Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Bedir söweşinde hezreti Abbas sahabalaryň eline ýesir düşýär. Oňa talap edilýän puly tölese, azat ediljekdigi bildirilýär. Ol bolsa pulunyň ýokdugyny aýdýar. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa: «Aýalyň Ümmi Fadl hem bilýär, pylan ýerde şunçarak puluňyz bar» diýýär. Hezreti Abbas: «Muny aýalym ikimizden başga hiç kim bilmeýärdi» diýip, Pygamberiň (s.a.w) sözüni tassyklaýar we iman getirýär.[1]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, jöhit milletinden Lebid diýýän netikaza jadygöýüň biri Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama zyýan ýetirjek bolupdyr. Ol bir daraga saç baryny orap, üfläp-çüfläp, bir guýa zyňypdyr. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam «Gidiň-de, pylan guýa doga edilip taşlanan pylan hili zatlary tapyp getiriň» diýip, hezreti Alyny we ýene birnäçe sahabany iberipdir. Olar salgy berlen ýerden şol zatlary tapyp getiripdir. Daraga oralan saç tarlary sökülip aýryldygyça, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň hem ýagdaýy gowulaşmak bilen bolupdyr.[2]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Ebu Hüreýre we Huzeýfe ýaly möhüm şahsyýetler bolan bir märekäde [3]
ضِرْسُ اَحَدِكُمْ فِى النَّارِ اَعْظَمُ مِنْ اُحُدٍ
diýipdir. Şol ýerde bar bolan bir kişiniň dinden çykjagyny we onuň soňunyň ibaly gutarmajagyny habar beripdir. Ebu Hureýre soň bu barada şeýle diýip gürrüň beripdir: «Iň soňunda şol adamlaryň arasyndan men we ýene bir adam, iki kişi galdyk. (Pygamberiň aýdan şol kişisi menmikäm diýip) gaty gorkdum. Ýöne beýleki adam Ýemame urşunda Müseýlimäniň tarapynda söweşip, dinsiz bolup öldi». Şunlukda, Pygamberiň (s.a.w) beren habary dogry bolup çykdy.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Umeýr bilen Safwan musulman bolmanka, Pygamberi (s.a.w) öldürmek üçin teklip edilen ýoňsuz emläge başy aýlanyp, Onuň (s.a.w) kastyna çykýarlar. Şunlukda, Umeýr Pygamberi (s.a.w) öldürmek niýeti bilen Medinä gelýär. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Umeýri görüp, ýanyna çagyrýar. Eliniň aýasyny Umeýriň döşüne goýup, ondan: «Safwan ikiňiziň şeýleräk niýetiňiz bar gerek?» diýip soraýar. Umeýrem boýnuna alýar we musulman bolýar.[4]
[1] Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 6/85;Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 1/516;
[2] «Sahyhy-Muslim», 4/1720, hadys № 2189; «Sahyhy-Buhary, 4/148; Ibni Maje, hadys № 3545.
[3] «Siziň biriňiziň dişi dowzahda Uhud dagyndan uly bolar». (Kady Yýaz, «Şifa», 1/342; Aliýýull-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/298.)
[4] Kady Yýaz, «Şifa», 1/344; Aliýýull-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/342; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 8/284, 286.