1. Ebu Hüreýre Abdurrahman Ibni Sahryň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:
– Allatagala siziň bedeniňize ýa-da ýüzüňize däl, (eýsem) kalbyňyza sereder.[1]
2. Ebu Musa Abdulla Ibni Kaýs el-Eşary (r.a) gürrüň berýär:
– Bir gezek Allanyň resulyna (asm) «Birisi gujur-gaýratyny görkezmek (niýeti bilen), ýene birisi milletini goramak (maksady bilen), ýene birisi bolsa mert adam diýdirmek üçin söweşýär. Bularyň haýsysy Allanyň ýolunda boldugy bolýar?» diýip sowal berdiler. Şonda Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem şu jogaby berdi: «Kimde-kim Yslamyýetiň (towhyd kelemesiniň) şanyny belende götermek üçin söweşýän bolsa, (ana) şol kişi (hem) Allanyň ýolundadyr».[2]
3. Ebu Bekre Nüfeý Ibni Haris es-Sekafi (r.a) gürrüň berýär:
– Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: «Iki musulman bir-biri bilen gylyçlaşsa, (munda) öldürenem, ölenem dowzahydyr». Şonda men: «Eý, Allanyň resuly! Öldüreniň ýagdaýy belli, emma ölen näme üçin dowzahy bolýar? – diýip soradym. Şonda Resuly-Ekrem sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýip jogap berdi: «Çünkü ol (hem) gardaşyny öldürmek isleýärdi».[3]
4. Ebu Hüreýre (r.a) gürrüň berýär:
– Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: «Bir kişiniň metjitde jemagat bolup okan namazy iş ýerinde we öýünde okan namazyndan ýigrimi esse dagy sogaplydyr. Şunlukda bir kişi birkemsiz tärät alyp, soň hem başga niýet bilen däl-de, diňe namaz okamak niýeti bilen metjide gitse, tä metjide gelip girýänçä her äden ädiminde bir mertebe beýgeler we bir günäsi bagyşlanar. Metjidiň içine girip, namaz okamak niýeti bilen şol taýda geçiren pursatlary üçin edil namaz okaýan deý sogap ýazylar. Tärätini bozmasa, hiç kime (sözi ýa-da hereketi bilen) zyýany degmese, tä namaz okan ýerinden gaýdýança perişdeler: «(Eý,) Allam! Oňa merhamet et! «(Eý,) Allam! Ony bagyşla! (Eý,) Allam! Onuň tobasyny kabul et!» diýip, onuň üçin dileg-doga ederler».[4]
[1] Müslim, «Birr» 33. Şeýle hem ser. Ibni Maje, «Zühd» 9.
[2] Buhary, «Ylym» 45, «Jihad», 15, «Farzul-humüs» 10, «Towhyd» 28; Müslim, «Imare» 150, şeýle hem, ser. Tirmizi, «Fezailül-jihad» 16; Nesai, «Jihad» 21; Ibni Maje, «Jihad» 13.
[3] Buhary, «Iman» 22, «Diýat» 2, «Fiten» 10; Müslim, «Kasame» 33, «Fiten» 14, 15. Şeýle hem ser.. Ebu Dawud, «Fiten» 5; Nesai, «Tahrim» 29, «Kasame» 7; Ibni Maje, «Fiten» 11.
[4] Buhary, «Salat» 87, «Azan» 30, «Büýi» 49; Müslim, «Taharet» 12, «Mesajid» 272. Ýene-de ser. Ebu Dawud, «Salat» 48; Ibni Maje, «Taharet» 6, «Mesajid» 14.