Hezreti Meýmune (r.a) enemiz Resulallanyň (s.a.w) agasy hezreti Abbasyň (r.a) aýaly Ümmi Fadlyň uýasydyr. Yslamyň şanly serkerdesi hezreti Halid bin Welidiň (r.a) hem daýzasydyr. Gözel ahlagy hem-de atly-abraýly maşgalanyň gyzy bolmagy taýyndan tanymal şahsyýetleriň biridir. Ol yslam dininiň döremeginiň öň ýanyndaky günlerde Mesud bin Amr es-Sakafi atly kişä durmuşa çykýar. Birnäçe wagt geçenden soňra onuň bilen nikasyny bozýar. Soňra Ebu Ruhm bin Abduluzza diýen kişi bilen goş birikdirýär. Emma köp wagt geçmänkä, adamsy aradan çykyp, onuň bilenem uzak wagt ýaşaşmak nesip etmeýär. Şeýdip, hezreti Meýmune (r.a) dul galýar.[1]
Onuň (r.a) hak din bilen tanyşlygy
Hezreti Meýmune (r.a) uýasy Ümmi Fadlyň öýüne ýygy-ýygydan barardy. Ol musulmanlygyň nähili zatdygyny, onuň durmuşa ýetirýän täsirini, adamzada getiren kada-kanunlaryny bu ojakda görýärdi, her bir zady sorap öwrenýärdi. Medinedäki musulmanlaryň ýaşaýşy hakyndaky maglumatlary eşidýärdi. Bedir hem-de Uhud söweşlerinde bolup geçen wakalardan soňra hezreti Meýmunäniň (r.a) kalbynda yslam dinine bolan söýgi hasam möwjäpdi. Emma şol wagtlar Mekgedäki şertler örän zabun bolansoň, imanyny gizlemäge mejbur bolupdy. Hezreti Meýmune (r.a) enemiziň asyl ady Berredir. Soňra Resulalla (s.a.w) onuň adyny Meýmune diýip üýtgedipdi.
Wysala barýan ýolda
Hudeýbiýe ylalaşygyndan bir ýyl geçenden soňra hezreti Pygamberimiz (s.a.w) sahabalary bilen Mekgä umra hajyna gitdi. Şonda hezreti Abbas (r.a) Resulalla (s.a.w) hezreti Meýmunä (r.a) öýlenmegi teklip etdi. Çünki hezreti Meýmune (r.a) hezreti Abbasyň (r.a) aýalynyň uýasydy, şol sebäpli ol nika wekilçiligini hezreti Abbasa (r.a) beripdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň teklibini kabul edip, hezreti Meýmune (r.a) bilen nikalaşdy. Bu wakanyň şaýady bolan mekgeliler «Diýmek, Muhammet kowumdaşlary hakynda entegem ýagşy niýetde, biz bilen gatnawy kesmek islemeýär»[2] diýip pikir etdiler.
Başga bir taryhy çeşmede beýan edilişine görä, Resulalla (s.a.w) umra hajyna gitmek üçin entek Medineden gaýtmanka, Ebu Rafi (r.a) we birnäçe sahabany hezreti Meýmunä (r.a) söz aýtmak üçin Mekgä iberýär. Olar hem gelip, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) sözüni hezreti Abbasa (r.a) ýetirýärler.[3]
Allanyň Resuly (s.a.w) dul galan, kalby musulman bolmagyň begenji bilen joşýan hezreti Meýmune (r.a) enemiz bilen umra hajyny berjaý edip ýören wagty Mekgede nikalaşypdy. Ol (s.a.w) şonda munuň üsti bilen mekgeliler bilen täzeden gepleşip görmegiň ýollaryny agtardy, hatda bu ýerde ýene-de birnäçe gün bolup, mekgelilere toý zyýapatyny bermegi teklip edipdi. Emma niýeti-päli bozuk müşrikler Onuň (s.a.w) tüýs ýürekden eden teklibine razy bolman, öňden gepleşilen wagtyň içinde şäherden çykmagy talap edipdiler.[4] Allanyň Resuly (s.a.w) ylalaşyga görä, bu ýerde üç gün bolanlaryndan soňra Mekgeden çykdy. Uzaga gitmänem, şäheriň eteginde Serif diýen ýerde düşledi. Ol (s.a.w) hezreti Meýmune (r.a) enemiz bilen ilkinji toý gijesini-de bu ýerde geçirdi. Ylahy ýazgydyň tejellisine bakyň, hezreti Meýmune (r.a) enemiz iň soňky demini-de şu ýerde beripdi. Ol agyr keselläp ýanyny ýeren berenden soňra, «Meni Mekgeden çykaryň! Çünki men bu ýerde ölmeli däl. Allanyň Resuly (s.a.w) maňa Mekgede ölmejekdigimi aýdypdy» diýipdi. Şondan soňra ony göterip, Resulalla (s.a.w) bilen bir çadyra giren ýeri bolan agajyň astyna, Serife getiripdiler. Ol (r.a) şol ýerde-de ebedi äleme göç edipdi.[5] Munuň üsti bilen, hezreti Meýmune (r.a) enemiz Resulallanyň (s.a.w) gaýyby mugjyzasyny-da şeksiz-şübhesiz tassyk edýärdi.
Hezreti Meýmune (r.a) enemiziň jynaza namazyny hezreti Ibni Abbas (r.a) okatdy. Ol (r.a) gölegçilere örän seresap hereket etmegi, tabydy emaý bilen götermegi, merhumy ynjytmazlygy tabşyrýardy. Çünki olaryň göterip barýan merhumy hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) mübärek ýanýoldaşydy.[6]
Ol (r.a) hiç hili galyň islemän, özüni Resulalla (s.a.w) bagyş edipdi
Yslam dinine görä, erkek kişi zenan maşgala öýlense, oňa galyň tölemelidir. Eger zenan galyňy almak islemese, onda bermäge mejbur bolmaz. Emma talap etse, hökman bermeli bolýar. Galyň zenanyň şahsy emlägidir. Emma bu höküm hezreti Pygamberimize (s.a.w) degişli däldir. Bu aýratynlyk diňe Oňa (s.a.w) mahsusdyr. Bu ýagdaý «Ahzab» süresiniň şu aýatynda aýdylýar: «Eý, pygamber! Hiç şübhesiz, Biz haklaryny (galyňlaryny) berip alan aýallaryňy, Allanyň saňa olja edip beren gol astyňdaky gyrnaklaryňy, siziň bilen hijret eden (Mekgeden Medinä göçen) kakaň erkek we aýal doganlarynyň gyzlaryny, daýylaryň we daýzalaryň gyzlaryny saňa halal etdik. Eger pygamber nikalamak islese, özüni pygambere bagyşlan mümin zenany hem saňa halal etdik. Ol (özüni bagyşlan zenan bilen galyňyny bermezden nikalaşmak) ähli müminlere däl, diňe saňa mahsusdyr. Biz olara (müminlere) aýallary bilen we gol astyndaky gyrnaklary bilen baglanyşykly parz eden zatlarymyzy bilýändiris. (Bu zatlar geljekde) saňa kynçylyk döremezligi üçindir. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» («Ahzab» süresi, 33/50).
Aýata görä, Allanyň Resuly (s.a.w) beýleki zenanlara galyň tölemek we nikalaşmak bilen öýlenip bilýär. Emma özüni Allanyň Resulyna (s.a.w) bagyş eden zenana galyň tölemek hökümi Oňa (s.a.w) degişli däldir. Galyň höküminiň aýrylmagy bilen bir hatarda şaýatlaryň we hossarlaryň rugsadyna-da zerurlyk ýokdur. Allatagala galyň tölemek hökümini Öz Ilçisiniň (s.a.w) haýsydyr bir kynçylyk çekmezligi üçin ýatyrandygyny beýan edýär. Hakykatdan hem, eline düşen zady mätäçlere paýlaýan Resuly-Ekrem (s.a.w) galyň bermek meselesinde kyn ýagdaýa düşüp bilerdi. Rahmeti soňsuz Beýik Ýaradan bu beýany bilen Ony (s.a.w) şunuň ýaly muşakgatlardan halas edýärdi.
Sagadatlyk asyrynda älemleriň Serweri (s.a.w) ýaly belent mertebeli pygamber bilen hiç hili galyň islemän, özlerini Oňa (s.a.w) bagyşlamak isleýän nijeme zenan bardy. Munuň şeýledigini hezreti Aýşe (r.a) enemiziň şu gürrüňinden-de göz ýetirip bolýar: «Men özlerini Allanyň Resulyna (s.a.w) bagyşlaýan aýallara gözüm giderdi. «Heý, aýalam bir özüni bagyşlarmy?!» diýerdim. Emma Allatagala: «Olardan (aýallaryňdan) isläniňi ýanyňdan aýryp, (ýanyna barmagy gijikdirip) isläniňi bolsa ýanyňa alarsyň. Wagtlaýyn (ýanyňdan) aýran aýallaryň birini täzeden ýanyňa almagyňda saňa hiç hili günä ýokdur. Bu olaryň bagtly bolmaklaryna, gynanmazlygyna we seniň beren zatlaryňa razy bolmaklaryna iň laýyk bolanydyr. Alla siziň ýürekleriňizdäki zatlary bilýändir. Hiç şübhesiz, Alla (ähli zady) bilýändir, Halymdyr (howlugýan däldir)» («Ahzab» süresi, 33/51) aýatyny inderende, men Resulalla (s.a.w) şeýle diýdim: «Rebbiň Seniň islegleriňi, gör, nähili tiz kabul edýär!»[7]
Ýokarky aýatda görşümiz ýaly, käbir şertlere görä musulmanyň iň köp dört aýal bilen öýlenip bilýändigi hakyndaky çäklendirilen höküm Resulalla (s.a.w) degişli edilmändir. Bu barada Kurany-Kerimde: «Eger (gol astyňyzdaky) ýetim gyzlara (öýlenseňiz), olaryň haklaryny berjaý etmekden heder etseňiz, (olar bilen däl-de, size halal bolan başga) göwnüňiz islän aýallardan iki, üç ýa-da dört aýala (çenli) öýlenip (bilersiňiz)! Eger (bu ýagdaýda hem aralarynda) adalaty saklamakdan heder etseňiz, onda biri bilen ýa-da gol astyňyzda bolanlar (gyrnaklar) bilen çäkleniň! Ine, bu (adalatdan) aýrylmazlygyňyz üçin iň göwnejaý bolanydyr» («Nisa» süresi, 4/3) diýilýär. Bu ýerde müminlere bir zenan bilen öýlenmeklik maslahat berilýär. Diňe mejbury şertlerde dört aýala çenli öýlenmeklige rugsat bardyr. Emma Allatagala dürli hikmetlerinden ötri Resulyna (s.a.w) dörtden köp zenana öýlenmegine rugsat beripdir.
Resulallanyň (s.a.w) birnäçe zenana öýlenmegini birtopar pis niýetli kişiler ýaly kesä çekmek, oňa ters pikir bilen garamak, belent mertebeli Pygamberi (s.a.w) tanamazlykdyr. Bu şol bir wagtyň özünde-de Allatagalanyň öňünde-de edepsizlikdir. Çünki Resuly-Ekrem (s.a.w) mübärek enelerimiz bilen dürli haýyrly netijeleri, hikmetleri göz öňünde tutup öýlenipdi.
Ine, taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, hezreti Meýmune (r.a) enemiz özüni Resulalla (s.a.w) bagyş eden zenandyr.[8] Ol (r.a) hiç hili galyň islemändi. Älemleriň Serweriniň (s.a.w) ýanýoldaşy bolmak diýen belent mertebäniň eýesi bolmak üçin Allanyň özüne beren galyň almak hukugyndan ýüz öwrüpdi.
Resuly-Ekrem (s.a.w) hezreti Meýmune (r.a) bilen nikalaşan wagty, altmyş ýaşlaryndady. Onuň (s.a.w) bu hereketiniň asyl maksady dul galan ýene bir naçara hossarlyk goluny uzatmakdy, musulman bolup, mekgeli müşrikleriň içinde galan bir kişini kyn ýagdaýdan halas etmekdi, garyndaşlyk açmak bilen mekgeli müşrikleriň ýüreklerini yslama ýakynlaşdyrmakdy.
Ol (r.a) diniň emrlerine örän seresaply çemeleşýärdi
Pygamber ojagynyň bu bagtyýar, belent mertebeli agzalary älemleriň Serwerinden (s.a.w) öwrenen, gören din bilen baglanyşykly meseleleri gündelik durmuşlarynda özleşdirýärdiler. Yslamyň her bir emri olaryň ýaşaýyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýärdi. Olar dine ters gelýän iň kiçijik adalatsyzlyga-da biparh garamaýardylar. Elbetde, merhemetli bolmak bir zat, adalatsyzlygyň, hukuk kemsidilmäniň öňüni almak, laýyk jezasyny bermek we kämil jemgyýeti döretmek bütinleý başga zatdy. Allanyň Resuly (s.a.w) adamzadyň iň merhemetlisidi. Emma Allatagalanyň kada-kanunlarynyň bozulmagyna, köpçüligiň hak-hukugynyň aýak astyna alynmagyna zerre ýalyjagam ýol bermeýärdi. Onuň (s.a.w) hak-hukuk babatyndaky talapkärligi şu aşakdaky mysalda has aýdyň görünýär:
Bir gün ogurlyk bilen baglanyşykly hadysa ýüze çykypdy. Bu barada hezreti Pygamberimize (s.a.w) habar berildi. Şonda ogurlyk eden zenanyň abraýly maşgaladandygyny, bu sebäpden onuň günäsiniň geçilmegini Resulalladan (s.a.w) haýyş etdiler. Resuly-Ekrem (s.a.w) gaşyny çytyp, olara şeýle jogap berdi: «Sizden öňki gelip geçen milletleriň ýok bolmagynyň asyl sebäbi şudur: olar abraýly hasap edilýän kişi ogurlyk etse, ony bagyşlardylar, garamaýagyň biri ogurlyk etse welin, jezalandyrardylar. Alladan kasam edýärin, ogurlyk eden Muhammediň gyzy Fatyma-da bolsa, elini keserdim, jezasyz goýbermezdim».[9]
Mübärek enelerimiz hem Allanyň Resulyndan (s.a.w) näme görseler, şony ýerine ýetirýärdiler. Bir gün hezreti Meýmune (r.a) enemiziň garyndaşlarynyň biri şerigatyň kanunyny bozup, şerap içipdi. Agzyndan şerabyň yzy porsap duran ýagdaýda-da mübärek enemiziň (r.a) öýüne gelipdi. Şonda hezreti Meýmune (r.a) oňa garyndaşym diýip göz ýummady. Onuň düzelmegi, toba etmegi üçin garyndaşyna dessine kazyýete baryp günäsini boýun almagyny we laýyk jezasyny çekmegi talap etdi. Tä günäsinden päklenip gelýänçä-de öýüne saljak däldigini aýtdy.[10]
Ol (r.a) hemişe ewrady-ezkar bilen meşguldy
Beýleki mübärek enelerimiz ýaly, hezreti Meýmunäniň (r.a) hem manewi ýaşaýşy örän çuňňur manylara ýugrulandy. Ol Kuran okanda-da, doga-dileglerinde-de örän yhlaslydy. Hezreti Meýmune (r.a) enemiz garran çagy haja giden gezekleriniň birinde, Ibn Abbasyň (r.a) azatly guluna mübärek enemiziň (r.a) düýesini itmeklik tabşyrylypdy. Onuň gürrüň bermegine görä, hezreti Meýmune (r.a) haj parzlaryny berjaý edýän wagtynda, dowamly zikiru-tesbih bilen meşguldy.[11]
Hezreti Meýmune (r.a) enemiz Resulalla (s.a.w) bilen goş birikdiren wagty otuz alty, Resuly-Ekrem (s.a.w) bolsa altmyş ýaşyndady. Olar, takmynan, dört ýyla golaý bile ömür sürüpdiler.
[1] Zehebi, ady geçen eser, 2/239.
[2] Ibn Sad, «Tabakat», 2/122.
[3] Zehebi, ady geçen eser, 2/240-241.
[4] Ibnul Esir, ady geçen eser, 7/273.
[5] Heýsemi, «Mejemuz-zewaid», 9/249.
[6] Buhary, «Nikah», 4.
[7] Buhary, Tefsir, 33.
[8] Ibnul Esir, ady geçen eser, 7/274.
[9] Buhary, «Hudud», 12; Muslim, «Hudud», 8.
[10] Ibn Sad, ady geçen eser, 8/139.
[11] Ibn Sad, ady geçen eser, 8/139.