Ilkinji aňtawçy topar

Hijretden ýedi aý soň, remezan aýynda Resulalla (s.a.w) özüniň agasy hezreti Hamzany (r.a) muhajirlerden 30 atla baştutan edip, kureýş müşrikleriniň 300 atly goragçysy bolan Damaskdan Mekgä barýan kerwenini göz astyna almak üçin iberdi. Atlylaryň içinde ýekeje-de ensar ýokdy. Çünki ensar Pygamberimizi (s.a.w) diňe Medinäniň içinde goramaga söz beripdi. Şonuň üçin Resulalla (s.a.w) Bedir urşuna çenli ensardan hiç kimi goşuna kabul etmedi.

Medineden ýola çykan hezreti Hamza (r.a) Seýfül-Bahre diýen ýerde kureýş kerwenine gabat geldi. Bu kerwende Ebu Jehil hem bardy. Taraplar garpyşmaga taýýarlanan wagty, juhanileriň baştutany Mejdiý bin Amr ara düşüp, çaknyşygyň öňüni aldy. Kureýş kerweni Mekgä tarap ýoluny dowam etdirensoň, hezreti Hamza-da (r.a) ýanyndakylar bilen Medinä gaýtdy. Pygamberimiz (s.a.w) gan döküşligiň bolmandygyna begendi.