Owaly bilen, şuny bilmek gerek: pygambere ýanýoldaş bolmak aňsat däldir. Pygamber bilen bir ýassyga baş goýan zenan uly jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny bilmelidir. Ol özüniň gazanjak sogabynyň-da, günäsiniň-de adaty zenanlaryňkydan iki esse boljagyny unutmaly däldir. Hut şol sebäpli Kuran hem gönüden-göni päkize enelerimize ýüzlenip: «Eý, pygamberiň aýallary! Siz adaty zenanlar ýaly dälsiňiz!»[1] diýýär:
– Eý, pygamberiň aýallary! Sizden kimdir biri bihaýa iş etse, oňa beriljek azap iki esse artdyrylar. Bu Alla üçin örän aňsatdyr. Emma sizden kim Allaha we Onuň resulyna tabyn bolup, gowy işler etse, onuň sylagyny hem iki esse bereris. Biz onuň üçin (jennetde) bol-elin (nygmatlar) rysk taýynlap goýandyrys.[2]
Şeýle hem Kuran aýatlarynda aýdyň beýan edilişi ýaly, her bir amalynda wahyýa[3] esaslanýan Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) öýlenmek babatynda-da öz islegine, pikirine görä däl-de, eýsem Allanyň görkezmesi, emri boýunça hereket edipdir. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) bu barada ine, şeýle diýipdir:
– Men öýlenenimde-de, gyzlarymy durmuşa çykaranymda-da Alladan bidin hereket etmedim. Bularyň hemmesi Jebraýylyň habar bermeginde Allanyň rugsady bilen amala aşdy[4].
Pygamberimiziň (s.a.w) aýallary Allany razy etjek mertebedäki zenanlar bolandygy şeksizdir. Allatagala hezreti Muhammedi (sallallahu aleýhi we sellem) pygamber saýlap-seçişi ýaly, onuň üçin «ezwaji-tahirat» diýip atlandyrylýan päkize enelerimizi-de (radyýallahu anhünne) saýlap-seçipdir. Ýagny pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) sözüň doly manysynda ýanýoldaş bolup biljek şol zenanlaryň ykbalyny Onuň durmuşy bilen birleşdiripdir. Resulalla (sallallahu aleýhi we sellem) bu barada şeýle diýýär:
– Alla meniň diňe jennet ähli zenanlar bilen öýlenmegimi isledi.[5]
Galyberse, durmuşlarynda nähilidir bir uly üýtgeşmäniň boljakdygy mübärek enelerimize öňünden aýan bolupdyr. Takyk aýtmaly bolsa, olaryň hemmesi diýen ýaly üýtgeşik-üýtgeşik düýş görüpdirler. Şol düýşler olaryň Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bilen goş birikdirjekdiginiň alamaty bolupdyr. Bu barada eseriň dürli ýerinde giňişleýin durlup geçilýär.
Diýmek, hezreti Muhammediň (sallallahu aleýhi we sellem) hut şu zenanlara öýlenmegi öňünden ýazylan ýazgyt bolup, munda nijeme ylahy hikmetler göz öňüne tutulypdyr.
Bilşimiz ýaly, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) altmyş üç ýyl ömür sürýär. Ýigrimi bäş ýaşyna çenli öýlenmeýär. Şol ýaşa çenli öýlenmän gezip bilmek her kişiniň başarjak zady däldi. Sebäbi Mekge ýaly jöwzaly sebitde ýaşlar ir ýetişýärdi.
Hawa, Allatagala päkligiň janly nusgasy bolan Resulyna (sallallahu aleýhi we sellem) çagalygynda-da, ondan soňra-da çigit ýalyjagam bolsa günä ýokdurmandyr. Onuň (s.a.w) mübärek gözi hiç haçan nämähreme düşmändir.[6]
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ýigrimi bäş ýaşyna ýetende, özünden on bäş ýaş uly, iki gezek durmuşa çykan, telim çagasy bolan dul zenana öýlenýär. Hezreti Hatyja (radyýallahu anha) tä dünýeden ötýänçä, onuň üstüne aýal almak küýüne-de gelmeýär. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Hatyja (radyýallahu anha) enemiz bilen ýigrimi bäş ýyl ýaşaşýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, bu ojagyň gurulmagy-da başgalaryň araçy bolmagynda, hezreti Hatyja (radyýallahu anha) enemiziň hut öz teklibi bilen amala aşýar.
Hezreti Hatyja (radyýallahu anha) enemiz dünýeden ötenden soňra, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Sewde enemize öýlenişi hem ilkinji öýlenişinden tapawutly bolmaýar. Onuň bu gezekki guran ojagy hem başgalaryň teklibi bilen amala aşýar. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Sewde enemize, ýagny özünden ýaşy uly, bäş çagaly dul zenana öýlenýär. Şondan dört ýyl geçenden soňra Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Aýşa enemize öýlenýär. Bu hem başgalaryň maslahat bermegi netijesinde bolup geçýär.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Aýşe enemize öýlenen wagty elli dört ýaşyndady. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) şol ýaşdan soňra beýleki päkize enelerimiz bilen nikalaşýar. Habibi-Kibriýa hezretleri (sallallahu aleýhi we sellem) Hafsa enemize elli alty, Ümmi Seleme enemize elli ýedi, Jüweýriýe we Zeýnep enelerimize elli sekiz, Ümmi Habibe enemize elli dokuz, Meýmune we Safiýýe enelerimize bolsa altmyş ýaşynda öýlenýär.
[1] «Ahzab» süresi, 33/32-34.
[2]«Ahzab» süresi, 33/30, 31.
[3]«Nejm» süresi, 53/2-4.
[4]Ibni-Asakir, «Taryh», 69/149.
[5]Ibni-Asakir, «Taryh», 69/149.
[6] Pygamberimizi (s.a.w) dürli hili ýollar bilen kemsitmekde, her hili myjabat atmakda, oňa duşmançylyk etmekde töweregindäkilere gaýra dur diýdiren Ebu Jehil bilen Ibni Seluldan başga hiç kim Resulallanyň (s.a.w) päk ahlagyna zerre ýaly çirk ýetirjek, ýa bolmasa päkize enelerimize öýlenmegini geň görjek ýeke agyz söz diýip bilmändir. Bu bolsa Pygamberimiziň (s.a.w) päkize enelerimiz bilen öýlenmegi şol döwrüň talaby bolandygynyň, ony geňläp oturasy hiç hili tarapynyň ýokdugynyň iň uly delilidir.