Ebu Ýezid Man Ibni Ýezid Ibni Ahnes (r.a) (Manyň özi hem, kakasy Ýezid hem, atasy Ahnes hem sahabadyr) gürrüň berýär:
–Kakam Ýezid sadaka bermek üçin ýany bilen birki dinar aldy-da, Mesjidi-Nebewä bardy. Puly şol ýerde oturan biriniň golaýynda goýdy hem welin, men baryp, şol pullary aldym. Soňra kakama baryp aýtdym. Şonda kakam maňa:
–Alla şaýatdyr, men olary sen alarsyň diýip (o taýda) goýmandym – diýensoň, men Allanyň resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem ) ýanyna bardym we bolan zady bolşy ýaly aýdyp berdim. Şonda hezreti Pygamber (sallallahu aleýhi wesellem ) şeýle diýdi:
– Ýezid! Sen niýetiňdäki sadaka sogabyny gazandyň. Man! Alan pullaryň hem seniňki.[1]
Jennet bilen buşlanan on sahabanyň birisi bolan Ebu Ishak Sad Ebu Wakkas (r.a) gürrüň berýär:
–«Weda hajynyň» bolan ýyly (Mekgede) agyr kesele ýolukdym. Şonda Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem halymdan habar almaga geldi. Şonda men ondan:
– Eý, Allanyň resuly! Görşüň ýaly, ýolugan derdim agyr. Men barly adam. Ýeke gyzymdan başga mirasdarym ýok. Emlägimiň üçden iki bölegini sadaka hökmünde garyp-gasara paýlaýynmy? – diýip soradym.
Hezreti Pygamber (s.a.w):
– Ýok (beýtme) – diýdi. Men:
– Ýarysyny paýlaýynmy? – diýdim. Ol ýene-de:
– Ýok – diýdi. Onsoň men ondan:
– Eýsem, üçden birisine näme diýýärsiň? – diýip soradym. Şonda ol:
– Üçden birisini paýla! Dogrusy, ol hem kän bolýar. (Yzyňdakylary) hiç zatsyz, halka elgarama edip gideniňden, mirasyňy goýup, barly edip gideniň haýyrlydyr. Allanyň razylygy üçin bir zat eden bolsaň, hatda ýanýoldaşyňa agzyna tutup beren lukmaňa deňiç eden her bir ýagşylygyň sogapsyz galdyrylmaz – diýdi.
Sad Ibni Wakkas sözüni şeýle dowam etdirdi:
– Eý, Allanyň resuly! Egindeşlerim gidip, men bärde galýarynmy (bu ýerde ölýärinmi)? – diýip soradym. Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam:
– Ýok, sen bärde galmaýarsyň. Allanyň razylygy üçin haýyrly işler edip, belent mertebelere ýetýärsiň. Enşalla, seniň ömrüň uzak bolar, kimlere (müminlere) peýda, kimlere (kapyrlara) zyýan getirersiň.
– Eý, Rebbim! Ashabymyň (Mekgeden Medinä) hijretini tamam kyl! Olary yzlaryna dolap, hijretlerini ýarym eýleme! Sad Ibn Hawle agyr ýagdaýda ýatyr!
(Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem bu sözler bilen Sad Ibni Hawle Mekgede aradan çykar öýdüp, oňa gynanjyny bildirýärdi.)[2]
[1]Buhary, Zekat 15. Şeýle hem, ser: Darimi, Zekat 14; Ahmed Ibni Hanbel, Müsned, III, 470.
[2] Buhari, «Jenaiz» 36, «Wesaýa» 2, «Nefekat» 1, «Merda» 16, «Daawat» 43, «Feraiz» 6; Müslim, «Wasiýýet» 5. Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Feraiz» 3; Tirmizi, «Wesaýa» 1; Nesai, «Wesaýa» 3; Ibni Maje, «Wesaýa» 5.