat gopmaz».(«Sahihul-Jamius-Sagyr», 6/174; Muslim, «Fiten» 4).