Hezreti Adamdan (aleýhysselam) başlap, Ýer ýüzünde gelip geçen ynsanlaryň iň beýikleri pygamberlerdir. Olaryň iň soňkysynyň Hz. Muhammet sallallahu aleýhi wesellemdigi şeksizdir. Çünki Ol (sallallahu aleýhi wesellem) özünden öňki gelip geçen ähli pygamberleriň ýokary ahlaklaryny özünde jemlän iň belent şahsyýet bolup, olaryň getiren dinleriniň hemmesiniň mirasdarydyr. Ol (s.a.w) iň soňky pygamber ady bilen bütin pygamberleriň ýolbaşçysy, özünden soňra gelen we özüniň kämil hem nusgalyk terbiýesi bilen ýetişen millionlarça öwlüýädir alymlaryň ussadydyr, mugallymydyr.
Onuň nury gelmezden öň bütin älemi matam howasy gurşap alypdy. Ähli zat bir-birine duşman, barlyklar häki bir jeset, ynsanlar ebedi ýokluga sary barýan ýetimler ýalydy.
Älem onuň getiren nury bilen dolup-daşyp, ajaýyp bir zikirhana, şükür edilýän ybadathana öwrüldi. Bir-birine duşman ýaly görünýän barlyklar dogan boldy. Allanyň soňsuz eýeçiligindäki ähli barlyklar ynsanyň buýrugyna tabyn bolup, Onuň hyzmatyna durdy. Ynsanlar bolsa ebedi ýok bolmakdan halas bolup, Allanyň soňsuz bagtyýarlyk ülkesi bolan jennete çagyrylýan eziz myhmanlara öwrüldiler. Gepiň gysgasy, älemlere rahmet edilip iberilen Pygamberimiz (s.a.w) adamzadyň gijesini gündize, gyşyny bahara öwürdi.
Adamyň iň kiçijik endigi bolan çilimi taşlatmak örän hupbatly, iňňän köp wagt alýan iş. Emma Älemleriň Serweri (s.a.w) nadan, wagşy, kesir ynsanlaryň on iki süňňüne ornap, ömürleriniň aýrylmaz bölegine öwrülen nijeme ýaramaz adatlaryny ýeke özi gysga wagtda, özi-de hiç hili zor salmazdan ýok etmegi başardy. Öz çagasyny diriligine ýere gömen wagşy ynsanlardan iň medeniýetli milletlere-de medeniýet öwredip biljek ýokary derejeli jemgyýeti döretdi.
Sosial taýdan örän pes, ertirine ynamy bolmadyk adamlaryň ýaşaýan garaňky dünýäsinde dogan Güneş (s.a.w) getiren hakýoly bilen gysga wagtyň içinde giň düşünjeli, kämil ahlakly, ertirine ynamly ynsanlaryň jemgyýetini gurmagy başardy.
Ine, şeýle deňsiz-taýsyz nurana şahsyýet — hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem bary-ýogy ýigrimi üç ýylyň içinde ähli duşmançylyklary ýok edip, her hili päsgelçilikleri ýeňip geçmek arkaly uly maddy we ruhy öwrülişigi amala aşyrdy we dost-duşmany haýran galdyryp, ählisiniň öwgüsine mynasyp boldy.

Allanyň birligini — towhyd ynanjyny ýaýmak ýaly belent wezipäni egnine alan güni tutuş Ýer ýüzünde Oňa (s.a.w) ynanýan ýekeje adam hem ýokdy. Ahyrete göç etmeginiň öňi syraasynda, Arafat dagynda Weda (Hoşlaşyk) hutbasyny okan wagty bolsa, töwereginde halka bolup duran ýüz müňden gowrak sahaba bardy. 1400 ýyl töweregi soňra, ýagny bu gün Onuň (s.a.w) getiren nurunyň töwereginde reňkleri aýry hem bolsa, ynançlary we köňülleri bir bolan milliarddan gowrak ymmaty bar. Ymmaty Onuň (s.a.w) adyny dillerinde sena, ýola goýan ebedi nyzamyny durmuşlarynda ýörelge edinýärler.