Maşgala jemgyýetiň binýadydyr, özenidir. Maşgalanyň emele gelmegine sebäp bolýan iki asyl element bolsa ata bilen enedir. Allatagala erkek bilen zenany Ýer ýüzüne wagtlaýyn iberipdir. Olar özleriniň ýaradylan ilkinji günlerinden başlap bile ýaşapdyrlar. Gözbaşyny jennetden alyp gaýdýan, has soňra bütin Ýer ýüzüne ýaýylan bu erkek-zenan birligi tä kyýamata çenli dowam eder. Şeýle hem Beýik Ýaradan biri-birinden tapawutly bu iki ýasawyň nikalaşyp, bilelikde maşgala gurmaklaryny-da Özüniň barlygynyň we birliginiň delillerinden saýypdyr.
Kurany-Kerimiň aýatlarynda maşgala gurmak meselesinde adamzadyň mürşitleri bolan pygamberleriň durmuşy ýöriteläp mysal edilip görkezilýär. Çünki Allatagalanyň dürli döwürlerde adamzada dogryny, hakykaty görkezmek üçin iberen pygamberleri maşgala gurmak babatda-da adamlara ýol görkezen, nusgalyk maşgala ojagyny guran kämil şahsyýetlerdir.
Alla tarapyn adamlaryň içinden saýlanyp-seçilen aňrybaş ajaýyp Ynsan iň soňky pygamber hezreti Muhammetdir (s.a.w). Hut şondan ötri onuň başga bir ady-da Mustafadyr. Bu naýbaşy Ynsanyň (s.a.w) maşgala durmuşy Kuranyň dürli aýatlarynda, ylaýta-da hadysy-şeriflerde jikme-jik beýan edilip, bütin adamzat bu kämil maşgaladan nusga almaga çagyrylýar.
Kurany-Kerim özüniň aýatlarynda Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) öý-içerisi, ylaýta-da Onuň (s.a.w) ýanýoldaşlary bilen baglanyşykly meselelere ünsümizi çekýär. Bu deňsiz-taýsyz Pygamberiň (s.a.w) dürli taraplardan beýleki pygamberlerden we adamlardan saýlanyşy ýaly, Onuň (s.a.w) ýanýoldaşlary hem belent ahlak sypatlary bilen töweregindäki beýleki ynsanlardan aýyl-saýyl tapawutlanypdyrlar.
Adamzadyň buýsanjy hezreti Muhammediň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanýoldaşlary ähli müminleriň eneleridir. Yslam äleminde bu mübärek enelerimiziň hormaty belent tutulyp, olar Alla we Resulyna (s.a.w) iman getirenleriň enesi hökmünde kabul edilýär. Päkize enelerimiz pygamberiň ýanýoldaşy bolandyklary üçin, eger olar bir günä iş etseler, olara beriljek jeza adaty adamlaryňkydan iki esse bolup, eden ýagşy amallary üçin hem iki esse sogap ýazylypdyr. Mundan başga-da wahyý inýän öýde ýaşamagy, Resulalla (sallallahu aleýhi wesellem) bilen bir ojakdan girip çykmagy hem-de müminleriň eneleri bolmagy jähetinden olara beýleki zenanlardan has takwa bolmaklyk buýrulypdyr.
Ine, şunuň ýaly hususy aýratynlyklary mübärek enelerimiz bütin ömürlerini takwalykda geçirip, her bir hal-hereketlerinde Allanyň razylygyny gazanmaga çalşypdyrlar. Olar Allanyň Resuly (s.a.w) aýatda dirikä-de, Ol (s.a.w) dünýeden gaýdandan soň hem ybrat alarlyk ajaýyp wakalardan doly ömür sürüpdirler. Olar iň ajap, bagtyýar durmuşda ýaşapdyrlar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Resulallanyň (s.a.w) mübärek enelerimize öýlenmegi, ylaýta-da Onuň (s.a.w) birden köp ýanýoldaşynyň bolmagy käbir gara niýetli kimselerde ters pikirleriň döremegine sebäp bolupdyr. Mübärek enelerimiziň durmuşyny doly bilmeýän, bilmegem islemeýän şol nadanlar bu meselä duşmançylyk gözi bilen garap, Pygamberimize (s.a.w) bor-bolgusyz myjabatlar ýöňkäpdirler. Ýogsa, Resulalla (s.a.w) mübärek enelerimize köp aýally bolmak maksady bilen öýlenmändi. Muny eseri okan wagtyňyz magat göz ýetirersiňiz. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) mübärek enelerimiziň her biri bilen nikalaşmagynyň dürli sebäpleri, hikmetleri bar. Mysal üçin, olaryň käbiri dul galyp, ýetim çagalaryny ekläp bilmänsoň, Resulalla (s.a.w) olary bu ýagdaýdan halas etmek, olaryň ýetim çagalaryna hossarlyk etmek üçin öýlenipdir. Käbiri bolsa güýçli taýpanyň baştutanynyň gyzy bolansoň, Pygamberimiz (s.a.w) özüne duşman bolan şol taýpa bilen agzalalygy aradan aýyrmak, musulmanlara ýetirip biljek zyýanlarynyň öňüni almak hem-de garyndaşlyk gatnaşygyny ýola goýmak maksady bilen öýlenipdir. Mundan başga-da, enelerimiziň içinde Resulallanyň (s.a.w) huzuryna gelip, özlerini Oňa bagyşlanlar hem bar.
Mübärek enelerimiz hakynda nygtap geçmeli iň esasy zat bolsa, olaryň her biri ymmatyň mugallymydyr. Olar Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) ömür beýany, ylaýta-da maşgala durmuşy bilen baglanyşykly maglumatlary ähli jikme-jikligi bilen ýetiripdirler. Hezreti Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) durmuşynyň her bir pursatynda diýen ýaly enelerimiziň mynasyp orny bar. Bu maşgalada olaryň biriniň gözünden sypan hadysany başgasy görüpdir ýa-da durmuşynda başyndan geçiripdir. Şeýlelikde, bu densiz-taýsyz Ynsanyň (s.a.w) her bir sözi, her bir hereketi ygtybarly çeşmeler arkaly biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Şeýle bir zady belläp geçeliň, Pygamberimizi (s.a.w) tanamaýan bir adam bu bagtly, mübärek enelerimiziň durmuşy bilen ýakyndan tanşanda, Resuly-Ekremiň (s.a.w) olara öýlenmeginiň asyl sebäbiniň nebsiniň islegini kanagatlandyrmak däldigine, munuň aňyrsynda belent maksatlaryň, haýyrly netijeleriň ýatandygyna göz ýetirer. Eger şeýle bolmasady, bir ýaş ýigit özünden on bäş ýaş uly zenan bilen durmuş gurup, elli ýaşaýança-da şol bir aýal bilen kanagatlanarmydy?! Adalatly garalanda, Arabystan ýaly ysssy sebitde ýaşaýan bir kişiniň elli ýaşyndan soňra diňe dünýewi isleg-arzuwlaryny kanagatlandyrmak üçin birden köp zenana öýlenmegi, heý-de akyla sygjak zatmy?! Ýa bolmasa, hut şeýle isleg bilen öýlenäýende-de, ýaş gyzlar barka, gartaşan, üstesine-de dul galan zenanlara öýlenmeginiň hikmetini nähili düşündirip bolar?!
Ine, bu bölümde şuňa meňzeş sowallaryň aýdyň jogaplaryny tapyp bilersiňiz. Galyberse-de, keseki medeniýetleriň ýetirýän täsiri hem-de öz ruhy gymmatlyklarymyzdan uzaklaşmagymyz zerarly maşgalada agzalalyklaryň artýan, maşgala ojagynyň ýykylmagy bilen nijeme çagalaryň ýetim galýan häzirki döwründe diňe mübärek enelerimiziň nusgalyk ýaşaýşyndan görelde alyp, şol ezizleriň yzyna eýeren ýagdaýymyzda jemgyýetimiziň bozulan ahlagy täzeden dikeler, öňki katdyna getiriler. Bu kitabyň şeýle haýyrly netijelere sebäp bolmagyny, bizi-de mübärek enelerimize laýyk perzentler eýlemegini Beýik Allatagaladan dileg edýärin!