1-Ebu Hureýre (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir: «Walla, her gün ýetmiş gezekdenem kän Allanyň öňünde toba-istigfar edýärin».[1]
2-Egarr ibni Ýesar el-Muzeni (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Eý, ynsanlar! Toba edip, Alladan bagyşlanmagyňyzy diläň! Çünki men (hem) günde ýüz ýola toba edýärin».[2]
3-Allanyň resulynyň (s.a.w) hyzmatkäri Ebu Hamza Enes ibni Malik el-Ensarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Allanyň bendesiniň toba etmeginden hoşwagt bolşy çola ýerde düýesini ýitirip, soňra ony tapan kişiniň begenişiniň çaky dagy däldir».[3]
Muslimde geçýän hadysda bolsa şeýle diýilýär: «Siziň biriňiziň toba etmeginden Allanyň hoşwagt bolşy, düňle çölde gidip barýarka, üstünde huruşlyk iýjek-içjegi bolan düýesini elinden gaçyran, yzyny aňtamakdan netije bolmansoň, düýeden umydyny üzüp, bir agajyň kölegesine geçip, ýaňy aýagyny uzadan wagty hem, bir ýerlerden düýesiniň başujunda peýda bolanyny görüp, onuň owsaryndan berk ýapyşyp, begenjine näme samraýanyny hem bilmän:
– (Eý,) Allam! Sen meniň gulum, men seniň Rebbiň – diýen kişiniň begenişiniň çaky dagy däldir».[4]
4-Ebu Abdulla ibni Kaýs el-Eş’arynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
– Allatagala gündiz günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolup, gije elini açar, gije günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolubam gündiz elini açar. Bu Gün Günbatardan dogýança şeýle bolar.[5]
[1] Buhary, «Daawat» 3. Şeýle hem, seret. Tirmizi, «Tefsiri-sure» (47); Ibni Maje, «Edeb» 57.
[2] Müslim, «Zikir» 42. Şeýle hem, seret. Ebu Dawud, «Witr» 26; Ibni Maje, «Edeb» 57.
[3] Buhary, «Daawat» 4; Müslim, «Toba» 1, 7, 8.
[4] Müslim, «Toba» 7. Şeýle hem seret. Tirmizi, «Kyýamet» 49, «Daawat» 99; Ibni Maje, «Zühd» 30.
[5] Müslim, «Toba» 31.