Hezreti Aýşe (radyýallahu anha)

Älemleriň Serweriniň (s.a.w) iň ýakyndosty, «Syddyk» lakamy bilen meşhurhezreti Ebu Bekiriň (r.a) gyzy.

Hezreti Pygamberimize (s.a.w) ýanýoldaş bolmak bagty miýesser eden mübärek zenanlaryň biri-de hezreti Aýşe enemizdir (r.a). Kurany-Kerimiň aýatlarynyň, sünnetiň meseleleriniň, ylaýta-da dinimiziň zenanlar bilen baglanyşykly hökümleriniň içgin öwrenilip, musulmanlara ýetirilmeginde hezreti Aýşe enemiziň (r.a) orny örän uludyr.

Hezreti Aýşe (r.a) Resulallanyň (s.a.w) iň ýakyn dosty hezreti Ebu Bekiriň (r.a) gyzydyr. Allanyň resuly (s.a.w) hezreti Ebu Bekir (r.a) hakynda şeýle diýýär: «Maňa hem sözi bilen, hem maly-mülki bilen iň köp kömek eden Ebu Bekirdir. Eger men Rabbymdan başgasyny dost tutunmak islesedim, hiç sübhesiz Ebu Bekiri dost edinerdim. Onsuzam ikimiz yslamyýetde biri-birimize dogandyrys».[1]

Hezreti Ebu Bekir (r.a) hezreti Pygamberimize (s.a.w) ýakyn adamlaryň arasynda ilkinji musulman bolan kişidi. «Sabikun» diýlip atlandyrylýan ilkinji sahabalaryň arasynda onuň sarpasy belentdi. Hezreti Ebu Bekir (r.a) hemişe maly-mülki, jany-teni bilen Resulalla (s.a.w) ýardam edipdi. Iň agyr günlerde-de hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyndan aýrylmandy. Wepadar Pygamberimiz (s.a.w) hem hezreti Ebu Bekiriň (r.a) pidakärligini, kyn pursatlarda eden kömeklerini unutmaýardy. Hatda wagtal-wagtal sahabalaryň arasynda Ebu Bekiriň (r.a) artykmaçlygyny taryp edip, onuň mertebesiniň beýikligine üns çekýärdi.

Hezreti Ebud-Derda (r.a) gürrüň berýär: «Men Resulallanyň (s.a.w) ýanynda otyrdym. Şonda ýanymyza Ebu Bekir geldi. Onuň üst-başy bulam-bujardy, lybasy dyzlaryna çenli açylypdy. Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Bekiri synlap durşuna: «Dostuňyz kimdir biri bilen dawalaşan bolara çemeli» diýdi. Ebu Bekir salam berdi, yzyndanam: «Eý, Allanyň resuly! Ibnul-Hattab bilen aramyzda bir düşünişmezlik boldy. Soňundan puşman bolup, ondan ötünç soradym welin, sözümi diňlemedi. Şonuň üçinem siziň ýanyňyza geldim» diýdi. Resulalla (s.a.w) oňa: «Eý, Ebu Bekir! Alla seniň günäňi bagyşlasyn!» diýdi hem-de bu sözüni üç gezek gaýtalady.

Omar bin Hattab hem eden hereketine ökünýärdi. Ol dessine Ebu Bekiriň öýüne barypdyr. Ony öýünden tapmansoň, ol hem Resulallanyň ýanyna geldi, bize salam berdi. Bu bolan işe gahary gelen Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýüzünden gar ýagýardy. Ebu Bekir Onuň gazaply keşbini görüp gorkdy, dessine dyzyna çöküp: «Eý, Allanyň resuly! Bu meselede men hata goýberdim, meniň ýazygymy ötüň!» diýip ýalbardy. Şonda Resulalla (s.a.w) biziň hemmämize ýüzlenip: «Alla meni size pygamber edip iberdi. Haçanda men adamlary dine çagyran wagtym, hemmäňiz maňa «ýalançy» diýdiňiz. Ebu Bekir bolsa maňa ynandy, «sözüň hakdyr» diýdi, meni jany bilen, mal-mülki bilen goldady. Siz meniň dostumy öz gününe goýmaly dälmi eýsem?!» diýdi. Bu sözlerini yzly-yzyna iküç ýola gaýtalady. Şondan soň hiç kim Ebu Bekiri ynjytmady».[2]

Hezreti Aýşe (r.a) kureýşiň temimogullary tiresindendi. Temimogullary batyr, gaýduwsyz, amanata hyýanat etmeýän, maslahatlarda parasatly pikirleri öňe sürýän, merhemetli, maşgalasyna oňat göz-gulak bolýan kişiler hökmünde tanalýardy. Ine, hezreti Ebu Bekir (r.a) bu tiräniň sözi diňlenýän, sarpa goýulýan ýolbaşçysydy. Şol bir wagtyň özünde ol (r.a) kureýşiň hem iň paýhasly, dana kethudalarynyň biridi. Hezreti Ebu Bekir (r.a) dogruçyllygy, öňdengörüjiligi, ugurtapyjylygy bilen tanalýardy. Mekgeliler birentek meselelerinde onuň berýän maslahatyna eýerýärdiler.

Hezreti Ebu Bekir (r.a) täjirdi, söwda-satyk bilen meşgullanýardy. Ol Resuly-Ekrem (s.a.w) pygamberligini yglan eden wagty Oňa (s.a.w) ilkinji bolup iman getiren iň bagtyýar ynsanlaryň biridi. Belent adamkärçiligi, yslam dininiň ýaýylmagynda görkezen yhlasy, Allatagala, Pygamberimize (s.a.w) bolan söýgüsi ony (r.a) elýetmez mertebä çykarypdy. Mekgäniň atly-abraýly kişileriniň hatarynda tanalýan sahabalaryň ençemesiniň yslama girmegine-de hezreti Ebu Bekir (r.a) sebäp bolupdy.

Hezreti Ebu Bekir (r.a) Pygamberimiziň (s.a.w) iň ýakyn dostudy, Ony (s.a.w) örän oňat tanaýardy. Şonuň üçin ol Resulallanyň (s.a.w) pygamberligini ykrar etmekde sähelçe-de ikirjiňlenmändi. Resulalla-da (s.a.w): «Adamlary yslam dinine çagyran wagtym, hemmeler birbada ýaýdandy, emma Ebu Bekir hiç hili ýaýdanmady» diýip, onuň sadyklygyny taryp edipdi.[3]

Hezreti Osman bin Affan (r.a), hezreti Zübeýr bin Awwam (r.a), hezreti Abdurrahman bin Awf (r.a), hezreti Sad bin Ebi Wakkas (r.a), hezreti Talha bin Ubeýdulla (r.a) ýaly entek dirikäler jennetidikleri buşlanan beýik sahabalar hem hezreti Ebu Bekiriň (r.a) sebäp bolmagy bilen musulmanlygy kabul edipdiler.

Hezreti Aýşäniň (r.a) kakasy, ine, şeýle ynsandy. Onuň (r.a) ejesi hezreti Ümmi Ruman (r.a) hem abraýly, mertebeli, asylzada zenandy. Ol (r.a) kureýşiň kinane tiresindendir. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ady belli zenan sahabalaryň biri bolan hezreti Ümmi Ruman (r.a) hakynda aýdan «Kim jennetiň hüýrlerinden birini görmek isleýän bolsa, Ümmi Rumana bakaýsyn!» diýen sözleri onuň derejesiniň nähili belentdigini görkezýär. Gör, nähili bagtyýar maşgala! Hezreti Aýşe jenneti, kakasy entek dirikä jennet bilen buşlanan, ejesi-de jenneti! Allatagala bizi-de ahyretde olar bilen goňşy eýlesin! Ämin!


[1] Buhary, «Fezailul-Ashab» 3, «Menakybul-Ensar» 45, «Mesajid» 80; Müslim, «Fezailus-Sahabe» 2.

[2] Buhary, «Fezailul-Ashab» 5, «Tefsir», Araf 3.

[3] Buhary, «Fezailul-Ashab» 5, «Tefsir», Araf 3.

Bereketli maşgala ojagynyň düýbi tutulýar!

Bilşimiz ýaly, hezreti Sewde (r.a) enemiz bilen hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) goş birikdirmegi hezreti Hawle binti Hakimiň (r.a) tagallasy bilen amala aşypdy. Bu gezek hem şeýle boldy. Hijretden iki ýa-da üç ýyl öňdi. Wepadar ýanýoldaşy hezreti Hatyjanyň (r.a) ölüminden soňra Resulalla (s.a.w) kyn günleri başdan geçirýärdi. Sahabalar bir alajyny tapyp, Onuň derdini ýeňletmek isleýärdiler. Şol günlerinde birinde hezreti Hawle binti Hakim (r.a) Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna gelip, Oňa hezreti Ebu Bekiriň (r.a) gyzy hezreti Aýşe bilen goş birikdirmegi teklip etdi. Resulalla (s.a.w) onuň bilen bu mesele barada esli wagtlap maslahat edenden soň bu teklibe razy boldy. Onuň (s.a.w) razylygyny alan Hawle binti Hakim (r.a) dessine hezreti Ebu Bekiriň (r.a) öýüne gitdi.

Wakanyň dowamyny onuň öz dilinden diňläliň: «Ebu Bekiriň öýüne baranymda, ol bir ýere çykan eken. Onsoň aýaly Ümmi Rumana habarymy berdim. «Eý, Ümmi Ruman! Allatagalanyň size nähili haýyr-bereket inderendigini bir bilsediňiz!» diýdim. Ol: «Allajanlarym! Nämäkä ol?!» diýdi. Menem: «Allanyň resuly (s.a.w) meni Aýşe üçin size gudaçylyga iberdi» diýdim. Ümmi Ruman muňa şeýle bir begenmek begendi: «Beýle bagta arzuw edeniňde ýetip bolýamy näme?! Sen biraz otur, Ebu Bekir hem gelsin. Ol näme diýýär, göreli» diýdi. Tiz wagtdan Ebu Bekirem geldi. Men oňa-da: «Eý, Ebu Bekir! Beýik Biribaryň size nähili haýyr-bereket inderendigini bir bilsediňiz! Allanyň resuly (s.a.w) meni Aýşe üçin gudaçylyga iberdi». diýdidim. Garaşylmadyk teklibe Ebu Bekirem begendi. Soňra biraz böwrüni diňläp durdy-da «Resulalla ikimiz biri-birimize şeýle ýakyn. Men özümi Onuň hakyky dogany ýaly hasap edýärin. Şonuň üçin Aýşäniň Resuly-Ekreme (s.a.w) durmuşa çykmagy nähili bolar?! Şu ýagdaý meni alada goýýar» diýdi. Men dessine yzyma gaýdyp, onuň sözlerini Resulalla (s.a.w) ýetirdim. Ol (s.a.w) hem özüniň Ebu Bekir bilen musulman dogandygyny, munuň gyz alyp-berişmäge hiç hili päsgel bermeýändigini aýtdy. Şondan soň men täzeden Ebu Bekiriň ýanyna baryp, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) diýen sözlerini bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdim. Ol meni diňländen soňra, «Sen biraz garaş, men häzir gelýärin» diýip çykyp gitdi».

Hezreti Ebu Bekir (r.a) nähili ýagdaý bolanda-da eden ähtinden dänmeýän dogruçyl adamdy. Şonuň üçin oňa «Syddyk» diýilýärdi. Şondan sähel öňräk kureýşiň kethudalarynyň biri Mutim ibn Adiý hezreti Aýşäni ogluna bererlermikä diýip Ebu Bekire (r.a) habar gatyp görüpdi. Hezreti Ebu Bekir (r.a) şonda sesini çykarmandy. Elbetde Mutimiň muny razylyk hökmünde kabul edendigini Ebu Bekir bilip durdy. Şonuň üçin hem ol bu meseläni çöp döwen ýaly etmek üçin Mutimiň ýanyna bardy.

Hezreti Ebu Bekir (r.a) Mutim ibn Adiýiň öýüne girende, Mutimiň aýaly hem onuň ýanynda otyrdy. Olar üşerilişip, hezreti Ebu Bekire (r.a) bakdylar. Mutim hem, onuň aýaly hem müşrikdi. Müşrikler «Bizem musulman edäýmesinler» diýip musulmanlardan hemişe ätiýaç edýärdiler. Şonuň üçin Mutimiň aýaly hem gürrüňi uzaldyp oturmak hem islemän, hezreti Ebu Bekire (r.a) azmly ýüzlendi: «Eý, Ebu Kuhafäniň ogly! Eger biz gyzyňy oglumyza alyp bersek, oglumyzam seniň diniňe girmelimi?! Şeýlemi?!» Hezreti Ebu Bekir (r.a) onuň içi güjükli sowalyna jogap hem bermek islemän, Mutime ýüzlendi: «Bu näme diýmek isleýär?!» Mutim hem oňa «Näme diýjek bolýanyny iki gulagyň bilen eşitdiň» diýip, aýaly bilen pikirdeşdigini aýtdy.

Hezreti Ebu Bekir (r.a) hem olardan tüýs şu jogaby eşitmek isleýärdi. Şeýlelik bilen, olaryň arasynda entek belli-küli bişirilmedik mesele-de çözüldi. Hezreti Ebu Bekiriň (r.a) egninden ýük aýrylan ýaly bolupdy. Sebäbi ol özüne «Ilki birine söz berip, soňam sözünden dändi» diýdireninden ölenini ýeg görýän ynsandy. Ol bu müşgiliniň aňsatlyk bilen bitenine begenip, öýüne nädip ýetenini hem bilmedi. Hezreti Ebu Bekir (r.a) bolan wakany hezreti Hawlä (r.a) gürrüň berenden soňra, toý çakylygyny aýtmak üçin ony Resulallanyň (s.a.w) ýanyna iberdi.

Haýyrly işe sebäp bolanyna begenip, iki bolup bilmeýän hezreti Hawle (r.a) dessine Resuly-Ekremiň (s.a.w) huzuryna gelip, buşluk habaryny berdi. «Haýyr işi jäht tut» diýlişi ýaly, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) wagt ýitirmän, hezreti Ebu Bekiriň (r.a) öýüne geldi. Şol ýerde-de nika gyýyldy. Resulalla (s.a.w) hezreti Aýşä (r.a) bäş ýüz dirhem galyň geçirdi.

Aslynda bu nika ylahy ýazgytda bireýýäm gyýlypdy. Çünki Resulalla (s.a.w) düýşünde hezreti Aýşe (r.a) bilen nikasynyň gyýlandygyny görüpdi. Eýsem-de, Onuň (s.a.w) görýän düýşleri gündiziň günortany deýin oraşan gelmeýärmidi näme?! Hezreti Pygamberimiz (s.a.w), belki-de bir gün wagty-sagady geler diýip, bu meseläni hiç kime aýtmadyk borly. Hezreti Aýşe (r.a) bu hakynda şeýle gürrüň berýär: «Resulalla (s.a.w) maňa şeýle diýdi: «Sen maňa düýşümde üç gije görkezildiň. Perişde seni getirende, sen ýüpege çolanandyň, ýüzüňem örtülgidi. Perişde maňa «Bu seniň ýanýoldaşyň, onuň ýüzüni aç!» diýdi. Menem nikabyňy açdym. Görsem, sen. Onsoň: «Eger bu düýş Alla tarapyn bolsa, bir gün amala aşar» diýdim».[1] 


[1] Buhary, «Nikah» 9, 35; «Tabir» 20, 21; Müslim, «Fezailus-Sahabe», 79.

Hezreti Aýşe (r.a) enemiz näçe ýaşynda durmuşa çykdy?

Hezreti Aýşäniň (r.a) entek ýaňy göze görnüp başlandan hezreti Pygamberimize (s.a.w) durmuşa çykarylmagy birentek Gündogary öwrenijileriň peltesine ot bolup degýär. Olar ýalan-ýaşryk toslama maglumatlara esaslanmak bilen bu meseläni hasam mojukdan-mojuk edip düşündirýärler. Aslynda bu olaryň Yslama gara sürtmek üçin oýlap tapýan pyrryldaklaryndan başga zat däldir. Geliň, bu meselä has-da aýdyň düşündiriş bermäge çalşalyň:

Durmuş gurýan çatynjalaryň arasynda ýaş tapawudynyň bolup-bolmazlygy şol ýeriň medeniýeti, däp-dessury bilen berk baglanyşyklydyr. Eger taryhda bolup geçen wakalara häzirki döwrümiziň gözi bilen garasak, köp zatlara ýa ýalňyş düşüneris, ýa-da düýbünden düşünmeris. Çünki heňňamyň aýlanmagy bilen medeniýetler hem özgerýär, däp-dessurlar, adatlar hem düýpli üýtgeşmelere sezewar bolýarlar. Kähalatlarda geçmişde adaty hasap edilýän haýsydyr bir däp-dessur wagtyň geçmegi bilen ulanyşdan galyp, ýitmek bilen bolýar, soňabaka oňa düýbünden bolmajak zat hökmünde garalýar. Şonuň üçin çatynjalaryň ýaş tapawudy meselesine-de bu adatyň ýörgünli bolan döwrüň nukdaýnazaryndan garamak gerek.

Müşrikler şonsuzam sähel bir maý tapsalar Pygamberimizi (s.a.w) halkyň gözünde biabraý etjek bolup ýören adamlar. Onsoň uly ýaşly adamyň ýaşajyk gyza öýlenmegi ýa-da ýaş ýigidiň özünden has uly zenan bilen durmuş gurmagy şol döwrüň araplarynyň däbine sygyşmaýan zat bolanda, müşrikler hezreti Pygamberimize (s.a.w) gara sürtme kemini goýmazdylar. Diýmek, şol wagtlar beýle däp bar eken, şonuň üçin müşrikler seslerini çykaryp bilmändirler. Arap ýarymadasynyň hemme ýerinde şeýle toýlar tutulýardy. Resulallanyň (s.a.w) hezreti Aýşä (r.a) öýlenmegi-de hiç hili geň görüljek waka däldi. Galyberse-de, häzirki günlerde-de şol sebitlerde, Müsürde we beýleki ýurtlarda ýigimi bäş, hatda otuz ýaş tapawudy bolan çatynjalaryň biri-biri bilen nikalaşýandyklaryny görmek bolýar.

Ýokarda-da bellenilip geçilişi ýaly, şol wagt hezreti Aýşe (r.a) enemiz doly kämillik ýaşyna ýeten maşgalady. Çünki kakasy hezreti Ebu Bekir (r.a) ony ilki Jübeýr bin Mutimiň ogluna berjek bolupdy. Eger hezreti Aýşe (r.a) kämillik ýaşyna ýetmedik bolsady, gudaçylyk hakynda kelam agyz hem gürrüň edilmezdi. Bu hem hezreti Aýşe (r.a) enemiziň durmuşa çykmaga ýaşynyň ýetýändigini doly subut edýär.

Muňa ýene-de bir mysal. Bir gün hezreti Omar (r.a) gyzy hezreti Hafsany (r.a) ilki hezreti Ebu Bekire (r.a) durmuşa çykarmak isläpdi. Emma hezreti Ebu Bekir (r.a) dostunyň bu teklibini kabul etmändi. Ýogsam, hezreti Ebu Bekir (r.a) bilen hezreti Hafsanyň (r.a) ýaş tapawudy hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen hezreti Aýşäniň (r.a) ýaş tapawudyndan uludy. Şol döwürler muňa adaty zat hökmünde garapdyrlar. Onsoňam, Arabystan ýaly yssy klimatly sebitlerde dokuz ýaşan gyz çaganyň beden taýdan kämillik çagyna ýetmegidir. Mälim bolşy ýaly, sowuk hem-de mylaýym yklymlarda çagalar giç ýetişýärler, emma gyzgyn howaly sebitlerde çagalar ir ýetişýärler, irki ýaşlarda beden taýdan taplanyp, kämillik çagyna gadam basýarlar. Muny hem göz öňüne tutanymyzda, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) dokuz ýaşap geçen hezreti Aýşe (r.a) bilen durmuş gurmagynyň hiç hili geň görüljek tarapy ýokdur.

Käbir alymlar hezreti Aýşäniň (r.a) Resuly-Ekreme (s.a.w) durmuşa çykan wagty dokuz ýaşyndadygyny kabul etmeýärler. Olaryň esaslanýan maglumatlaryna görä, hezreti Aýşe (r.a) on sekiz ýaşynda Resulalla (s.a.w) bilen goş birikdiripdir. Resuly-Ekrem (s.a.w) bakyýete göçen wagty bolsa, ol ýigrimi ýedi ýaşynda eken.[1] «Hezreti Aýşe enemiz näçe ýaşynda durmuşa çykdy?» atly makalada bu mesele babatynda giňişleýin beýan edilýär.[2]


[1] Bu mesele bilen baglanyşykly giňişleýin maglumat edinmek üçin ser.Şibli, «Asry-Saadet», 2/147-151.

[2] Dok. Reşit Haýlamaz, «Ýeni Ümit» žurnaly, № 79, «Hezreti Aýşe enemiz näçe ýaşynda durmuşa çykdy?»

Hijret

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Aýşe (r.a) bilen nikasyny gyýdyrsa-da, goş birikdirmäge howlukmady. Ýöne Ol (s.a.w) iň ýakyn, iň wepaly dosty, şol bir wagtyň özünde gaýynatasy bolan hezreti Ebu Bekiriň (r.a) öýüne ýygy-ýygydan gelýärdi. Geljekki ýanýoldaşy hezreti Aýşäni (r.a) görende, gaýgy-aladalaryny az wagtlygam bolsa unudýardy, onuň bilen derdinişýärdi. Resulallany (s.a.w) görende, hezreti Aýşäniň (r.a) hem begenjiniň çägi bolmaýardy. Ol (r.a) hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanynda oturyp, söhbet edýärdi, nesihatlaryny diňleýärdi. Gelejekde Muhammet ymmatyna mugallymlyk etmek wezipesine şol günlerden taýynlyk görýärdi.

Mekgede musulmanlaryň ýagdaýy barha kynlaşýardy. Hezreti Pygamberimize (s.a.w) ynanýanlaryň sanynyň gün-günden artmagy zalym müşrikleri has-da öjükdirýärdi. Olar munuň öňüni aljak bolup, musulmanlara, ylaýta-da garyp, hossarsyz ejizlere akylyňa-hyýalyňa gelmejek jebir-sütemleri edýärdiler. Olary her dürli ýollar bilen gynaýardylar. Ahyrynda musulmanlar ýuwaş-ýuwaşdan Medineýi-Münewwerä hijret etmäge başladylar. Hezreti Ebu Bekir (r.a) hem hijret etmek iseýärdi. Ol munuň üçin kän gezekler Resulalladan (s.a.w) rugsat sorapdy, emma her gezeginde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) oňa heniz wagty däldigini aýdýardy. Bu barada hezreti Aýşe (r.a) şeýle gürrüň berýär: «Resulalla (s.a.w) hemişe bize ýa säher bilen ýa-da gijara gelerdi. Allatagala Oňa (s.a.w) hijret etmäge rugsat beren güni bolsa öýle wagty geldi. Resulalla (s.a.w) mundan öň gündizlerine gelmändi. Kakam Ony (s.a.w) görenden «Allanyň resuly mundan öň bu wagtda gelmezdi. Munuň möhüm sebäbi bolmaly» diýdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) içeri girende, kakam ýerinden turup, Oňa ornuny berdi. Uýam Esma ikimiz hem öýdedik. Resulalla (s.a.w) kakama «Bular az wagtlyk daşary çyksyn» diýdi. Kakam «Eý, Resulalla! Bular meniň gyzlarym! Enem-atam saňa gurban bolsun, arkaýyn aýdyň, möhüm bir habar barmy?!» diýip sorady. Resulalla (s.a.w) «Allatagala maňa Mekgeden çykmaga, hijret etmäge rugsat berdi» diýdi. Kakam «Eý, Allanyň resuly! Menem seniň bilen gitjek, saňa ýoldaş bolaýyn» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) oňa «Menem seni ýanym bilen alyp gitmek üçin geldim» diýdi. Şonda kakamyň begenişini bir görsediňiz. Begenjinden ýaňa ses edip aglady. Men şol wagta deňiç hiç kimiň begenjinden aglaýşyny görmändim. Kakam özüni dürsänden soňra Pygamberimize (s.a.w) ýüzlenip, «Eý, Allanyň resuly! Şu iki düýäni hijret üçin ýörite taýynladym» diýdi. Soňra olar gidip, Abdulla bin Ureýkidi ýolbeletlik etmegi üçin hakyna tutdular. Ol Medinäniň ýoluny bäş barmagy ýaly bilýärdi. Onuň ejesi beni sehm bin amr tiresindendi. Abdulla şol wagtlar müşrikdi. Kakam dagy hijrete ugraljak wagta çenli göz-gulak bolmagy üçin düýelerini oňa tabşyrdylar».

Geliň, bu wakany hezreti Aýşäniň (r.a) uýasy hezreti Esmanyň (r.a) dilinden diňläliň: «Resuly-Ekrem (s.a.w) bize her gün irden hem-de agşam iki gezek dagy gelýärdi. Emma hijrete gidiljek güni, öýle wagty, duýdansyz geldi. Men Ony (s.a.w) görenden «Kaka, seret! Pygamberimiz gelýär!» diýdim. Kakam «Enem-atam Allanyň resulyna gurban bolsun! Onuň bu wagt gelmeginiň möhüm bir sebäbi bolmaly, eýgilikdir hernä!» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) gelip, biz bilen görşenden soňra kakama «Saňa aýdaýyn diýip geldim, Allatagala maňa Mekgeden çykmaga rugsat berdi» diýdi. Kakam «Eý, Allanyň resuly! Menem size ýoldaş bolup bilerinmi?!» diýip sorady. Resulalla «Hawa, bile gidýäris» diýdi. Kakam tolgunyp, «Meniň iki sany düýäm bar. Olary esli wagt bäri hut şu gün üçin ýörite bakyp ýördüm. Onuň birini alyň» diýdi. Resulalla (s.a.w) «Bahasy bilen berseň, alaýyn» diýdi. Kakam «Enem-atam saňa gurban bolsun, isleseň satyn al» diýdi. Biz wagt ýitirmän, olaryň ýol azygyny taýynlamak bilen bolduk. Men içi azykly torbany düýäniň howudyna berkitmek üçin ýüp almagy unudypdym. Ilki näme etjegimi bilmän durdum. Birdenkä bilimdäki guşagym ýadyma düşüp, ony çözdüm-de, ikä böldüm. Biri-birine sepläp uzadan guşagym bilen torbany bogup, howutdan asdym.

Kakam dagy şäherden ugradylar. Olar yzlaryndan geljek kowgudan howatyr edip, Sewr dagyndaky gowakda gizlenipdirler. Kakam Allanyň resulyna (s.a.w) zyýan ýetirip biljek zäherli mör-möjek bar bolaýmasyn diýip, gowagyň diwaryndaky hinleri birin-birin barlap çykypdyr. Kureýş müşrikleri hem Resuly-Ekrem (s.a.w) bilen kakamy öýlerinde tapmansoňlar, olaryň gözlegine çykdylar. Tutup getirene-de ýüz düýe baýrak goýdular. Pygamberimiz (s.a.w) bilen kakamyň yzlaryny çalyp giden kowguçylar olaryň gizlenen gowagyna barypdyrlar. Kakam gowagyň agzyna çenli gelen bir müşrigi görkezip: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Bu kişi göni bize seredip dur!» diýende, Pygamberimiz (s.a.w) ony köşeşdiripdir, «Ol bizi görüp bilmez. Perişdeler bizi ganatlary bilen penalap dur» diýipdir.

Olar üç günläp şol gowakda bolupdyrlar. Amir bin Füheýre biziň goýun sürümizi gowagyň töweregine sürüp alyp gidýärdi, şol taýda bakýardy. Ol agşamlaryna kakam dagynyň ýanynda bolýardy. Daň atyp-atmanka-da beýleki çopanlaryň ýanyna gaýdyp gelýärdi. Gün batýança çopanlaryň ýanynda bolup, ýene-de sürini ýuwaş-ýuwaşdan gowagyň töweregine sürýärdi. Şeýlelikde, çopanlar hem hiç zat aňşyryp bilmediler. Doganym Abdulla gündizlerine Mekgede bolup, görüp eşiden wakalaryny gijesine gizlinlikde gowaga gelip, Resulalla (s.a.w) bilen kakama gürrüň berýärdi. Daň atmanka-da Mekgä dolanyp gelýärdi».[1]

Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) we hezreti Ebu Bekiriň (r.a) maşgalasynyň hijret etmegi

Älemleriň Serweri (s.a.w) Mekgeden Medinä hijret edende, maşgalasyny ýany bilen alyp gitmäge mümkinçiligi bolmandy. Onuň (s.a.w) bilen bile hijret eden hezreti Ebu Bekiriň (r.a) hem maşgalasy Mekgede galypdy. Hezreti Aýşe (r.a) enemiz bu hakynda şeýle gürrüň berýär: «Allanyň resuly (s.a.w) Medinä barandan soňra maşgalasyny göçürip alyp gaýtmak üçin Zeýd bin Harise bilen Ebu Rafini Mekgä iberdi. Olara iki düýe bilen gerek-ýaraklaryny alar ýaly bäş ýüz dirhem berdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) bu puly kakamdan karz alypdy. Kakam hem Abdulla bin Ureýkide üç sany düýe berip, olaryň ýanyna goşdy. Kakam doganym Abdulla hat ýazypdyr. Hatynda meni, ejem Ümmi Rumany hem-de Zübeýriň gelni uýam Esmany Medinä ibermegi sargapdyr. Olar Medine bilen Mekgäniň aralygyndaky Kudeýd diýen ýere gelenlerinde, Zeýd bin Harise ýanyndaky bäş ýüz dirheme üç sany düýe satyn alypdyr. Soňra olar bilelikde Mekgä gelipdirler. Şonda olar Medinä hijret edip barýan Talha bin Ubeýdulla bilen gabatlaşypdyrlar.

Mekgeden hemmämiz birlikde çykdyk. Zeýd bilen Ebu Rafi Fatymany, Ümmi Gülsümi hem-de Sewde binti Zemany alyp barýardy. Olardan başga-da Zeýdiň ýanynda Ümmi Eýmen bilen Usame hem bardy. Şeýdip, uç-gyraksyz sährada ýola rowana bolduk. Ýolda gelýärkäk, birdenkä ejem ikimiziň münüp gelýän düýämiz burnuna ýel düşüp, ümdüzine tutduryberdi.  Ejem «Waý, gyzym! Düýeden özümizi oklaýmasak, bu bizi ummadan çykarjak» diýip, dady-perýat edýärdi. Haçanda düýämiz Herşa diýen ýere gelende köşeşdi. Şeýdip, Allatagala bizi betbagtçylykdan halas etdi. Ahyrynda Medinä geldik. Biz kakamyň bolýan öýünde ýerleşdik. Allanyň resulynyň (s.a.w) maşgalasy-da özleri üçin taýynlanan öýe bardylar. Şol wagt Mesjidi-Nebewiniň gurluşygy gidýärdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) metjidiň diwarlaryna ýanap, maşgalasy üçin otaglar saldyrýardy. Otaglaryň ilkinjileri taýyn bolandan Resuly-Ekrem (s.a.w) maşgalasyny şol ýere göçürdi. Biz hem beýleki otaglar taýyn bolýança garaşdyk».[2]

Hatyja enemiz (r.a) dünýeden gaýdandan soňra hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen goş birikdiren hezreti Sewde enemiz (r.a) Mesjidi-Nebewä ýanaşyk gurlan bu otaglaryň birine göçüpdi. Pygamberimiziň (s.a.w) ojagyna yhlas bilen ýapyşan mübärek enemiz bu öýüň ody bilen girip, küli bilen çykýardy. Ol Allanyň resulynyň (s.a.w) gyzlarynyň üstünde kökenek bolup, olary enelik mähri bilen çoýýardy.

 Mesjidi-Nebewiniň gurluşygy tamamlanypdy. Muhajirler hem kem-kemden Medinede ornaşmaga başladylar. Olar rahatlygyň, asuda ýaşamagyň, arkaýyn ybadat etmegiň nämedigine bu ýerde göz ýetirdiler. Medineli ensarlar öýüni-ilini, malyny-mülküni terk edip gelen muhajir doganlaryny gujak açyp garşyladylar. Olary öz süýtdeş doganlary kimin kabul etdiler. Ähli mal-mülklerini muhajirler bilen jomartlarça paýlaşdylar. Allatagala olaryň hiç haçan unudylmajak bu pidakärliklerini Kurany-Kerimde wasp edip, ebedileşdiripdi.

Medine şäheri indi musulmanlaryň şatlyk-şowhuny bilen gaýnap-joşýardy. Allanyň resuly (s.a.w) bu ýere gelenden soňra yslamyň birligi, musulmanlaryň agzybirligi üçin ilkinji ädimler ädildi. Olaryň iň möhümleriniň biri-de ensarlar bilen muhajirleriň arasynda yglan edilen dogan okuşmaklykdy. Çünki muhajirleriň meňki bolsun diýer ýaly zady ýokdy. Müşrikler olaryň yzlarynda galan ähli hany-manylaryny talap, geçen ýerine satypdylar. Ensarlar bilen muhajirleriň bu doganlygy şol wagta çenli taryhda görlüp-eşidilmedik, gaýtalanmagy mümkin hem bolmajak hadysady. Bu doganlygyň derejesi ganybir doganlykdan hem ýokardady. Ensarlar hany-manlaryny muhajir doganlary bilen begene-begene paýlaşýardylar. Olaryň bu ýagdaýy Kurany-Kerimde şeýle beýan edilýär: «Olardan (hijret edenlerden) öň ol ýurtda (Medinede) ýerleşenler (ensarlar) we (ýürekden) iman getirenler (öz diýarlaryna) hijret (göç) edenleri söýerler we olara berlen (oljalar) sebäpli ýüreklerinde isleg (biynjalyk) duýmazlar (bahyllyk etmezler). Hatda özleri mätäç bolsalar hem, (olary) öňe sürdüler (olara maddy kömegiň edilmegini teklip etdiler). Kim nebsiniň gysgançlygyndan özüni gorasa, halas boluşa (hem-de üstünlige) ýetenler hem hut şolardyr!»[3]

Musulmanlar Medinede rahat, arkaýyn durmuşyň hözirini görüp ýaşaýardylar. Göçüp gelenlerinden birküç aý geçenden soňra hezreti Ebu Bekir (r.a) Resuly-Ekremiň ýanyna gelip, iki-üç ýyl mundan öň nikasy gyýlan gyzy hezreti Aýşe (r.a) bilen toýunyň tutulmagyny teklip etdi. Allanyň resuly (s.a.w) hem wagt ýitirmän, zenan hem-de erkek sahabalaryň birnäçesini ýanyna alyp, gaýynatasy hezreti Ebu Bekiriň (r.a) öýüne bardy. Hezreti Aýşe enemiz (r.a) ýatdan çykmajak şol bagtly gün hakynda şeýle gürrüň berýär: «Şol gün Allanyň resuly (s.a.w) öýümize geldi. Sahabalardan hem aýal-erkek köp kişi biziň myhmanymyzdy. Olar gelenlerinde men hurma agajyndan ýasalan hiňňildikde uçup otyrdym. Şonda ejem meni ýanyna çagyrdy. El-ýüzümi ýuwduryp, saçymy birenaýy edip ördi. Soňra elimden tutup, meni myhmanlaryň ýanyna alyp gitdi. Otagyň gapysyna baranymyzda, meni azajyk saklady. Tolgunmakdan ýaňa ýüregim agzymdan çykaýjak bolýardy. Biraz wagtdan soň ejem meni içerik saldy. Resulalla (s.a.w) körpeçäniň üstünde otyrdy. Ejem Oňa (s.a.w) ýüzlenip: «Bu seniň ýanýoldaşyňdyr. Allatagala ony seniň üçin, seni hem onuň üçin haýyrly eýlesin!» diýdi».[4]

Şondan soňra hezreti Aýşe (r.a) Resuly-Ekremiň (s.a.w) metjide ýanap saldyran öýüne gitdi. Ol (r.a) bu ýerde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen ömrüniň iň bagtly ýyllaryny ýaşady. Bu öý biziň häzirki günlerdäki görýän tutumly, içi daşy bezelen, her hili mebeller bilen doldurylan öýlerimiz ýaly däldi. Gaýtam, bu otag häzirki döwrüň iň garybynyň öýündenem sadady. Diwarlary çig kerpiçden salnyp, üçegi-de hurma agajynyň şahalary bilen basyrylandy. Muňa garamazdan, bu öýüň ýaşaýjylary dünýäniň iň bagtly, iň ajaýyp adamlarydy. Bu ýerde höküm sürýän sagadat, bagt öz gözbaşyny gymmat bahaly öý goşlaryndan, baýlykdan almaýardy. Eger şeýle bolsady, häzirki döwrümizde giň, ýagty, ähli durmuş şertleri bilen birkemsiz üpjün edilen öýlerde ömür sürýän adamlaryň ýaşaýşy bagtsyz bolmazdy, ýaňy durmuş guran ýaş çatynjalar gysga wagtyň içinde aýrylyşmazdy, kazyýetler aýrylyşmak hakyndaky arzalar bilen dolup-daşmazdy. Bagt bolsa kanagatdady, geldi-geçer dünýe malyna ýüregiňi bermezlikdi, ebedilik ýurdy bolan ahyretde-de bile ýaşaljakdygyna ynanmakdady. Käwagt sene-mene ediläýende-de «Bu-da meniň ýaly çig süýt emen adam. Ýalňyşmaýan ynsan barmy?! Bu günlerem geçer-dä» diýip, biri-biriň aýbyna göz ýummakdady. Ine, hezreti Aýşe (r.a) enemiziň öýi şunuň ýaly bagtly, berekete ýugrulan sadaja öýdi.

Hezreti Aýşe (r.a) enemiz täze öýüň, täze durmuşyň bosagasyndan ätläpdi. Munuň bilen birlikde onuň egnine örän jogapkärli wezipe-de ýüklenipdi. Hezreti Aýşe (r.a) enemize ynanylan bu wezipe Allanyň resunynyň (s.a.w) ylym mirasyny, aýratyn hem dinimiziň zenanlar bilen baglanyşykly hökümlerini halka ýetirmekden ybaratdy. Çagalykdan ýaňy saýlanan mübärek enemiz (r.a) ýaşlygyndan hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) talyby bolup, Onuň (s.a.w) ders halkasynda mynasyp ornuny alypdy. Ol (r.a) yslam dini bilen baglanyşykly ähli zady külli adamzadyň Mugallymyndan (s.a.w) öwrenýärdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ümmidi, okap-ýazyp bilmeýärdi. Ol (s.a.w) ähli zady diňe Älemleriň Rabbyndan öwrenmelidi. Bu şeýle-de boldy. Megerem, Allatagala Özünden gaýry hiç biriniň ylmynyň garyşmazlygy üçin Ony (s.a.w) ümmi kylypdy. Aslynda hezreti Aýşe (r.a) enemiziň ýagdaýy-da hezreti Pygamberimiziňkiden (s.a.w) tapawutly däldi. Çünki ol gelejekde Resuly-Ekreme (s.a.w) iň ýakyn adam hökmünde Onuň (s.a.w) durmuşy, ömür beýany hakdaky maglumatlary adamzada ýetirmelidi. Onuň (s.a.w) sünnetini, hal-hereketini, kämil ahlagyny görkezmelidi. Bu bolsa ähli zady sözüň doly manysynda diňe hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) özünden görüp, diňläp öwrenmegine baglydy. Şeýle hem bolupdy. Aýşe enemiz (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) hem ýanýoldaşydy, hem talybydy. Ol Älemleriň Serweriniň (s.a.w) gözüniň öňünde ulalypdy, Onuň (s.a.w) terbiýesi bilen terbiýelenip, kämil şahsyýet bolup ýetişipdi. Hatda käwagtlar hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bileje oýnasynlar diýip, Aýşe enemiziň (r.a) ýanyna boýdaşlaryny getirýärdi. Oňa öz arkasynda durup, hebeşileriň gylyç-galkan oýunlaryna tomaşa etmäge rugsat berýärdi. Käwagt bolsa onuň bilen ylgamakda ýaryşýardy.


[1] Bu maglumatlary Ibni Hişam başga çeşmelerden alypdyr.

[2] Ibn Hajer, «El-Isabe», 4/450; Heýsemi, «Mejmeuz-Zewaid», 9/227.

[3] «Haşr» süresi, 9.

[4] Buhary, «Nika» 38, 39, 57, 59, 61; Müslim, «Nika» 69; Ebu Davud, «Nika» 34.