Jihat we Niýet

Hezreti Aýşäniň (radiallahu anha) aýtmagyna görä, Pygamber sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

Mekgäniň fethinden (eýelemek) soňra hijret bolmaz, ýöne jihat (Allanyň adyny bütin dünýä ýaýmak we Alla barýan ýollary arçamak ugrunda tagalla etmek) we (jihada) niýet bolar. Alla ýolunda jihada çagyrylan wagtyňyz, eglenmäň![1]


Ebu Abdulla Jabir Ibn Abdulla el-Ensari (r.a) gürrüň berýär:

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bir söweşe gatnaşypdym. Şonda ol şeýle diýdi:

– Söweşe gidesi gelip, gidibilmän Medinede galan şeýle kimseler bar welin, olar siziň bilen birlikde söken ýoluňyzy söken ýaly, geçen jülgäňizi geçen ýaly hasaplanar. Sebäbi olar näsag bolup galanlardyr.

Başga bir hadysa görä şeýle diýipdir:

Olar siziň gazanan sogabyňyza deň şärikdir.[2]


Enes (r.a) gürrüň berýär:

–Tebük söweşinden dolanyp gelýärkäk, Pygamber sallallahu aleýhi wesellem  şeýle diýdi:

– Bize goşulyp bilmän, yzda – Medinede galan şeýle kimseler bar welin,  bir dag ýolundan ýa-da bir jülgeden ýöräp geçenimizde (nähili sogap gazanýan bolsak), olar hem biziň bilen ýöräp barýan dek deň sogap gazanarlar. Çünki olaryň siziň araňyza goşulyp bilmändiginiň esasly sebäbi bardyr.[3]


[1]Buhary,«Menakibul-ensar» 45, «Jihad» 1, 27, 184; Müslim, «Ha 445, «Imaret» 85;Tirmizi, «Siýer» 32; Nesai,«Beýat» 15.

[2]Müslim, Imare 159.

[3]Buhary,Megazy 81, Jihad 35. Şeýle hem ser: Ebu Dawud, Jihad 19; Ibni Maje, Jihad 6.