Sünnete göre çaga terbiýesi 6
- Ybadatlaryň birkemsiz berjaý edilmegi buýrulýar. Erkinligiň dürli tarapdan gysylan, şol sanda dine uýmaklygyň hem gadagan edilen döwründe «öýleriň kybla edilip, ybadatlaryň birkemsiz berjaý edilmegi (ýa-da türk dilindäki meallaryň beýany bilen aýtsak, «namazyň dürs okalmagynyň buýrulmagy»)» amala aşyryljak iň möhüm strategiýa hökmünde ünsümizi çekýär. Çünki häzirki döwrümizde şunuň ýaly ýagdaýlardan çykalga hökmünde pitne turuzmak, köçä çykmak (protest), dürli şygarlar bilen ýöriş geçirmek, tanklary daşlamak, janly bomba ýarmak (özüňi heläklemek) ýaly hereketlere ýüz urulýar, bulardan başga-da her hili rehimsiz, zulum-sütemli anarhiki ýollar bilen garşylyk berilýär. Emma Kuran-Kerim fyrawunyň zulmunyň güýçlenen döwründe öýleriň mejit, mekdep edilmegini, hak dine uýýanlaryň biri-birilerine ýardam edýän jemagatlary emele getirmegini we namazy köp okamagy buýurýar.[1] Diýmek, Kuranyň emrine laýyk gelmeýän görnüşinde garşylyk bermek yslam dinine mahsus däldir. Çünki toparlanyşyp köçä çykmaklygyň soňy, köplenç, oňa gatnaşanlaryň tutulyp jezalandyrylmagy, hatda gynalyp öldürilmegi bilen tamamlanýar. Şunuň ýaly köpçülikleýin hereketleriň kanuna laýyk gelýändigi, hak-hukuklaryny diňe şeýdip talap etmelidigi hakynda halkyň arasynda wagyz-nesihat geçirip, adamlary gižželeýän ýörite prowakatorlar tarapyndan başladylýandygy soňundan ýüze çykýar. Dünýä munuň nijeme mysallaryny her gün ýaşaýar.
- Ybadatlaryň birkemsiz berjaý edilmegindäki başga bir inçe manyly hakykat: bu ylahy gözükdirmede «namazyň dürs okalmagy, ybadatlaryň birkemsiz berjaý edilmegi» diýilmegine şu manyda düşünmek gerek. Ýagny bu ýerde birnäçe (gizlin) öýleriň taýýarlanmagyň we bu öýlerde işjeň hereket edilmegiň buýrulmagy döwrümizdäki bikanun, jenaýatçylykly, şer işleri ýatladýar. Çünki anarhist toparlar «hüjre öýler» diýip atlandyrylýan ýörite öýler taýynlap, şol ýerlerde gizlinlikde weýrançylykly hereketlerine taýýarlyk görýärler. Emma müminleriň edýän işleri, alyp barýan hereketleri weýran ediji däl-de, dörediji, gurujy bolmalydyr. Bu bolsa ybadatlaryň birkemsiz, yhlas bilen ýerine ýetirilmegine baglydyr. Edýän her bir hal-hereketimizde Allanyň razylygyny esas edinmek diňe ybadatlarymyzy dogry, dürs ýerine ýetirmek, hemişe Allanyň gazabyndan gorkup gezmek bilen mümkindir. Eger şeýle bolmasa, hakykata gulluk etmek niýeti bilen başlanan işler derrew çygryndan çykyp, asyl maksadyndan daşlaşmak bilen bolar. Soňabaka diniň rugsat bermeýän metodlaryna ýüz urlar we wagtyň geçmegi bilen gulluk edýän hak ýolundan azaşar.
Hak ýola ters gelýän serişdeler, ýörelgeler bilen hakykata ýetip bolmajakdygy öz-özünden düşnükli zat. Çünki her döwürde syýasy-ideologiki toparlar ýüze çykypdyr. Olar hereketlerini gizlin öýlerde alyp barypdyrlar. Bu toparlar belli bir derejede üstünlik gazanypdyrlar. Emma maksatlaryna ýetmek üçin zulmuň dürli görnüşine ýüz urupdyrlar. Netijede, olaryň hemmesiniň soňy ökünç, arman bilen tamamlanypdyr. Muňa mysalyny görmek üçin uzaga ýa-da daşyna gitmeli däl. Ýurdumyzyň soňky elli-ýüz ýyllyk geçmişindäki, ylaýta-da ýigrimi-otuz ýyl mundan öň bolan wakalara ser salanymyzda, bu ýagdaý aýdyň görünýär. Gizlin öýleri daýanç nokady edinip, her dürli pitne çykaran, bikanun işleri ýöreden, nijeme bigünä bendeleriň ganyny döken jenaýatçylykly toparlar, talaňçylar döredi. Kän wagt geçmänem olar bir-birden ýok bolup gitdiler, taryhyň sahypasyna gömüldiler. Emma yzlarynda asyrlarboýy nälet bilen ýatlanmaklaryna sebäp boljak talaňçylyklar, weýrançylyklar, agyr jenaýatlar, ýetimler, maýyp-müjrüpler, ýaraly ýürekler galdyrdylar. Halkymyzyň dilinde «Zulum bilen abat bolanyň soňy bibat bolar» diýen söz bar. Yslam alymlary bu hakykaty turuwbaşdan aýatdyr hadyslara daýanyp, «Küfür dowam eder, emma zulum dowam etmez» diýen jümle bilen berkidipdirler. Bu ylahy kanun Kurany-Kerimde-de «Wel akybetu lil-muttakyn (ahyret we haýyrly netije muttakylaryňkydyr)» diýen aýat bilen tassyklanýar.[2]
- Aýatda ýer alan «Müminleri buşla!» diýen jümlä şeýle düşünmek gerek: bu ýerde Allatagala müminlere «Agyr şertlerde ýaşaýan döwrüňizde umytsyzlyga düşmäň!» diýip buýurýar. Ýagny «Halas bolmagyňyz üçin iberen gözükdirmämi ýerine ýetirseňiz, dileg-dogalaryňyz kabul bolar» diýip buşlaýar. Aýaty-kerimede bu emirleri berjaý edenleriň zalym režimiň süteminden halas boljakdyklary bilen bir hatarda erbetlikleriň, jebir-zulmuň rowaç alan döwründe ediljek iň dogry hereketiň gelejege umyt bilen garamakdygy, şeýle ýagdaýda Alladan goldawa, hemaýata garaşyp sabyr etmelidigi, şertler hernäçe agyr hem bolsa umydyňy ýitirmeli däldigi, ruhuňy belent tutmalydygy, çünki Allanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigi, Onuň müminlere ýardam, ýalkaw wada edendigi we şuňa meňzeşler hakynda ders berilýär.
- Öýüň kybla edilmegi nämäni aňladýar?! Allatagala «Öýleriňizi metjit ediniň!» diýmeýär, «Öýleriňizi kybla ediniň!» diýýär. Alymlar mundan iki sany inçe many çykarypdyrlar:
- Birnäçe alym: «Hezreti Adamdan (a.s) bäri ähli hak dinlerde kybla bardyr»; «Ortak kybla Käbedir»; «Gadymdan bäri öýler Käbä bakdyrylyp gurlupdyr. Diňe Resulallanyň (s.a.w) döwründe Küdüs wagtlaýyn kybla edinilipdir» diýen manylary çykarypdyrlar;
- Alymlaryň ýene birnäçesi bolsa «kybla» adalgasynyň aňladýan «garşylykly (biri-birine bakyp duran)» diýen manysyny göz öňüne tutup, «öýleriň kybla edilmegini» öýleri biri-birine bakyp duran görnüşde taýýarlamak diýip düşünipdirler. Olar bu manyny esas edinip, aýatyň «Biri-birini goldaýan jemagaty emele getirmek» diýmek isleýändigini beýan edipdirler.[3] Tefsirleriň birinde bu barada sözme-söz şeýle beýan edilýär: «Öýleriň kybla edilmegi(niň bir manysy) müminleriň arasyndaky gatnaşygyň biri-birini goldaýan jemagatlar görnüşinde ýola goýulmagydyr)»[4]
Bu manyny esas edinip, öýleriň kybla edilmegine şeýle düşündiriş berip bileris: ysraýylogullary hezreti Musanyň (a.s) we hezreti Harunyň (a.s) tagallalary bilen ýaşaýan etrapçalarynda taýýarlanan (hem-de işjeň hereket edýän) öýleriň töwereginde biri-birilerini goldamaga we ýakyn aragatnaşyk saklamaga çalşypdyrlar. Hususan-da, jemagat bolup ybadat etmek, çagalara ylym-bilim bermek, terbiýelemek ýaly umumy meseleleri çözmegiň ugrunda bolupdyrlar. Şeýlelikde, Allanyň öýleri kybla edilmegi hakyndaky emrini berjaý edipdirler. Ýagny her bir öý metjit, mekdep ýagdaýyna getirilipdir we ýaş nesiller bu öýlerde hak diniň terbiýesi bilen ösdürilip ýetişdirilipdir. Şeýdip, ysraýylogullary Allatagalanyň özlerine beren emrini berjaý edip, agyr günlerden halas bolmak üçin eden dilegleriniň kabul bolmagyny gazanypdyrlar. Aýatdaky «Müminleri buşla!» diýlen jümläniň üsti bilen berlen Allanyň halas ediş wadasy bolsa ysraýylogullaryny Gyzyl deňizden mugjyzawy görnüşde geçirmeklik bilen ýerine ýetirilýär.
Bu metod tä kyýamata çenli geljek müminler üçin bir mysaldyr. Haçanda müminler hezreti Musanyň (a.s) döwründäki ýaly häkimiýeti eýelän fyrawunlar sebäpli azatlyklaryny ellerinden giderip, dinlerine uýmak, ybadatlaryny berjaý etmek ýaly haklaryndan mahrum edilende, çagalaryna erkin ylym-bilim, terbiýe bermekde kyn gün düşenlerinde öýlerini «kybla edinmelidir», öý-ojaklaryny metjit, mekdep görnüşinde ulanmalydyr. Olar üçin iň howpsuz ýer öýleridir. Bilim, terbiýe bilen baglanyşykly käbir kynçylyklar-da (meselem, çagalara mugallym tutmak) goňşularyň ýa-da ýakyn garyndaşlaryň özara topar ýa-da jemagat bolup, biri-birilerine goldaw bermegi bilen çözüler.
- «Öýi kybla edinmegiň» aňladýan ýene-de bir manysy şudur: öňki alymlaryň ylym öwrenmäge başlan talyplaryna «Ylmy ussadyňyzdan alyň! Kitaby kybla edinmäň! Kim kitaby kybla edinse, ussady şeýtandyr» diýip aýdýan maslahat-duýduryşlaryndaky «kitaby kybla edinmek» diýlen adalga arap dilinde «ünsüňi kitaba bermek, esasan, kitap bilen eriş-argaç bolmak» diýen manyny berýär. Edil şonuň ýaly, «öýüň kybla edilmegi-de» edep-terbiýäniň, ylym-bilimiň, ybadatyň öýlerde alnyp barylmagyny aňladýar. Öýi kybla edinmek, elbetde, onuň metjit edilip ulanylmagyny, ylym-bilim ojagyna öwrülmegini talap edýär. Ýagny metjitleriň ýerine ýetirýän ybadat, bilim, terbiýe, jemagat bolmaklyk ýaly ähli hyzmatlar öýlerde berilmelidir. Öýleriň şeýle ýagdaýda ulanylmagy müminleriň arasyndaky gatnaşygyň peselmegine, her kimiň öz öýüne ýygnanyp, içini hümledip oturmagyna getirmeli däldir. Eýsem, biri-birilerine garşylyklaýyn goldaw bermek görnüşinde bolmalydyr. Ýagny metjitleriň hemişe, her kime açyk bolşy ýaly, öýler hem şeýle bolmalydyr. Metjidiň her hepdäniň belli bir gününde mejbury ýagdaýda hem-de her gün namaz wagtlarynda müminleri bir ýerde jemlemek, olary jemgyýete uýgunlaşdyrmak ýaly berýän hyzmatlaryny öýler hem ýerine ýetirmelidir. Garşylykly ýagdaýda biri-biriňiziň öýüňize arkaýyn girip-çykyp bilmelisiňiz, resmiligi (jemgyýetçilik binalaryna köplük bolup girip-çykmagy) azaltmalysyňyz. Şeýlelikde, metjitleriň berýän ähli hyzmatlaryny öýler üpjün etmelidir. Ýagny gadagan edilendigi sebäpli, metjit, mekdep, obadyr şäherleriň mejlisler binasy ýaly jemgyýetçilik hyzmatyny berýän ýerlerde ýygnanyşmagyň mümkin bolmadyk ýagdaýynda:
- Ybadat, zikir etmek üçin öýlerde jemlenmelisiňiz;
- Dini maglumatlaryňyzy täzelemek, öwrenmek üçin öýlerde jemlenmelisiňiz;
- Her dürli dini we jemgyýetçilik dabaralary öýlerde geçirilmelidir;
- Öýleriň hemmesinde bu hyzmatlary berip biljek şertler ýok bolsa, onda olaryň käbiri hökmany suratda muňa ýöriteleşdirilmelidir;
- Ýa-da (ýagdaýa görä, eger mümkinçilik dörese) «öý» görnüşinde bu hyzmatlary bermäge niýetlenen täze binalar gurulmalydyr;
Bir ýaşaýyş toplumynda (şäher, oba, etrapça we ş.m) hemmeleriň bir öýde ýygnanmagyna mümkinçilik ýok bolsa, müminler ýakyn goňşulary, kärdeşleri, garyndaşlary, ýaşytdaşlary, dost-ýarlary, joralary bilen iki ýa-da üç adamlyk kiçijik toparlary emele getirip, üns çekmezlik üçin gezekli-gezegine biri-birileriniň öýlerinde ýygnanyşmalydyr. Şeýdip, metjitde edip bilmeýän ybadatlaryny, amallaryny bir gezeginde biriniň öýünde, indiki gezekde başga biriniň öýünde toplanmak bilen ýerine ýetirmelidirler.
[1] Ibn Kesir, «Tefsirul-Kuranil-Azym», 3/522.
[2] «Araf», 7/128; «Hud» süresi, 11/49; «Kasas», 28/83; «Taha» süresi, 20/132.
[3] Razy, «Mefatihul-Gaýb», 17/148.
[4] Ýazgynyň asly şeýledir: «… mütekabileten, wel-maksud minhu husulul-jemiýýe we itizadul-bazi bil-bazi)».