Hezreti Hatyjanyň (r.a) täzeden durmuşa çykmaga hyýaly ýokdy, ol bagtyny synap görmegi bütinleý goýbolsun edipdi. Bu hakda kemteresindenem pikir etmeýärdi. Emma bu günki gün ýagdaýlar bütinleý üýtgäpdi. Ol hezreti Pygamberimizi (s.a.w) ýekeje salymlygam unudyp bilmeýärdi. Allatagala ony hezreti Muhammet (s.a.w) bilen durmuş gurmaga taýynlaýardy. Munuň ýaly bagt guşy pelpelläp, başyňa gonjak bolup durka ýaýdanjaňlyga ýol bermeli däldi. Bir alajyny tapyp, pynhan syryny Muhammedül-Emine (s.a.w) ýetirmelidi. Bu bolsa ýeňil-ýelpaý iş däldi. Durmuş gurmak baradaky teklibi Oňa (s.a.w) nädip duýdurmaly?! Özi gidip aýtmalymy?! Hezreti Hatyja (r.a) beýdeninden ölenini gowy görýärdi. Üstesine, ol Muhammedül-Emini (s.a.w) tanaman hem durandoky. Muhammedül-Emin (s.a.w) edep-haýanyň janly heýkeli ýalydy, ol şeýle bir utanjaň ýigitdi welin, başyny ýerden galdyrmaýardy.
Hezreti Hatyja (r.a) göwün isleginiň ahyry bir gün amala aşjagyny syzýanam bolsa, gol gowşuryp oturmaly däldigine-de düşünýärdi. Alaçsyzlygyň gysyp-gowurýan günleriň birinde onuň ýanyna janyndan eý görýän jorasy, ýakyn syrdaşy Nefise binti Münýe geldi. Nefise binti Münýe nijeme gün bäri iýmekden-içmekden kesilip, reňňi saralan jorasyny görüp, ör-gökden geldi:
– Hatyja, saňa näme boldy beýle?! Janyň bir sagmy?! Seni hiç haçan munuň ýaly gamgyn, aladaly görmändim.
Hatyja oňa ýüregindäkijesini aýtjagyny-da, aýtmajagyny-da bilmän, birsalym ikirjiňlenip durdy. Soňra bolsa halyny sorap, ýürekden özelenip duran iň ýakyn jorasyna içini dökmeli diýen netijä geldi. Ol uludan demini alyp, gürrüň berip ugrady:
– Eý, Nefise! Eý, janymdan eziz görýän joram! Köp wagtdan bäri synlap ýörün, şu Muhammet ibni Abdulla bar-a, ol juda üýtgeşik adam. Süňksüz gowy ýigit, adamkärçilikde deňi-taýy ýok. Üstesine-de şeýle bir dogruçyl, şeýle bir ynamdar, özi hem asylzada, neberelerem şeýle. Özüne oňat dost gözleýän adam, ondan gowusyny tapyp bilmese gerek. Soňky wagtlarda Muhammedül-Emin hakda şeýle bir täsin zatlar eşitdim welin, aýtsam ynanmarsyň. Hyzmatçym Meýseräniň Ol hakda beren gürrüňleri şindizem gulagymda ýaňlanyp dur. Şama barýarkalar, ýolda hristian ruhanysynyň Muhammedül-Emin barada aýdan sözlerini dagy ýatlasam, haýranlar galýaryn. Şamyň bazarynda bolan wakalar, ýolboýy Ony bir buludyň kölegeläp gelmegi…. Bu zatlar örän uly hadysanyň alamatlary. Tolgunmakdan ýaňa ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Nefise, men bir zada anyk göz ýetirdim: Muhammedül-Emin ahyrzamanda gelmeli diýlip garaşylýan pygamberiň hut özi! Şondan başgahiç kim däl! [1]
Nefise Hezreti Hatyjanyň (r.a) ýüzüne garap oturşyna, onuň aýdan sözleriniň manysyny aňşyrmaga çalyşýardy. Hatyja oňa köp zat gürrüň beripdi, emma ol nämäniň-nämedigine oňly düşünmänsoň, egnini gysaýdy:
– Bar, şeýle eken-dä. Ýöne seniň beýdip saralyp-solmaň, özüňi horlamaň bilen munuň näme dahyly bar?!
Hezreti Hatyja: «Sen bir maňa düşün ahyry» diýen manyda (r.a) Nefisäniň ýüzüne zaryn garady. Ol Adamzadyň iň gymmatbaha Dürri-Göwheriniň (s.a.w) üstünden barypdy ahyry, göwnüne bolmasa elini uzatsa, şoňa ýetäýjek ýalydy. Emma Oňa (s.a.w) gowuşmagyň welin ýoluny tapanokdy. Ýogsam, şu günki güne çenli hezreti Hatyja (r.a) aýan bolan alamatlaryň bary bir gün iru-giç ykbalynyň şol Dürri-Göwher (s.a.w) bilen birleşjekdigini buşlaýardy.
Nefise entegem nämäniň-nämedigine oňly düşünmändi. Ol jorasyna ýüregindäkisini açyk aýtdyrasy gelýärdi, onuň ýüzünden bir zatlar aňlamaga çalyşýardy. Hezreti Hatyjanyň (r.a) ony mundan artyk kösäsi gelmedi: ()
– Men Muhammdül-Emin (s.a.w) bilen ykbalymy birleşdirmek isleýärin. Emma munuň alajyny tapamok.
Syrdaşynyň ýürek telwasyny Nefisäniň ýüzüni ýagtyltdy. Ol gözlerini güldürip, jorasyna garady. Nefise janyndan eziz görýän kişisiniň bagtly bolmagy üçin elinden gelenini etmäge taýýardy. Şonuň üçinem dessine bu işiň ugruna çykmagy ýüregine düwdi:
– Eger garşy bolmasaň, men gidip gepleşip göreýin, pikirini bileýin. Nähili görýäň?!
Hezreti Hatyja (r.a) beýle teklibi eşider-de, heý-de oňlamazmy?! Onuň kalbynda azajygam bolsa umyt uçgunlary köräp ugrady:
– Çynyňmy?! Eý, Nefise! Eger, hakykatdanam, muny başararyn öýtseň, eglenme! Git-de gepleş!
Nefise binti Münýe turmak bilen boldy. Ol wagt ýitirmän, Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen gepleşmegiň ugruna çykdy.[2] Şol döwürler kiçiräk şäherçeden uly bolmadyk Mekgede gözleýän kişiňi eglenmän tapyp bolýardy. Nefise Älemleriň Serwerini (s.a.w) başga ýerden gözlemän, göni Käbä bardy. Çünki ol Käbäniň aşygynyň nirede boljagyny gowy bilýärdi. Hakykatdan hem, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) şol ýerde eken. Nefise Onuň ýakynyragyna bardy-da:
– Muhammet! – diýip seslendi. Onuň äheňinden «Saňa örän möhüm habarym bar. Meni diňlesene!» diýen manyny duýmak bolýardy. Pygamberimiz (s.a.w) ses gelen tarapa öwrüldi. Nefisäniň ýüzüne soragly garady. Nefise oňa sowal bilen ýüzlendi:
– Eý, Muhammet! Sen näme üçin öýleneňok? Öýli-işikli bolmagyň üçin saňa päsgel berýän zat näme?!
Garaşylmadyk ýerden orta atylan öýlenmeklik meselesi Muhammedül-Eminiň (s.a.w) durmuşynda entek hiç hili gozgalmandy. Nefisäniň gep urşundan çen tutsaň, ol öýlenmeklik meselesini bir ýerlerde öňünden oturyp maslahatyny edip, hezreti Muhammediň (s.a.w) beräýjek sowallaryna jogap bermäge-de taýýarlykly gelene meňzeýärdi. Hezreti Muhammedül-Emin (s.a.w) muny aňsa-da, syr bildirmedi. Biragyz:
– Öýlenmäge harajatym ýok – diýdi.
Hakykatdan-da, şeýledi. Ebu Talybyň Ony (s.a.w) hernäçe ýanyndan aýrasy gelmese-de, Şama kerwenbaşy edip ibermeginiň aňyrsynda ýatan zat hem gün-güzeran pesligi dälmidi eýsem?! Öýlenmek, maşgala gurmaklyk birgiden jogapkärçiligi talap edýärdi. Elbetde, gün-güzeranyňy aýlamak, maşgalaňy eklemek hem durmuşda esasy jogapkärçilikleriň biridi.
Asylzada, dogruçyl, ynamdar, nazarkerde, hormatyna älem-jahan ýaradylan bu beýik Ynsanyň gymmaty, heý-de bu pany dünýäniň mal-mülki bilen ölçelermi?! Nefise Muhammedül-Emine (s.a.w) garap durşuna, «Munuň alada edýän zadyna seretsene!» diýip pikir etdi. Oňa ýene-de sowal berdi:
– Eger toý üçin zerur bolan harajatyň üpjün edilse, üstesine Saňa ýar bolmaga mynasyp owadan, asylzada, abraýly zenan tapylsa, razy bolarmyň?!
– Kim bilýär?! Ýogsa-da, beýle zenan kim bolup biler?!
– Hatyja!
Hatyjanyň (r.a) adyny eşiden hezreti Pygamberimiz (s.a.w) birbada ikirjiňlendi. Çünki ony örän ýakyndan tanaýardy. Hezreti Hatyja (r.a) özi iýmän iýdirýän, geýmän geýdirýän jomart, parasatly, asylzada zenandy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) birnäçe gezek onuň kerwenlerine baş bolup, sapara gidipdi. Şu wagta çenli onuň bilen işleşip gelýärdi. Ýaňy-ýakynda-da hezreti Hatyjanyň (r.a) kerweni bilen Şamdan gelipdi. Onuň (s.a.w) bu gezekki sapary-da öňküleri ýaly şowly bolup, eden söwdasyndan esseläp haýyr görüpdi.
Ýöne maşgala gurmak söwda eden ýaly däl ahyry?! Ahyrynda-da ýüregini bire baglady:
– Men-ä bilmedim. Bu nähili bolarka?!
Bu razylygyň alamatydy. Azaby ýerine gowşan Nefise begenjinden uçaýjak bolýardy. Ýogsam hem, Nefisäniň maksady nijeme gün bäri derdine çäre tapman, saralyp solup ýören jorasynyň arzuwyny amala aşyrmak, onuň teklibini Muhammedül-Emine (s.a.w) ýetirmek dälmidi eýsem?! Ol hezreti Hatyja (s.a.w) bilen Pygamberimizi (s.a.w) tapyşdyrmagyň ýoluny agtarýardy. Nefise ynamly gepledi:
– Sen bu işi maňa tabşyr! Özüm oňaryn!
Nefise bu işi bitdi hasap edýärdi. Çünki ol Muhammedül-Eminiň (s.a.w) beren jogabyndan hiç hili närazylyk alamatyny duýmandy. Ol az wagtdan hezreti Hatyjanyň (r.a) gaşynda häzir boldy:
– Hatyja, buşluk, buşluk!
Hezreti Hatyja (r.a) Nefise[3] gideli bäri iki gözi ýoldady. Jorasynyň şatlykly sesini eşidenden onuň ýüregi gobsunan ýaly boldy. Nefise oňa Muhammedül-Eminiň (s.a.w) ýanyna barşyny, Onuň bilen eden gürrüňini, beren jogabyny birin-birin aýdyp berdi.
Diýmek, gudaçylyk açmak üçin görnüp duran hiç hili päsgelçilik ýokdy. Şunlukda, hezreti Hatyja (r.a) Resuly-Ekreme (s.a.w) hat ýazmaga oturdy: «Eý, agamyň ogly! Men özüme ýakyn garyndaşdygyň, kowmumyzyň arasyndaky belent abraýyň, ahlagyň, amanata hyýanat etmeýän ynamdar, dogruçyl adamdygyň üçin Saňa durmuşa çykmak isleýärin. Senem muňa razydygyňy ýaňzydypsyň. Şeýle bolsa, agalaryňa aýt, wagt ýitirmän, bize gudaçylyga gelsinler!»
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) hem, hezreti Hatyjanyň (r.a) hem kakalary aýatda däldi. Iki maşgalada-da agalary kethudalyk edýärdi. Hezreti Hatyja (r.a) ýazan hatyny Muhammedül-Emine (s.a.w) iberenden soňra agasy Amryň[4] ýanyna baryp, ýagdaýy aýtdy. Hezreti Hatyja (r.a) kakadan ir galansoň, Amr oňa kiçiliginden hossarlyk edipdi. Ony diýseň eý görýärdi. Amr hezreti Hatyja (r.a) üçin kimiň sözaýdyjy iberýändigini eşidip, begenmek begendi:
– Muhammet ibni Abdulla ibni Abdulmuttalyp Hatyja binti Huweýlid üçin söz aýdýar! Onuň sözüni gaýtaryp bolmaz. Tüýs biri-birine mynasyp jübüt![5]
Hezreti Hatyjanyň (r.a) ýollan hatyny alan Pygamberimiz (s.a.w) hem agasy Ebu Talybyň ýanyna baryp, oňa ýagdaýy gürrüň berdi. Ondan hezreti Hatyja (r.a) hakyndaky pikirini sorady.[6] Göz öňüne tutulýan bu zenan Beýtulla ýaly tämiz, hezreti Merýem kimin päkize, perişde ýaly arassa maşgalady. Ebu Talybyň hem muňa gözi ýetik bolansoň, ol razydygyny aýtdy. Hakykatdanam, hezreti Hatyja hakynda aýtmaly bolsa, ol hem barly, şol bir wagtyň özünde pespäl, ahlakly, deňi-taýy bolmadyk asylly maşgalady. Ebu Talyp kakasynyň amanaty bolan mähriban inisiniň mundan beýläk öýüni başgalajakdygy, ondan aýra düşjekdigi ýadyna düşende, gynanyp bir bozuljak ýaly etdi. Emma dessine özüni dürsedi-de, sawçylyga gitmegiň aladasy bilen boluberdi.
Ahyrynda bu mukeddes ojagyň düýbüniň tutulmaly wagty gelip ýetdi. Hezreti Hatyjanyň kerweniniň Şamdan gelenine segsen bäş gün bolupdy. Sapar aýynyň soňky günleridi.[7] Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen hezreti Hatyjanyň (r.a) maşgalalarynyň arasyndaky gudaçylyk gatnaşygy ahyrynda öz miwesini bermäge başlady. Toýuň sähedi bellenildi. Şol mübärek gün ýetip gelende, Abdulmuttalybyň ogullary Ebu Talyp, hezreti Abbas[8] (r.a) hem-de hezreti Hamza (r.a) inileri hezreti Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen hezreti Hatyjanyň (r.a) nikasyny gyýmak üçin Huweýlidiň öýüne geldiler. Bu toýa iki tarapyň hem dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary çagyrylypdy. Goýun bary öldürilip, gazan bary atarylypdy, toý zyýapaty[9] üçin desterhan giňden ýazylypdy.[10]
Toýa gelen myhmanlara hezzet-hormat edilenden soňra ilki bolup Ebu Talyp söz aldy. Ol şol pursat başyndan geçirýän ajaýyp duýgularyny şahyrana beýan etmäge durdy:
– Bizi Ybraýymyň nesli, Ysmaýylyň kowmy edip ýaradan Alla hamdy-senalar bolsun! Bizi atly-abraýly nesliň zürýatlary kylan, bize ynsanlara hyzmat etmek bagtyny eçilen, mukaddes Öýüniň gullukçysy bolmak wezipesini berip, mertebämizi beýgelden, Haremi-Şerifiň sahyby kylan, ýaşaýan mekanymyz bolan şu mukaddes ýeri adamlaryň özüni rahat duýýan ýerine öwren, şeýtmek bilen bizi beýleki kowumlardan üstün kylan Oldur! Muňa hiç hili şübhe bolup bilmez! Doganymyň ogly Muhammet bin Abdulla hakynda aýtsam, ol siziň hem garyndaşyňyzdyr. Bilşiňiz ýaly, kureýşiň hiç bir ýigidi onuň bilen bäsleşip bilmez. Ol at-abraý, akyl-paýhas taýyndan olaryň ählisinden ýokarydyr! Dogry, maly-mülki az. Emma mal-mülk diýeniň näme?! Geçip gidýän bir kölege, salşykly çemçedir! Mundan soňra Onuň mertebesi hasam beýgeler! Men muňa ynanýaryn! Ol siziň gyzyňyz Hatyja öýlenmek isleýär. Hatyja-da Oňa durmuşa çykmaga razy. Galyň üçinem bir bölegi nagt, galan bölegini-de tiz wagtdan üzlüşmek şerti bilen on iki ukyýýe we bir neşş[11] berýärin! Ynha görersiňiz, biziň hemmämiz Onuň bilen baglanyşykly uly öwrülişikleriň, görlüp-eşidilmedik wakalaryň şaýady bolarys.[12]
Ebu Talybyň pähim-paýhasa ýugrulan çeper beýanyndan soňra söz nobatyny gyz tarapy aldy. Gyz tarapdan çykyp geplemek ilki bolup hezreti Hatyjanyň (r.a) mürşidi Waraka bin Newfeliň[13] paýyna düşdi. Ol Ebu Talyba garap, onuň aýdanlaryny tassyklaýjy äheňde şeýle diýdi:
– Aýdyşyň ýaly, abraýly, belent mertebeler bilen bizi beýleki ynsanlardan üstün kylan Alla hamdy-senalar bolsun! Biz araplaryň saýlantgy kowmudyrys, olaryň kethudalarydyrs. Munda şübhe ýokdur. Siz hem şeýle. Hiç bir arap siziň mertebeli, at-abraýly asylzada kişilerdiňigiňizi, edýän öwgä mynasyp işleriňizi inkär edip bilmez. Biz hem siziň belent mertebäňize, at-abraýyňyza şärik bolmak isleýäris. Eý, kureýşliler! Biziň hemmämiz bir kökden gelýäris, göýä bir daragtyň şahalarydyrys. Birimiziň abraýy hemmämiziň abraýy. Men Hatyja binti Huweýlidi ýaňky aýdylan galyňa razy bolup, Abdullanyň ogly Muhammede nikalap berdim.[14]
[1] Käbir çeşmelerde başgaçarak maglumatlara hem duş gelinýär. Hezreti Hatyja (r.a) gyz uýasy Hala bilen haryt satyp durka, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ammar (r.a) bilen tirkeşip, geçip barýar eken. Şonda hezreti Hatyja (r.a) Resulallanyň (s.a.w) on dördi gijäniň aýy kimin görmegeý, nazarkerde keşbini ýakyndan synlaýar. Soňra ol Muhammede (s.a.w) durmuşa çykmaga meýliniň bardygyny uýasyna aýdýar. Hale hem hezreti Ammaryň yzyndan ýetip, «Eý, Ammar! Hatyjanyň şeýle teklibi bar. Bu hakynda dostuň Muhammedül-Eminiň pikiri nähilikä?!» diýýär we bagtyýar maşgalanyň gurulmagynyň sebäpkäri bolýar. Ser.Zübeýr ibni Bekkar, «Müntehab», 1/5.
[2] Käbir çeşmelerde hezreti Hatyjanyň (r.a) hiç hili araçysyz, gönümel Pygamberimiziň (s.a.w) özüne habar iberendigi, bu habarynda näme üçin goş birikdirmek isleýändigini aýdandygy, «Meniň üçin kakamyň dogany Amr ibni Esediň ýanyna sözaýdyjy iber» diýendigi hakynda-da aýdylýar. Ser.Ibn Hişam, «Sire», 1/126; Belazuri, «Ensab», 1/97.
[3] Nefise binti Münýe Mekgäniň eýelenen güni musulman bolýar. Ol şol gün hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelýär, salam berip özüni tanadandan soňra Onuň (s.a.w) hezreti Hatyja (r.a) bilen toý tutan günlerini ýatladýan birki agyz söz aýdýar. Şonda Resulalla (s.a.w) Nefise binti Münýäni ýylgyryp garşy alýar, ýagdaýy bilen gyzyklanýar, her dürli sowgat serpaýlar bilen göwnüni alýar. Ser. Belazuri, «Ensab», 1/98.
[4] Hezreti Hatyjanyň (r.a) kakasynyň dogany Amr ibni Esed toýdan köp wagt geçmänkä, dünýesini täzeleýär.
[5] Ibnul Esir, «Üsdül-Gabe», 7/81; Ibni Abdulberr, «Istiab», 3/201.
[6] Käbir taryhy çeşmelerde bu waka başgaçarak hem gürrüň berilýär. Şol gün hezreti Hatyja (r.a) Resulallanyň (s.a.w) kakasynyň dogany Ebu Talyby öýüne nahara çagyrýar. Ol saçak başynda bu meseläni gozgaýar, «Eý, Ebu Talyp! Kakamyň dogany Amryň ýanyna gudaçylyga gel! Meni iniň Muhammedül-Emine (s.a.w) nikalap alyp ber!» diýýär. Şol günler inisini öýermek hakynda hiç-hili gürrüň hem gozgalmansoň, Ebu Talyp duýdansyz gelen bu teklibe haýran galýar. Ol hezreti Hatyjanyň ýüzüne ynamsyzlyk bilen garap, «Näme, meni oýnajak bolýarmyň?!» diýýär. Emma hezreti Hatyja «Haýran galyp oturasy zat ýok. Bu Allanyň ýazgydy» diýýär. Şondan soňra Ebu Talyp ýanyna haşymogullaryndan on sany kişini alyp, sawçylyga barýar.
[7] Şol wagt Pil wakasynyň üstünden ýigrimi bäş ýyl, iki aý, on gün geçen eken.
[8] Käbir çeşmelerde hezreti Hatyja (r.a) üçin gudaçylyga gelen toparyň arasynda hezreti Abbasyň (r.a) ady geçmeýär.
[9] Toý zyýapaty – Welime.
[10] Hezreti Hatyja (r.a) enemiz heniz hezreti Pygamberimiz (s.a.w) goş birikdirmänkä, Mekgäniň Ejýad diýen etrapçasynda «Galaly dag» diýlip atlandyrylýan, birwagtlar Osmanly döwründen galan gala ýerleşen ýerde ýaşaýardy. Ol soň-soňlar gyzy hezreti Zeýnebi (r.a) kakasynyň doganynyň ogly Ebul-Asa durmuşa çykaranda, bu öýüni olara sowgat beripdi. Haçanda Ebul-As musulman bolup, Medinä hijret edende, beýleki muhajirleriň öýleriniň, mal-mülkleriniň talanyşy ýaly, onuň hem öýi müşrik doganoglanlarynyň ygtyýaryna geçipdi. Şeýdip, hezreti Hatyja (r.a) enemizi ýatladyp duran bu öý elden çykypdy. Ser.Erzaki, «Ahbaru-Mekke», 2/234.
[11] Bir neşş ýigrimi dirheme, bir ukiýýe-de kyrk dirheme barabardyr. Şeýlelikde, Resulallanyň (s.a.w) hezreti Hatyja (r.a) enemize geçiren galyňy bäş ýüz dirhemdir. Bu bolsa häzirki döwrüň şertlerinde bir müň alty ýüz gram kümüşiň gymmatyna deňdir. Bir gün Ebu Seleme ibni Abdurrahman (r.a) hezreti Aýşeden (r.a) «Pygamberimiz enelerimize öýlenende näçeräk galyň geçirýärdi?» diýip soraýar. Hezreti Aýşe (r.a) enemiz «Resulalla (s.a.w) ýanýoldaşlaryna on iki ukiýýe we bir neşş galyň geçirýärdi» diýip jogap berýär. Hezreti Aýşe (r.a) Ebu Seleme (r.a) neşşiň nämedigini bilýän däldir diýen çak bilen ondan «Ýogsa-da, neşşiň nämedigini bilýärmiň?!» diýip soraýar. Ebu Seleme (r.a) «Ýok, bilemok» diýenden soňra mübärek enemiz neşşi düşündirýär: «Neşş – ýarym ukiýýedir. Jemini hasaplasaň, bäş ýüz dirhem bolýar. Bu Resulallanyň (s.a.w) ýanýoldaşlaryna geçiren galyňydyr». Ser.Hakim, «Müstedrek», 4/23 (6772).
[12] Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Hatyja (r.a) üçin belli bir bölegi nagt, galanyny soňundan bermek şerti bilen bäş ýüz dirhem galyň geçiripdi. Kabir çeşmelerde Ebu Talybyň aýdan galyňyndan başga-da Resulallanyň (s.a.w) hem ýigrimi düýe bermegi wada edendigi aýdylýar. Bu hem, ähtimal, şol döwrüň şertlerinde bäş ýüz dirheme barabar bolmaly. Ser.Ibni Hişam, «Sire», 1/126.
[13] Käbir çeşmelerde gyz tarapyň wekili bolup söz sözlän kişiniň hezreti Hatyjanyň (r.a) kakasy Huweýlid ibni Eseddigi hakynda aýdylsa-da, bu hakykata çaprazdyr. Sebäbi Huweýlid bu wakadan bäş ýa-da alty ýyl öň Fijar söweşinde (ýa-da bu söweşiň öň ýany) aradan çykypdyr.
[14] Asami, «Semtun-Nujum», 1/429.