Her kim niýetine görä hasap berer

Müminleriň enesi Aýşanyň (r.anha) aýtmagyna görä, Allanyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

«Bir goşun Käbäni basyp almak üçin ýola çykar. Çolaryp ýatan ýere ýetende, şol goşuny tutuşlygyna ýer ýuwdar».

Hezreti Aýşa: «Şol wagt men Ondan (aleýhyssalatu wessalam):

– Eý, Allanyň Resuly! Olaryň arasynda erbet niýeti bolmadyk ýa-da diňe söwda etmek maksady bilen gelenleri hem ýer ýuwdarmy? – diýip soranymda, Allanyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem):

– Hawa, hemmesini ýer hopar. Ýöne ahyretde täzeden direlensoňlar her kim niýetine görä hasap berer[1]diýdi».


[1] Buhary, Büýu 49; Muslim, Fiten 4/8.