Giriş
Tälim-terbiýäniň ähmiýeti
Ýaradylan bütin barlyklaryň arasynda iň saýlantgy, iň hormatly mertebe adama degişlidir. Çünki beýleki barlyklaryň tebigy ýaradylyşlary çäklendirilendir, olar şonuň daşyna çykyp bilmeýärler, emma adam dowamly ösüşde bolmaga, kämilleşmäge, häkimiýet, medeniýet döretmäge meýilli häsiýetde ýaradylandyr. Şol sebäpli hökümdarlar, ýeňijiler, oýlap tapyjylar, weliler, alymlar, inženerler, hünärmentler… hemişe adamlaryň arasyndan çykypdyr.
Adam beýleki barlyklardan tapawutlydyr. Ony tapawutlandyrýan, beýleki jandarlardan has ýokary mertebä çykarýan zat bolsa, tebigy ýaradylyşynda goýlan ukyplardyr, olaryň kämilleşmegidir. Ukyplary ösdürýän, munuň saýasynda adamyň mertebesiniň beýgelmegine sebäp bolýan iň uly amal bolsa tälim-terbiýedir. Diýmek, adamy beýleki janly-jandarlardan has belent derejä göterýän, ähmiýetli eýleýän zat okamak, öwrenmek, terbiýelenmekdir. Şonuň üçin öwrenmek adamlaryň iň uly üns bermeli zadydyr. Adamlaryň arasyndaky ösüş-tesiş, beýiklik-peslik, ukyplylyk-ukypsyzlyk… ýaly ähli tapawutlaryň, esasan, tälim-terbiýeden we onuň hiliniň gowulygyndan ýa-da erbetliginden döreýändigini arkaýyn aýdyp bileris. Bu sebäpden garaşsyz we ösüş ýolunda bolan her bir milletiň her bir maşgalasynyň her bir agzasynyň gündelik ýaşaýşynda telim-terbiýe esasy orun eýeleýär.
Galyberse-de, adamzadyň iň möhüm gurluşy bolan pygamberlik-de aslynda, tälim-terbiýe ojagydyr. Çünki söýgüli Pygamberimiz hezreti Muhammed aleýhisselatu wesselam hem «Men mugallym edilip iberildim»[1] diýýär. Diňe Ol (s.a.w) däl, eýsem ähli pygamberler hem mugallymdyr. Olaryň ilkinjisi hezreti Adam (a.s) atamyzdyr. Ol pygamberligi bilen birhatarda mugallymdy. Ýagny Ýer ýüzünde hiç hili adam ýok wagty, ilki bilen olaryň mugallymy ýaradylypdy.
Ine, mugallym adama şunuň ýaly mätäçdir. Medeniýetler baýlaşyp, tehnika ösdügiçe, adamlaryň aň-ylym derejesi ýokarlandygyça adamzadyň mugallyma bolan zerurlygy azalmaýar, gaýtam, şoňa görä artýar. Adamzat täze bir sahypa açyp, uly tizlik bilen dünýä döwletine öwrülmäge tarap barýan şu döwründe tälim-terbiýä bolan zerurlyk has-da artdy. Ýakyn gelejekde döwletleriň güýç synanyşygynda belki-de, ýaraglar sem bolup, onuň ýerini galamlardan akan syýalar, laborotoriýalarda, synag meýdançalarynda dökülen derler alar.
Adamzadyň gelejegini meýilleşdirýänler eýýämden erkinligiň, hususan-da, syýasy we ylmy erkinligiň çäginiň daraldyljakdygyny aýdýarlar. Dünýäniň häkimiýetini eýelänleriň edýän çykyşlaryndaky beýanlaryndan: «Siz arkaýyn iýip-içip, güýmenjäňiz bilen boluberiň! Kelläni işletmek, ylmy açyşlar etmek, tehnologiýa döretmek biziň işimiz» diýen manyny aňmak kyn däl. Ýagny bütin dünýä hökümini ýöredip biljek güýje eýe bolan döwlet öz häkimiýetiniň irde-giçde güýçden gaçyp çökmezligi, başga bir döwletiň güýçlenip, özi bilen bäsdeş bolup bilmezligi üçin özünden gaýry ähli halklary, döwletleri milli we ruhy gymmatlaryndan mahrum etmegiň ugrunda bolar. Hut şu sebäpden dünýä döwletini gurmaga çalyşýan toparyň dolandyryjylarynyň biri «Dünýä döwleti gurlan wagtynda öňki-soňky ähli gymmatlyklar ýok bolar» diýýär. Olaryň ideýasyna görä, ömrüni iýip-içip, toý-meýlis, keýpi-sapa bilen geçirmegiň pikirinde bolan, gorajak, ugrunda janyny pida etjek hiç hili maddy-ruhy gymmatlygy bolmaýan adamlary dolandyrmak aňsatdyr. Jemgyýetler şeýle ýagdaýa getirilende, propogandany we jemgyýetçilik pikirleri islän ugruňa ýöneldirmek bilen köpçüligi ýekeje tüýdügiň sesine ýatyryp-turuzmak mümkindir. Adamlary şeýle galyba salmak hem ulgamlaýyn, dowamly tälim-terbiýäni talap edýär. Dünýä döwletini guraýjylar özleriniň pikir-düşünjelerini dünýäniň ähli halklarynyň ylym-bilim berýän edaralaryna, radio, telewideniýe, gazet, žurnal ýaly bütin habar beriş serişdelerine mejbury kabul etdirip, olaryň meýilnamalaryny, programmalaryny, dolandyryş merkezlerini özlerine hyzmat etdirmek bilen amala aşyrýarlar. Galyberse-de, ýokarda gürrüňini eden kişimiz, ýagny dünýä döwletiniň esaslandyryjylarynyň biri dünýä döwleti gurlanda ähli erkinlikleriň, azatlygyň ýok boljagyny, onuň ýerini diýdimzorlugyň, mejbury kabul etdirilmeleriň aljakdygyny, munuň hem, esasan, dört sany möhüm ugurda boljakdygyny ýaňzydýar: syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we çaga dogluşyny çäklendirmek maksady bilen maşgalada. Adamzadyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlygy bolan erkinliginden ýüz öwrüp, onuň dünýä döwletine nädip satylyp bilinjekdiginiň ýoly-da görkezilýär: adamlaryň howpsuzlyk, rahatlyk duýgusyny gysaja salmak (manipulýasiýa etmek, ýagny ýalan, hileli oýunlar bilen adamlaryň aýagyny bir gonja sokmak). Dünýä döwletini gurujylaryň biri munuň hem üç sany ugurda meýilnama esasynda durmuşa geçiriljekdigini aýdýar. Ýagny anarhiýa bilen «jan howpsuzlygyny», ykdysady çökgünlik bilen «azyk howpsuzlygyny», sosial bölünişigiň üsti bilen, ýagny jemgyýeti dini, milli, mezhep, ideologiki (medeni-yza galak, dini mekdepli-liseýli, hijaply-hijapsyz) ýaly toparlanyşyklara bölüp, «sosial adalat howpsuzlygyny» ýok edip, adamlaryň durmuşdan doýruljakdygyny aç-açan duýdurýar. Şeýle hem adamlaryň satan iň gymmat bahaly zatlary bolan erkinlikleriniň ýerine Dünýä döwletiniň bu üç ugurda rahatlygy wada berýändigini, ýagny Ýewropanyň ýaşaýjylaryndan galan bütin adamzada işçi synpy statusy berlip, ýewropalaşdyryljakdygyny beýan edýär. Dünýäde, hususan-da yslam älemindäki bu üç ugurda çekilýän kynçylyklaryň aňyrsynda-da hut şu hakykat ýatyr.
Göz öňüne getirip görüň, dünýämiz göze, gulaga, hatda aň-düşünjä ýüzlenýän örän köp habar beriş serişdeleri bilen adamzady ýesir alypdyr hem-de belli bir ideologiýa ugrukdyrylýar. Muny başga bir günbatarlynyň dili bilen aýtsak, adam sosial gurşawy taýyndan «alamatlardyr şekiller, goh-galmagal bilen doldurylan gozanyň içinde tussag edilen möjejige çalym edýär» (Keane, sah 167). Şeýle ýagdaýdaky adamyň özüni we jogapkärçiligi astyndaky maşgala agzalaryny öz ynanjynyň, ruhy gymmatlyklarynyň çäginde gorap, daşky täsirlerden halas edip bilmegi örän kyndyr. Kyndyr, emma mümkindir. Eger mümkin bolmasady, Kuran adama eden işlerinden, ylaýta-da maşgalasynyň sagadatyndan we betbagtlygyndan, dünýäde we ahyretde düşjek ýagdaýyndan jogapkärçilik çekdirmezdi.
Alla ynsany synamak üçin ýaradypdyr. Synagyň şertleri käwagt örän agyr bolup biler. Emma adamyň ýasawynda islendik kynçylygy ýeňip geçip biljek ukyp-başarnyklar goýlupdyr. Eger adam boýnuna ýüklenen ylahy jogapkärçiligiň ähmiýetini duýup, ýasawynda goýlan şänik halyndaky ukyp-başarnyklaryny işjeňleşdirip, herekete geçirip bilse, ýeňip bilmejek, hötdesinden gelmejek kynçylygy ýokdur. Şirini üçin daglary ýaran Perhada perzendini dogry ýolda ýetişdirmek kyn düşmez. Adamzadyň taryhynda muňa näçe diýseň mysal bar. Meselem, Kurany-Kerim Fyrawunyň çekip-çydardan çökder zulumdyr gadaganlyklaryny, hezreti Musanyň (a.s) onuň diýdimzorlugyna garşy alyp baran hereketlerini we munuň netijesinde halas boluşlaryny mysal getirýär. Biz bu hakynda kitabyň bölümlerinde giňişleýin durup geçeris.
Kuranda beýan edilýän kyssalar bize diňe geçmişi öwretmek bilen çäklenmän, eýsem gelejekde başymyza gelip biljek hadysalary-da habar berýär. Ýagny iman bilen küfüriň arasyndaky göreşiň geçmişde bolup geçen bir mysalyny gürrüň berip, gelejekde şeýle ýagdaýa duçar bolnanda nähili hereket etmelidiginiň ugur-ýoluny salgy berýär. Bu sebäpden Kuranyň şunuň ýaly kyssalarynda salgy berilýän iň kiçijik aýratynlygyň hem bize üstünlik gazandyrjak, takyk, kesgitli, Allanyň razylygyna muwapyk iş metodlaryny, täsirli çäreleri guramakda uly ähmiýeti bardyr.
Ine, bu eseriň ýazylmagynyň hem asyl maksady şunuň ýaly örän çynlakaý, derwaýys, möhüm meseläniň üstünlikli çözülmegine, bu agyr kynçylygyň hötdesinden gelinmegine ýardam etmekdir. Bu maksat bilen ilki aýatdyr hadyslar arkaly üstümize düşen jogapkärçiligiň näderejede agyrdygyny görkezmäge, soňra bu mesele bilen baglanyşykly kynçylyklaryň çözgüdini we öýlerimizi ylym-bilim ojagyna öwürmegiň zerurlygyny düşündirmäge çalşarys.[2] Mundan başga-da eserde erjellik bilen üstünde duruljak ýene bir aýratynlyk bar. Ol hem ähli kynçylyklary ýeňip geçmegimiz üçin zerur bolan güýjüň öz içimizde, erk-eradamyzda ýerleşdirilendigini subut etmekdir.[3]
Eseriň başynda okyjylarymyza şuny-da aýtmak isleýärin, ýagny degiljek käbir mowzuklar häzirki döwrümiziň şertlerine uýgun gelmän biler ýa-da amala aşmagy üçin örän uzak wagt gerek bolar. Biz muny adaty zat hasap edýäris. Çünki birnäçe aýratynlyklary we maslahatlary, teklipleri Türkiýäniň daşynda ýaşaýan ýurtdaşlarymyzy we olaryň tapawutly şertlerini, hatda gelejekde ýüzbe-ýüz bolmagymyz ähtimal agyr kynçylyklary-da göz öňünde tutup, eserimizde olara-da ýer bermegi makul bildik.
Dünýäniň islendik künjünde şertleriň duýdansyz üýtgäp biljekdigini hiç kim inkär edip bilmez. Meselem, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-daky Ekizler binasynyň partladylmagy bilen yslam dünýäsiniň we musulmanlaryň garşysyna bir propoganda başlapdy. Bu ýyldyrym çaltlygynda bütin Ýer ýüzüne täsirini ýetiripdi. Şeýle hadysalaryň öňümizdäki ýyllarda gaýtalanmajakdygyna hiç kim kepil geçip bilmez. Hatda şeýle oýunlary guraýjylar öňki ýykgynçylyklaryndan edinen tejribeleriniň ýardamy bilen has elhenç, örän gizlin, mekir, has betbagtçylykly hadysalary başymyza salyp bilerler.
Ahyrzaman pitnesi bilen synag edilýäris. Bu synagdan sag-aman geçip bilmegimiz üçin Kuranda we Sünnetde görkezilen syraty-mustakymdan (dogry ýoldan), ylahy wahýyň görkezýän ýolundan aýrylmaly däldiris.
[1] Ibn Maje, «Mukaddime» 17; Darimi, «Mukaddime» 32.
[2] Başlangyçda ilki jogapkärçilik meselesiniň üstünde durmak hakynda pikir eden hem bolsak, soňunda Kurany-Kerimde beýan edilýän we «Halas boluş gözükdirmesi» hökmünde gören bu aýaty düşündirmegi makul gördük. Şeýlelikde, gürrüňi edilýän meseläniň ähmiýeti okyjy üçin has düşnükli bolar. Kynçylygy ýeňip geçmegiň mümkindigini, onuň ugur-ýollaryny öňünden görüp biler diýip umyt etdik. Enşalla, munuň üsti bilen maşgaladaky terbiýe meselesine has-da çynlakaý çemeleşiler.
[3] Eseriň başynda şuny belläp geçeliň: käbir esasy düşünjeleri, pikirleri, olary beýan edýän, anyklaşdyrýan aýatdyr hadyslary aňymyzda düýpli ornaşdyrmak üçin olary ýygy-ýygydan gaýtaladyk. Aslynda bir meseläniň üstünde gaýta-gaýta durmak Kuranyň metodydyr. Çünki gaýtalamakda manyny güýçlendirmek, meseläni kesgitlemek, berkitmek bardyr.