Sünnete göre çaga terbiýesi 3

«… öýleriňizi kybla (metjit) edip, namazy dürs okaň!»

(«Ýunus» süresi, 10/87).

«Öýleriň kybla edilmeginiň bir manysy, olaryň ikitaraplaýyn biri-birine goldaw berýän jemagatlar görnüşinde guramaçylykly hereket etmekleri üçindir».[1]

Maşgaladaky terbiýe diýlende, diňe çagalaryň terbiýesi göz öňünde tutulmaýar. Eýsem, «uçdantutma» diýen söz hem bu meselede maksadymyzy doly açyp görkezmekden ejiz gelýär. Çünki maşgaladaky terbiýe sallançakdan tä mazara çenli her bir şahsy öz içine alýar.

Terbiýe diýlende, adamyň aňyna dessine çagalaryň terbiýesi diýen pikir gelýär. Emma häzirki döwrümizde çagalara kämil terbiýe bermek üçin ozaly bilen ene-atalar, hatda çaganyň terbiýesine dahyly bolan uly ýaşly ähli maşgala agzalary çagany dinimiziň talaplaryna laýyk terbiýeläp biljek derejede ýetişdirilmelidir. Ýagny bu işi ilki bilen ululary terbiýelemekden başlamalydyr. Maşgaladaky terbiýä bu penjireden garanymyzda, öňümizde goýan maksadymyzy «maşgala ojagyny özboluşly mekdebe öwürmek, uly-kiçi hemmeleri uçdantutma maşgala terbiýesini öwrenmäge gönükdirmek, her bir öýde mekdebiňki ýaly guramaçylygyň ýola goýulmagy, olary okuw-terbiýeçilik işlerine ýöneldirmek» ýaly sözler bilen beýan etmek mümkindir.

Biz bu eseri taýýarlan wagtymyz meselä terbiýäniň jogapkärçiliginden başlamagy, maşgala agzalaryna, hususan-da çagalara ahyretlerini halas etjek ajaýyp terbiýe bermegiň nädereje möhümdigini ilki beýan edip, soňra beýleki meselelere geçmegi meýilleşdiripdik. Emma maşgaladaky terbiýäniň Kuranyň emridigini, hatda häzirki döwürde onuň möhümliginiň beýleki emirlerden-de has ýiti duýulýandygyny, bu emriň jemgyýetimiziň sezewar bolan agyr ýagdaýyndan halas bolmagy üçin teklip edilen ylahy gözükdirmedigine aň ýetirenimizden soňra hemme zatdan öňürti bu gözükdirmäni okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Kurany-Kerim hezreti Musanyň (a.s) döwründe fyrawunyň agyr zulmunyň astynda ezilýän ysraýylogullarynyň bu ýagdaýa halys çydap bilmän, Allatagala ýalbaran wagtlarynda Allanyň olara mugjyzawy ýagdaýda däl-de, eýsem berjaý eden halatlarynda olary zalym fyrawundan halas etjek wahyýy, ýagny «Halas ediş gözükdirmesini» inderendigini beýan edýär.

Bu gözükdirmäniň özeni, esasy «Öýleriň kybla edilmegidir».

Kybla öýler

Hawa, bir döwürler Müsürde az sanly halkyýet derejesinde ýaşaýan ysraýylogullary döwlet tarapyndan gysylyp, köpçülikleýin agyr zulumlara duçar edilýär. Ybadathanalary ýykylyp, dini erkinlikleri ellerinden alynýar. Imanlaryny gizlemän, ynançlaryny arkaýyn ýaşamak diňe az sanly gaýduwsyz, ýürekli, gaýratly kişilere başardýar. Ine, fyrawunyň edýän jebir-süteminiň etden ötüp, süňňe ornan günlerinde müminler bu ýagdaýdan halas bolmak üçin Allatagala ýalbarýarlar. Şonda olara şu ylahy emir inýär: «Biz Musa we onuň dogany (Haruna): «Ikiňiz Müsürde kowmuňyz üçin öýler taýýarlaň we öýleriňizi kybla (metjit) edip, namazy dürs okaň! (Eý, Musa) müminleri (hoş habar bilen) söýünjile!» (diýip) wahyý iberdik» («Ýunus» süresi, 10/87).

Hawa, bu wahyý olara we olaryň şertlerinde ýaşaýanlar üçin halas ediş gözükdirmesidir. Munuň hut şeýledigine eseriň geljekki bölümlerini okanymyzda hasam oňat göz ýetireris. Aýatyň seljermesine geçmezden öň şuny belläp geçmek isleýäris. Ýagny aýatda gelýän «kybla» sözi Kuranyň türk dilindäki meallerinde «namazgäh, metjit» diýen sözler bilen berildi we öýleriň «namazgäh» ýa-da «metjit» edilmegi diýlip alyndy. Kurany-Kerimde bu sözler bar hem bolsa, gürrüňi edilýän aýatda «kybla» sözüniň ulanylmagy başga-da manylary aňladýan bolmaly. Galyberse-de, Razy ýaly çuňňur ylymly müfessirlerimiziň käbir delilllerine daýanyp, aýaty-kerimäni aslyndaky ýaly üýtgetmän «…öýleriňizi kybla ediň» diýen görnüşde terjime etmegi makul gördük. Hatda makul görmekden-de beter, muny tüýs ýerine düşen jümle hasap edýäris. Çünki häzirki döwrümiziň şertlerinde bu aýaty-kerimäniň aňladýan nijeme manylary, duýduryşlary bar.

Aýaty aňlamak üçin nämä üns bermeli?

Bu aýatyň aňladýan manysynyň özboluşly halas ediş gözükdirmedigine düşünmek üçin ony Kurany-Kerimdäki gelýän ýerinde, ýagny Allatagalanyň bu wahyýy hezreti Musa aleýhisselama indermegine sebäp bolan taryhy we sosial şertleri bilen birlikde seljereliň. Bu aýat hezreti Musa (a.s) bilen Fyrawunyň jadygöýleriniň arasynda bolan ýaryşy gysgaça beýan edýän gürrüňden («Ýunus» süresi, 10/75-82) soňra gelýär. Allatagala hezreti Musanyň (a.s) we onuň kowmunyň şol günlerdäki ýagdaýyny şeýle suratlandyrýar: «Fyrawunyň we onuň nökerleriniň edýän zulumyndan örän gorkýandyklary üçin birnäçe ýaş ýigitden başga hiç kim Musa ynanmandy. Çünki furawun şol ýerleriň häkimidi. Ol (zulum etmekde, gan dökmekde) hetden aşanlaryň biridi».

Biz bu ýerde gürrüňi edilen hezreti Musanyň (a.s) kowmunyň fyrawundan nähili gorkýandyklaryny, bu gorkynyň sebäbi bolan Müsürdäki fyrawun hökümetiniň wagşylarça edýän zulum-süteminiň nähili agyrdygyny bildirmek üçin[2] Kurany-Kerimiň hezreti Musanyň (a.s) jadygöýler bilen ýaryşyny hem-de ondan soňky bolan hadysalary äşgär beýan edýän aýatlaryny ýatlatmatçy:

  «Şuara» süresiniň 10-45-nji aýatlary aralygynda fyrawunyň hezreti Musany (a.s) öz döwletini, mal-mülküni elinden almak isleýän jadygöýdir öýdüp, ony jadyda ýeňmek üçin ýurdundaky bütin jadygöýleri çagyryşy, olara işdälerini oýarjak wadalary berşi ýaly wakalar jikme-jikligi bilen beýan edilip, fyrawunyň hezreti Musa (a.s) bilen jadygöýleriň ýaryşyny nähili guraýşy görkezilýär. Ýaryşyň soňunda hezreti Musanyň (a.s) hasasy ýylana öwrülip, jadygöýleriň göz boýamak üçin ýere oklan ýüplerini we taýaklaryny ýuwudýar. Şonda jadygöýler hezreti Musanyň (a.s) edýän zadynyň jady däl-de, mugjyzadygyna göz ýetirip, sejde edýärler we «Älemleriň Rebbine, Musanyň we Harunyň Rebbine ynandyk» diýip, iman getirýärler («Şuara», 26/48).

Jadygöýler özleriniň ýolunyň galpdygyny, hezreti Musanyň (a.s) ýolunyň hakdygyny boýun alyp, iman getirenlerinde, Fyrawun muňa dergazap bolýar. Onuň şol wagky bolşy, diýen sözleri häzirki döwrümizde adamlaryň diňe daşky hal-hereketlerine däl, eýsem adamlaryň pikir-düşünjelerini, beýnilerini özlerine tabyn etmek üçin olara fiziki we ruhy taýdan ezýet bermek, ýüreklerine gorky salmak, terrorçylykly hereketler, gynap öldürmeler we bulardan başga-da müň dürli hileli oýunlary bolan propagandalar bilen, adamyň gözüniň ýüzüne seredip ýalan sözlemek, töhmet atmak bilen olaryň wyždanlaryna-da gandal urmak isleýän despotlaryň, dejjallaryň, medeni dilde «jemgyýetçilik hünärmenleri» diýlip atlandyrylýan sosiologlaryň diýýän sözleri, edýän hereketleri bilen hutma-hut gabat gelýär: «Fyrgawn: «Men size rugsat bermänkäm, siz Oňa iman getirýärsiňizmi? Hiç şübhesiz, ol size jadygöýligi öwreden ussadyňyz bolmaly. Siz (meniň size näme etjegimi) tiz bilersiňiz. Hiç şübhesiz, men siziň elleriňizi we aýaklaryňyzy atanaklaýyn çapdyraryn, hemmäňizi asdyraryn» diýdi» («Şuara» süresi, 26/49).

«Ýunus» süresinde beýan edilýän, ysraýylogullaryna «Öýleriňizi kybla ediň!» diýlen emriň berilmegine sebäp bolan jemgyýetiň umumy ýagdaýyna göz ýetirenimizden soňra bu emriň seljermesine geçeliň.

Aýatda üns çekilýän aýratynlyklar:

  1. Fyrawun hezreti Musany (a.s) hökümdarlygynyň, döwletiniň üstüne abanan uly howp hasap edip, ony ilki jadygöýleriniň üsti bilen ýeňmegi ýüregine düwýär. Bu pirimi paşmandan soňra agyr zulum-süteme, gynap öldürmeklige ýüz urýar. Hak dine ynananlaryň el-aýaklaryny atanaklaýyn çapdyrmak ýaly agyr jezalar bilen milletiň gözüniň oduny alýan diýdimzoruň rehimsizlik bilen ýöredýän syýasaty, hakykatdan-da, elhenç, eýmendiriji, elheder aldyryjy, sussuňy basýan bolmaly. Galyberse-de Töwratyň bu döwrüň ýagdaýyny suratlandyrýan aýatlarynyň birinde «…. we Musa ysraýylogullaryna şeýle sözleri diýdi. Emma olar janlaryndan gorkýandyklary we ýesirligiň agyr şertleri zerarly Musany diňlemediler»[3] diýilmegi fyrawunyň ysraýylogullaryna edýän zulmunyň nähili agyrdygyny, çekip-çydardan çökderdigini görkezýär. Bu ahwal Kurany-Kerimiň «Ýunus» süresiniň 83-nji aýatynda ysraýylogullarynyň fyrawuna bolan gorkularyndan ýaňa sanaýmaly ýaş ýigitden başga olardan hiç kimiň hezreti Musa (a.s) imanlaryny äşgär etmäge bognunyň ysmadygyny beýan edilýär we ýokarky maglumaty tassyklaýar.
  2. 84-86-njy aýatlara ser salanymyzda, ysraýylogullarynyň fyrawuna bolan gorkularynyň eziji täsirinden çykmagy başarandyklaryny, agyr zulumyň astynda ezilýän halkyň pygamberleriniň nesihatyny diňläp biljek ýagdaýa gelendigini, hezreti Musanyň (a.s) olara ýaşaýan şertlerine görä berjaý edip boljak birnäçe usul, tär öwredendigini, ähli zatdan öňürti bütin işiňi Allatagala tabşyryp, bil baglamagy, agyr şertlerde sabyr etmegi maslahat berendigini, ysraýylogullarynyň hem muňa ten berip, agzybirlik bilen özlerini salamatlyga çykarjak bir ýol agtarandyklaryny, iň soňunda-da Allatagaladan özlerini azgyn kowmuň zulumyndan ymykly dyndarmagyny diläp ýalbarandyklaryny görýaris. Munuň şeýledigi hezreti Musanyň (a.s) diňe ýaşlara däl-de, bütin halkyna yglan eden çagyryşyndan, halkyň-da bu çagyryşa beren oňyn jogabyndan aýdyň görünýär:

«Musa: «Eý, kowmum! Eger Alla iman getiren bolsaňyz, onda diňe Oňa bil baglaň!» diýdi. Olar: «Biz diňe Alla bil bagladyk. Eý, Rebbimiz! Bizi zulum eden kişileriň pitnesine (agyr synagyna duçar) eýleme. (Eý, Allam) Bizi kapyr kowumdan Öz rahmetiň bilen halas edeweri!» diýdiler» («Ýunus» süresi, 84-86).


[1] Razy, «Mefatihul-Gaýb», 17/148.

[2] Hezreti Ýusupdan (a.s) soňra geçen asyrlaryň dowamynda ysraýylogullarynyň sany artýar. Töwratyň bir aýatyna görä (Çykyş, 12/37) Müsürden çykan wagtlary, olaryň diňe erkek adamlarynyň sany alty ýüz müň eken. Ysraýylogullary san taýdan köpelip, Müsüriň sosial durmuşynda täsir ediji güýje öwrülip başlanlarynda, döwlet olardan birahat bolup başlaýar. Taberide beýan edilýän maglumata görä, şol döwürde El-Welid ibni Musab atly fyrawun olaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin dürli ýollara ýüz urýar we olara agyr jebir-sütemler edýär (Taberi, Taryh, 1/378). Töwrata görä, fyrawun ilki ysraýylogullaryny agyr işlerde işletdirip, olaryň sanyny gözegçiliginde saklamak isleýär. Bu netije bermänsoň, ysraýylogullarynyň täze dogan ogul bäbeklerini öldürmegi buýurýar. Wagtyň geçmegi bilen ysraýylogullarynyň erkekleriniň bütinleý gyrlyp, işçi güýjüniň ýok bolup gitmek meselesi örboýuna galýar. Fyrawun bu ýagdaýdan çykalga tapmak üçin wezirleri bilen maslahat edip, täze doglan ogul bäbekleri bir ýyl diri goýup, soňky ýyl öldürmegi karar edýär (Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 7/56-57). Kuranda beýan edilişi ýaly, hezreti Musa (a.s) ogul bäbekleriň öldürilýän ýylynda dünýä inýär («Kasas» süresi, 28/7- we dowamy). Töwratyň «Çykyş» bölüminde ysraýylogullaryna edilen zulumlar şeýle suratlandyrylýar: «We Müsürde Ýusuby bilmeýän täze hökümdar tagta çykdy. Ol halkyna şeýle diýdi: «Ine, görşüňiz ýaly, ysraýylogullarynyň sany bizden köp, güýçleri-de artypdyr. Geliň, olaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin bir çäresini tapalyň. Ýogsam, ysraýylogullary mundan beýläk hem köpeler. Birden uruş tursa, olar duşmanlarymyzyň tarapyna geçerler we bize garşy söweşip, ýurdumyzdan çykararlar». Şondan soňra ysraýylogullaryny agyr işlerde ulanmaga başladylar we depelerinde gamçy oýnadyp duran zalym gözegçiler goýdular. Ysraýylogullary fyrawun üçin Pitom we Raamses atly ambar şäherleri gurdular. Emma olara näçe sütem edildigiçe, şonça-da köpelýärdiler. (Muny gören müsürliler) ysraýylogullaryndan has-da gorkmaga başladylar» («Çykyş» 1/8-12). Töwratyň mundan soňky aýatlarynda fyrawunyň olaryň sanyny azaltmak üçin zulum-sütemi has-da artdyrmak kararyna gelendigi, olaryň adam başyna guýýan kerpiç sanyny öňküligine galdyryp, hemişeki berilýän samany kesendigini we samany ysraýylogullarynyň özleriniň tapmalydygyny buýrandygy, ysraýylogullarynyň sypal ýygnamak üçin Müsüriň ähli ýerini gezendikleri, olaryň fyrawunyň ýanyna baryp, özleriniň başaryp biläýjek işleriniň buýrulmagy hakynda ýüz tutandyklary, emma haýyşlarynyň ret edilip, basyşyň has-da artandygy beýan edilýär. Bu ýerde fyrawunyň ysraýylogullaryna berýän jogaby-da tüýs birehim despotyň aýdaýjak sözleri: «Siz ýalta, işýakmaz! Şonuň üçin «Gideliň, Rebbimiz üçin gurbanlyk bereliň» diýýärsiňiz. Baryň, gidiň-de işläň! Indi size öňküsi ýaly saman berilmez, emma kerpijiň sany hutma-hut çykmalydyr» diýip, olaryň ýüzüni alyp goýberýär (ser. «Çykyş» 5/14-18; M.Asym Köksal, yslam çeşmelerinde berilýän maglumatlary alnan ýerleri bilen birlikde eserinde ýazýar; «Peýgamberler Tarihi», Türkiýe Diýanet Wakfy, y. Ankara 2004; 2,8 we dowamy).

[3] Töwrat, «Çykyş», 6/9.