Übeýde bin Harisiň aňtawçy topary

Hezreti Hamza (r.a) Medinä dolanandan soňra Pygamberimiz (s.a.w) Şewwal aýynda Übeýde bin Harisi (r.a) Nabig jülgesine iberdi. Ol muhajirlerden altmyş atla serkerdelik edýärdi. Hezreti Übeýde (r.a) Nabig jülgesine baranda kureýş müşrikleriniň 200 adamlyk goşunyna gabat geldi. Olar bir-birlerine ok ýagdyrdylar. Musulmanlaryň tarapyndan ilkinji oky hezreti Sad bin Ebi Wakkas (r.a) atdy. Bu Alla ýolunda atylan ilkinji okdy. Mundan soňra olar söweşmediler. Şol wagt ir musulman bolup, Medinä gelmegiň ebeteýini tapman ýören Mikdad bin Amr bilen Utbe bin Gazwan hem müşrik goşunyndan aýrylyp, musulmanlara goşuldy.