«Pygamberimiziň maşgala durmuşy»

Wysala barýan ýol

– Eý, Ebu Talyp! Sen onuň üçin örän az hak soradyň. Seniň soraýan bu hakyňy ýedi ýat üçinem bererdim. Emma ol halk içinde sylanýan ygtybarly adam ahyry. Heý-de bermerinmi?![1]

Bu hezreti Hatyjanyň (r.a) Ebu Talyba ýüzlenip aýdan sözleridi.

Hezreti Hatyja (r.a) Şama ugratjak kerweni üçin tejribeli kerwenbaşy ideýändigini töwerekdäki tire-taýpalara jar çekdirip bildiripdi. Ol bu kerwenine baş bolup biljek ygtybarly adam gözleýärdi. Şonda Ebu Talyp bu iş üçin inisi Muhammedül-Emini teklip edip, Hatyjanyň ýanyna gelipdi.

Hezreti Hatyja (r.a) mally-mülkli, barjamly, il içinde sarpasy belent tutulýan asylzada zenandy. Ol her ýyl gyş hem-de tomus möwsümlerinde Şam, Ýemen sebitlerine kerwen ýollaýardy. Özüniň ynanýan kişileri bilen ortaklaşyp söwda edýärdi. Zenan maşgalanyň äsgerilmeýän, hatda adam hasabynda-da görülmeýän nadanlyk döwründe aýal adamyň kerwen gurap, dürli ýurtlar bilen söwda etmegi dilde aňsatdy. Bu işlere baş goşmaga atyň kellesi ýaly ýürek gerekdi. Hezreti Hatyjanyň (r.a) artykmaçlygy bardy. Oňa öňden bäri ýöräp duran söwda dolanyşygy miras galypdy. Şeýle hem onuň bu işlerine ýardam etjek jigileridir ýegenleri bardy. Şeýle-de bolsa, hemme zada ýetişmek mümkin däldi. Meselem, onuň Şama ýollamaly ýene-de bir kerweni garaşyp durdy. Hezreti Hatyja (r.a) söwdadan başy çykýan, akylly-başly, ygtybarly adam gözleýärdi.

Bu habar şol wagtlar güzeranyny zordan aýlap oturan Ebu Talyba-da baryp ýetdi. Ol bu barada maşgala agzalaryna sala salmagy, inisi Muhammedül-Emin bilen gepleşmegi ýüregine düwdi. Ebu Talybyň bu işe baş goşmakdan gorkmanam duranokdy. Ol inisine göriplik edilip, oňa zyýan berlerinden çekinýärdi. Çünki on üç ýyl mundan öň inisi Muhammedül-Emin bile Şam saparyna gidende-de, hut bu endişesi sebäpli yzyna dönüpdi. Şol gezek Busrada düşlänlerinde keşiş Bahiranyň öz ýanyna gelip, janyndan syzdyryp aýdan duýduryşy Ebu Talybyň şu günki ýaly ýadyndady. Kakasy Abdulmuttalybyň amanady Muhammedül-Emin gelejegi ýagtyltjak nurdy. Şol nuruň ýagtysyndan birahat boljaklaryň dörejegi bolsa şübhesizdi. Ýöne şu wagt Ebu Talybyň başga çäresi ýokdy. Şonuň üçin ol öýüniň bereketi[2] bolan inisini ýanyna çagyryp, ýürekdeş dosty kimin oňa içini dökdi.

(Dowamy bar)


[1] Ibni Sad, «Tabakat», 1/103-104

[2] Abdulmuttalyp aradan çykandan soňra pygamberimize (s.a.w) Ebu Talyp hossarlyk edipdi. Gol doly maşgalanyň eýesi bolan Ebu Talyp güzeranyny kynlyk bilen aýlaýardy. Çagalaryň bir garny aç, bir garny dokdy. Öýüň bu ýagdaýyny gören Pygamberimiz (s.a.w) ajygan wagty Zemzem çeşmesine gidip, onuň suwundan ganardy. «Gel, senem bir zatlar iýip-iç ahyry!» diýenlerinde, ol «Ýok, men dok!» diýerdi, agasyna ýüz bolasy gelmezdi. Ser. Ibni Sad, «Tabakat», 1/133; Salyhy, «Sübülül-Hüda», 2/135; Ibni Seýýidinnäs, «Uýunul-eser», 1/60; Suýuti, «Hasais», 1/139.