Ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamber aleýhyssalatu wessalam:
اِذَا مَشَوُا الْمُطَيْطَاءَ وَخَدَمَتْهُمْ بَنَاتُ فَارِسَ وَالرُّومِ، رَدَّ اللّهُ بَاْسَهُمْ بَيْنَهُمْ وَ سَلَّطَ شِرَارَهُمْ عَلَى خِيَارِهِمْ[1]
«Pars we rum gyzlary size hyzmat etmäge başlanda, içiňizde pitne döräp, biri-biriňiz bilen garpyşarsyňyz. Ana, şonda ýamanlaryňyz başyňyza geçip, ýagşylaryňyza musallat bolar» diýipdir. Otuz ýyl soňra habar berşi ýaly bolýar.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamber aleýhyssalatu wessalam:
وَتُفْتَحُ خَيْبَرُ عَلَى يَدَىْ عَلِىٍّ[2]
«Haýbar galasy Alynyň eli bilen synar» diýipdir. Garaşylandan hem tiz wagtda, ýagny şol sözüň aýdylan gününiň ertesi, hezreti Alynyň tagallasy bilen Haýbar galasy eýelenýär. Şol söweşde hezreti Aly galanyň derwezesini goparyp, galkan edip ulanypdyr. Söweş tamam bolansoň derwezäni hol beýläk oklap goýberipdir. Soňra şol derwezäni sekiz bolubam, käbir maglumatlara görä, kyrk adam bolubam göterip bilmändirler. Şeýlelikde, Pygamberiň (s.a.w) ýene bir gaýyby mugjyzasy tassyk bolýar.
Şeýle hem, Pygamber aleýhyssalatu wessalam:
لاَ تَقُومُ السَّاعَةُ حَتَّى تَقْتَتِلَ فِئَتَانِ دَعْوَاهُمَا وَاحِدَةٌ[3]
diýmek bilen, Syffyn diýilýän ýerde hezreti Aly bilen Muawiýäniň arasynda bolup geçen çaknyşygy öňünden habar beripdir.
* Şeýle hem, اِنَّ عَمَّارًا تَقْتُلُهُ الْفِئَةُ الْبَاغِيَةُ[4]
diýip, Ammaryň bagylar (pitneçiler) tarapyndan öldüriljegini habar beripdir. Hakykatdanam, ol Syffyn söweşinde öldürilýär. Hezreti Aly bu hadysany Muawiýäniň tarapdarlarynyň pitneçidigine delil edip görkezýär. Emma Muawiýe muňa özüçe düşündiriş berýär. Amr ibnul Asyň hem bu barada şeýle pikiri bar: «Pitneçiler diňe ony öldüren topardyr. Muňa hemmämiz degişli däldiris».
* Şeýle hem, pygamberimiz (saw):
اِنَّ الْفِتَنَ لاَ تَظْهَرُ مَا دَامَ عُمَرُ حَيًّا[5]
«Hezreti Omar sag-aman gezip ýörse, araňyzda pitne çykmaz» diýipdir. Şeýle-de bolupdyr.
* Süheýl ibni Amr heniz iman getirmänkä, musulmanlaryň eline ýesir düşýär. Şonda hezreti Omar Resuly-Ekreme (s.a.w) garap şeýle diýipdir: «Rugsat ber, munuň dişlerini sograýyn. Bu özüniň dilewarlygy bilen küreýşiň kapyrlaryny üstümize öjükdirme kemini goýmady». Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bolsa:
وَعَسَى اَنْ يَقُومَ مَقَامًا يَسُرُّكَ يَا عُمَرُ[6]
diýip, hezreti Omary köşeşdiripdir. Wagty-sagady dolup, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam dünýeden gaýdýar. Çekip-çydardan çökder, pajygaly bu hadysada hezreti Ebubekir Syddyk özüni ýitirmän, hutba bilen Medineýi-Münewweredäki sahabalary köşeşdirýär. Edil şonuň ýaly, Suheýl hem Ebubekir Syddygyň hutbasyna meňzeş hutba bilen çykyş edip, Mekkeýi-Mükerremedäki sahabalary köşeşdiripdir. Ýagny dilewarlygyny ýerlikli ulanypdyr. Aýdylyşyna görä, iki hutbanyň sözleri hutma-hut meňzeş eken.
* Şeýle hem, pygamberimiz (s.a.w) bir gezek Süraka şeýle diýipdir:
كَيْفَ بِكَ اِذَا اُلْبِسْتَ سُوَارَىْ كِسْرَى[7]
Ýagny Sürakanyň eline Eýran hökümdarynyň bilezikleriniň geçjegini habar beripdir. Dogrudanam, hezreti Omaryň halyf döwründe Eýran hökümdarlygy derbi-dagyn edilýär. Kisranyň bezeg şaý-sepleri, bilezikleri Medinä getirilýär. Şonda hezreti Omar şol bilezikleri Sürakanyň ellerine dakyşdyrýar-da şeýle diýýär:
اَلْحَمْدُ لِلّهِ الَّذِى سَلَبَهُمَا كِسْرَى وَاَلْبَسَهُمَا سُرَاقَةَ[8]
Şunlukda, Pygamberiň (s.a.w) ýene bir gaýyby habary tassyk bolýar.
* Şeýle hem, pygamberimiz (s.a.w):
اِذَا ذَهَبَ كِسْرَى فَلاَ كِسْرَى بَعْدَهُ[9]
«Pars kisrasy (gümüne) gidensoň, (ol ýurtda gaýdyp) kisra döremez» diýipdir. Aýdyşy ýaly hem bolýar.
* Şeýle hem, pygamberimiz (s.a.w) Eýran kisrasynyň ilçisine şeýle diýipdir: «Edil şu wagt kisranyň ogly Şirwiýe Perwiz kisrany öldürdi». Şonda ilçi muny anykladýar welin, hakykatdanam, pygamberimiziň (s.a.w) edil aýdan wagtynda şol hadysa bolup geçen ekeni. Ilçi şondan soňra yslam dinini kabul edýär. Başga bir hadysa görä, şol ilçiniň ady Firuz bolmaly.[10]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) Hatyb ibni Belteanyň kureýşlilere gizlinlikde hat ýollandygyny habar beripdir. «(Hat) pylan ýerde pylan kişidedir. Şony alyp geliň» diýip, hezreti Aly bilen Mikdady iberipdir. Olar salgy berlen ýerden haty tapyp alyp gaýdypdyrlar. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) Hatyby ýanyna çagyryp, ondan «Näme üçin beýtdiň?» diýip sorapdyr. Ol bolsa ötünç sorapdyr. Pygamberimiz (s.a.w) onuň ötünjini kabul edipdir.[11]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) يَاْكُلُهُ كَلْبُ اللّهِ[12] diýip, Utbe ibni Ebi Lehebiň ömrüniň soňunyň pajygaly gutarjagyny habar beripdir. Hakykatdanam, Utbe ibni Ebi Leheb Ýemen tarapyna gidip barýarka, bir ýolbarsa aw bolupdyr. Şunlukda, Pygamberiň (s.a.w) eden gargyşy ýerine düşýär we beren habary dogry bolup çykýar.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, şeýle bir waka bolup geçýär:
Mekge feth edilen güni hezreti Bilal Habeşi (r.a) Käbäniň üstüne çykyp, azan aýdýar. Şonda kureýşiň kethudalary Ebu Sufýan, Attab ibni Esid we Haris ibni Hişam dagy öz aralarynda hezreti Bilaly kemsidiji gürrüňler edýär. Attab: «Atam Peridiň bagty getiren ekeni, bu bolýan zady görmedi» diýse, Haris: «Muhammet indi azan aýtdyrmak üçin şu gara gargadan başga adam tapmadymyka?!» diýýär. Ebu Sufýan bolsa seresaplylygy elden bermeýär: «Men-ä zat diýip biljek däl. Şu töwerekde janly-jemende ýogam bolsa, Bathanyň şu daşlarynyň biz näme diýsek, Oňa ýetirerinden gorkýaryn» diýýär. Hakykatdanam, salym geçmänkä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bu üçüsi bilen gabatlaşýar. Olaryň arasynda bolup geçen gürrüňi birin-birin aýdyp berýär. Attab bilen Haris şol wagtyň özünde kelemeýi-şahadat getirip, musulman bolýar.[13]
Ine, eý, dinsiz görgüli! Eý, rehimsiz adam! Henizem pygamber aleýhyssalatu wessalymy ykrar etmeýärsiň! Kureýşiň şu iki kethudasyna barypýatan keçjal diýjeksiň, hatda şolaram onuň (s.a.w) ýekeje gaýyby habary bilen imana geldiler. Gaýypdan habar bermek ýaly magnawy tewatür mertebesindäki müňlerçe mugjyzadan habaryň bolubam, ýene-de ynanmazçylyk edýäň! Gör, seniň ýüregiň näderejede bozulypdyr! Ýeri bolýa-da, gürrüňimize dolanyp geleliň!
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Bedir söweşinde hezreti Abbas sahabalaryň eline ýesir düşýär. Oňa talap edilýän puly tölese, azat ediljekdigi aýdylýar. Ol bolsa pulunyň ýokdugyny aýdýar. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa: «Aýalyň Ümmi Fadl hem bilýär, pylan ýerde şunçarak puluňyz bar» diýýär. Hezreti Abbas: «Muny aýalym ikimizden başga hiç kim bilmeýärdi» diýip, Pygamberiň (s.a.w) sözüni tassyklaýar we iman getirýär.[14]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, jöhit milletinden Lebid diýýän netikaza jadygöýüň biri Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama zyýan ýetirjek bolupdyr. Ol bir daraga saç baryny orap, üfläp-çüfläp, bir guýa zyňypdyr. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam «Gidiň-de, pylan guýa doga edilip taşlanan pylan hili zatlary tapyp getiriň» diýip, hezreti Alyny we ýene birnäçe sahabany iberipdir. Olar salgy berlen ýerden şol zatlary tapyp getiripdirler. Daraga oralan saç tarlary sökülip aýryldygyça, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň hem ýagdaýy gowulaşmak bilen bolupdyr.[15]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Ebu Hüreýre we Huzeýfe ýaly möhüm şahsyýetler bolan bir köpçülikde:
ضِرْسُ اَحَدِكُمْ فِى النَّارِ اَعْظَمُ مِنْ اُحُدٍ[16]
diýip, şol ýerde bar bolan bir kişiniň dinden çykjagyny we onuň soňunyň ibaly gutarmajagyny habar beripdir. Ebu Hureýre soň bu barada şeýle diýip gürrüň beripdir: «Iň soňunda şol adamlaryň arasyndan men we ýene bir adam, iki kişi bolup galdyk. (Pygamberiň aýdan şol kişisi menmikäm diýip) gaty gorkdum. Ýöne beýleki adam Ýemame urşunda Müseýlimäniň tarapynda söweşip, dinsiz bolup öldi». Şunlukda, Pygamberiň (s.a.w) beren habary dogry bolup çykdy.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, heniz musulman bolmankalar, Umeýr Safwanyň teklip eden ýoňsuz emlägine başy aýlanyp, Pygamberiň (s.a.w) kastyna çykýar. Haçanda Umeýr Medinä gelende, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ony görüp, ýanyna çagyrýar. Eliniň aýasyny Umeýriň döşüne goýup, ondan: «Safwan ikiňiziň şeýleräk niýetiňiz bar gerek?» diýip soraýar. Umeýrem muny boýun alýar we musulman bolýar.[17]
Ine, şuňa meňzeş amala aşan ýene kän gaýyby sahyh habar bar. Iň ygtybarly hadys kitaplary bolan meşhur Kutubu-Sittede olaryň hemmesi, senetleri (gürrüň berijileri) bilen beýan edilýär. Bu eserde beýan edilýän wakalaryň köpüsi magnawy tewatür mertebesindäki anyk habarlara daýanýar. Olar barada Yslam ulamasynyň Kurandan soňra iň ygtybarly hasaplaýan Buharyda, Müslimde, galyberse, Tirmiziniň, Nesaýynyň, Ebu Dawudyň «Sahyhynda», Hakimiň, Ahmed Ibni Hanbeliň «Müsnedinde» we Beýhakynyň «Delailinde» bütin senetleri bilen berlipdir.
Eý, huşuny ýitiren dinsiz! «Milleti arap bolan Muhammet (s.a.w) akylly adam bolupdyr» diýip, ony häki bir adaty adam hasabynda görjek bolma! Sebäbi Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň gaýypdan habar bermegini iki hili düşündirip bolar: Ýa-ha «Bu mübärek şahsyň şeýle bir ötgür nazary, şeýle bir ýiti zehini bar welin, geçmişi, geljegi, Gündogary, Günbatary, bütin dünýäni, bütin wagtlary bir wagtyň özünde görüp bilýär» diýmeli bolýar. Bu bolsa adam oglunyň başarjak zady däl. Dogry, bu ukyp älemiň Halygynyň oňa beren ajaýyplygy, serpaýy bolsa, başga gürrüň. Onuň ýaly bolsa, bu özbaşyna bir mugjyzadyr, özi hem taýsyz mugjyza. Ýa bolmasa-da, ine, şu pikir bilen ylalaşmaly bolarsyň: «Bu mübärek şahs şeýle bir Barlygyň wekili, şägirdi welin, Şol Barlyk her bir zady görýär, her bir zady dolandyrýar. Älemiň bütin barlyklary, bütin eýýamlar Onuň emrinde. Onuň ägirt depderinde her zat ýazylgy. Islän wagty islän zadyny şol şägirdine bildirýär, görkezýär. Diýmek, asly arap bolan Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň Ezeli Halypasy bar eken, öňünçä ondan sapak alýan eken, soňra öwrenen zadyny başgalara bildirýän eken».
Ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) Duwmetül-Jendel kowmunyň serdary Ukeýdiriň ýanyna hezreti Halidi söweşe ýollan wagty oňa şeýle diýipdir:
اِنَّكَ تَجِدُهُ يَصِيدُ الْبَقَرَ[18]
Şol sanda onuň uruşsuz-zatsyz boýun synjagyny habar beripdir. Hakykatdanam, Ukeýdir aw edip ýören eken. Hezreti Halid ony şol taýdan ýesir edip alyp gaýdýar.
Ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) kureýşileriň haşymogullary hakdaky Käbäniň içinde asylyp goýlan ýazgyly kagyz dogrusynda şeýle diýipdir: «Gurçuklar ýazan ýazgyňyzy iýip gutardylar. Ýazgynyň diňe Allanyň ady geçýän ýeri galdy». Baryp görseler, Pygamberiň (s.a.w) aýdyşy ýaly eken.[19]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) «Beýtul-Makdis eýelenende mergi keseli dörär» diýipdir. Hezreti Omaryň döwründe Beýtul-Makdis alynýar. Hakykatdanam, şonda mergi keseli döräp, üç günde ýetmiş müň adam gyrylýar.[20]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şol wagt Ýer ýüzünde heniz ady hem bolmadyk Basra, Bagdat ýaly şäherleriň dörejegini, Bagdada dünýäniň hazynalarynyň çekiljegini,[21] türki halklaryň we Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýaşaýan milletleriň araplara garşy söweş alyp barjagyny, soňra bolsa olaryň köpçülikleýin yslam dinini kabul etjegini, arap bolmadyklaryň araplara hökümdarlyk etjegini habar beripdir:
يُوشِكُ اَنْ يَكْثُرَ فِيكُمُ الْعَجَمُ يَاْكُلُونَ فَيْئَكُمْ وَيَضْرِبُونَ رِقَابَكُمْ[22]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, şeýle diýipdir:
هَلاَكُ اُمَّتِى عَلَى يَدِ اُغَيْلِمَةٍ مِنْ قُرَيْشٍ[23]
Ýagny Ýezid, Welid ýaly emewi hökümdarlaryň etjek ýykgynçylygy dogrusynda habar beripdir.
Şeýle hem, Ýemame ýaly käbir ýerlerde dinden çykmalaryň boljagyny habar beripdir.[24]
Şeýle hem, meşhur Hendek söweşinde şeýle diýipdir:
اِنَّ قُرَيْشًا وَاْلاَحْزَابَ لاَ يَغْزُونِى اَبَدًا وَاَنَا اَغْزُوهُمْ[25]
«Mundan soňra olar maňa däl, eýsem men olara hüjüm ederin». Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) dünýeden ötmezden bir-iki aý öňünçä, ine, şu sözler bilen özüniň aradan çykjagyny habar beripdir:
اِنَّ عَبْدًا خُيِّرَ فَاخْتَارَ مَا عِنْدَ اللّهِ[26]
Şeýle hem, Pygamberimiz (s.a.w) Zeýd ibni Suwahan barada şeýle diýipdir:
يَسْبِقُ عُضْوٌ مِنْهُ اِلَى الْجَنَّةِ[27]
Zeýdiň özünden öňünçä bir beden agzasynyň şehit ediljegini habar beripdir. Az wagt soňra Nihawend söweşinde Zeýd bir elini aldyrýar. Şunlukda, onuň eli «şehit» bolup, özünden öňürti jennete gidýär.
Pygamberimiziň (s.a.w) gaýypdan habar bermegi Onuň on dürli mugjyzasyndan diňe birisidir. Getiren mysallarymyz bolsa onuň ondan birisi hem däldir. Ýokarda beýan edenlerimiziň üstüne «Ýigrimi bäşinji sözde» geçýänleri hem goşanymyzda, köp ýola gaýtalanan gaýypdan habar bermek mugjyzasynyň diňe dört görnüşi bilen tanşypdyrys. Bu eserdäkiler bilen «Ýigrimi bäşinji sözde» Kuranyň dili bilen beýan edilen gaýyby habaryň dört görnüşini birlikde göz öňüne getirip görüň! Şonda bu mugjyza görnüşiniň nähili ygtybarly, nähili parlak, nähili kuwwatly, nähili güýçli pygamberlik delili bolup durýandygyny bilersiňiz! Şonda kalby bozulmadyk, akylyny ýitirmedik adam Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň Halyky-Külli Şeý we Allamul-Guýub bolan bir Zaty-Zülejelalyň resulydygyna, habarçysydygyna hökman ynanar!
[1] «Jamiul-Usul», 10/40; Kady Yýaz, «Şifa» 1/237; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid» 10/232, 237).
[2] «Musned» 5/333.
[3] «Birmeňzeş maksada gulluk edýän iki goşunyň arasynda uruş turman, kyýamat gopmaz». («Sahihul-Jamius-Sagyr», 6/174; Muslim, «Fiten» 4).
[4] «Ammary pitneçiler öldürer». (Kady Yýaz, «Şifa», 1/339).
[5] Buhary, 4/238.
[6] «Eý, Omar! Ynha, bir gün geler welin, (bu adam) seni begendirjek mertebä ýeter». («Isabe», 2/93-94; Hakim, «Mustedrek» 4/282).
[7]«Kisranyň bileziklerini (elleriňe) dakynanyňda nähili boljagyňy bilýämiň?» (Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/703).
[8] «Bulary (bilezikleri) Kisranyň golundan sypyryp, Sürekanyň eline dakdyran Allama hamd-sena bolsun!» (Kady Yýaz, «Şifa» 1/344).
[9] Tuhfetul-Ahwezi, 6/4562, 463.
[10] Kady Yýaz, «Şifa», 1/343; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1:00; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 4/390.
[11] Sahihi-Buhary, 4/72; Sahihi-Muslim, hadys № 2494; Kady Yýaz, «Şifa», 1/342.
[12] «Ony Allanyň köpegi iýer». Aliýýull-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1/664; «Jemiul-Fewaid», 2/64.
[13] Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 5/75; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1/750.
[14] Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 6/85;Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 1/516;
[15] «Sahyhy-Muslim», 4/1720, hadys № 2189; «Sahyhy-Buhary, 4/148; Ibni Maje, hadys № 3545.
[16] «Siziň biriňiziň dişi dowzahda Uhud dagyndan uly bolar». (Kady Yýaz, «Şifa», 1/342; Aliýýull-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/298.)
[17] Kady Yýaz, «Şifa», 1/344; Aliýýull-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/342; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 8/284, 286.
[18] «Sen onu ýabany sygyr awlap ýörkä, üstünden bararsyň». Kady Yýaz, «Şifa», 1/344; Hakim, «Müstedrek», 4/519.
[19] Kady Yýaz, «Şifa» 1/345; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 2/311.
[20] Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/383; Müsned, 4/195, 196.
[21] Ajluny, «Kenzul-Ummal», 14/218, 279; Müsnedul-Firdews, 2/73; Jemul-Fewaid, 2/600.
[22] «Örän ýakyn wagtda araňyzda arap bolmadyklar köpeler. Mal-emlägiňizi iýerler. Boýnuňyzdan başyňyzy uçrarlar». Kady Yýaz, «Şifa» 1/345.
[23] «Ymmatym birnäçe küreýşli jahylyň eli bilen heläkçilige uçrar». Buhary, «Fiten» 60; Müsned, 2/324.
[24] Buhary, 5/141; Müslim, 4/2274; Beýhaky, Delailun-Nübüwwe, 5/334-336, 6/358, 360.
[25] «Kureşliler we müşrikler mundan beýläk maňa garşy söweş yglan etmezler. Gaýtam men olara söweş yglan ederin». (Müsned, 4/262; Buhary, 5/141; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe, 3/457.
[26] «Bir gula bu dünýe ýaşaýşyny ýa-da ölümi saýlap almagy soraldy. Ol Allanyň gatyny saýlap aldy». Buhary, 1/126; Müslim, 4/1854; Taç, 3/306-307.
[27] «Ondan öňünçä bir agazasy jennete gider». Kady Yýaz, «Şifa» 1/343; Jemul-Fewaid, 2/568.