Sünnete göre çaga terbiýesi 9

Halas bolmaklygyň özenindäki güýç – Ybadat

        Ýokarda beýan eden aýatlarymyzyň ikisinde-de («Ýunus» süresi, 87; «Nur» süresi 37) namaza uly ähmiýet berlip, öň hatara çykarylýandygyny gördük. Edil ysraýylogullaryna inderilen halas ediş gözükdirmesinde bolşy ýaly, tathir (päklemek) wada edilen A:ly-beýtiň päkleniş gözükdirmesinde-de namaza üns çekilýär. Bu barada hezreti Enes (r.a) şeýle gürrüň berýär: «A:ly-beýt bilen baglanyşykly «Eý, ähli-beýt (pygamberiň maşgalasy)! Alla (bu zatlary aýtmak bilen) diňe (siziň abraýyňyza şikes ýetirip biljek) zeperi arassalamak we sizi günälerden päklemek isleýär»  («Ahzab» süresi, 33/33) aýaty inenden soňra Resulalla (s.a.w) alty aýlap, daňdan namaz üçin öýünden çykanda, ilki bilen hezreti Fatymanyň gapysyna barardy we şeýle diýerdi: «Eý, ähli-beýt! Namaza turuň!» Yzyndanam şu mealdaky aýaty okardy: «Eý, ähli-beýt (pygamberiň maşgalasy)! Alla (bu zatlary aýtmak bilen) diňe (siziň abraýyňyza şikes ýetirip biljek) zeperi arassalamak we sizi günälerden päklemek isleýär!» («Ahzab» süresi, 33/33).

        Şuny unutmalyň, namaz diňe ähli-beýtiň päklenmegi üçin däl-de, eýsem ymmatyň hem päklenmegi üçin buýrulandyr. Çünki namaz musallileri (namaz okaýanlary) «bozgaklykdan hem-de (akyla, şerigata ters gelýän) erbet işlerden saklaýandyr» («Ankebut» süresi, 29/45). Galyberse-de, hezreti Adamdan (a.s) hezreti Muhammede (s.a.w) we tä kyýamata çenli «Allanyň gatynda hak din bolan» yslam dini «salatda», ýagny namazda beýanyny tapan, ybadaty esas edinen dindir. Galyberse-de, diňe fyrawunyň zulmundan halas bolmak üçin dileg edip ýalbaran ysraýylogullarynyň ýa-da päklenmeklige mynasyp görlen ähli-beýtiň däl-de, duçar bolan kynçylyklaryndan, zulumdan, maddy we ruhy çöküşlerden, gaflatdan, günälerden halas bolmak, tämizlenmek isleýän her bir adam, her bir halk üçin zerur bolan gözükdirmäniň özeninde-de namaz bolmalydyr. Bu tä kyýamata çenli dowam etjek üýtgewsiz hakykatdyr. Beýik Ýaradanymyz duşmanlardan, bela-beterlerden, dert-kesellerden, mätäçliklerden we beýlekilerden goranmak üçin Özünden ýardam isläp, sygynmaga mejbur bolanlara muny «namaz okamak» bilen berjaý etmegi buýurýar: «Eý, iman getirenler! Sabyr we namaz bilen (Alladan) ýardam soraň! Takyk, Alla sabyr edenler bilendir» («Bakara» süresi, 2/153). Yslamy çeşmelerde Resuly-Ekremiň-de (s.a.w) bir zada gynananda ýa-da kynçylyga uçranda namaza durýandygy hakynda beýan edilýär.[1] 

Öý bizi üýtgedýärmi ýa-da biz öýi üýtgedýäris?

        Eger ýokarda beýan edilişi ýaly, öý bilen baglanyşykly düşünjämiziň gerimi giňese, öýümize diňe ýaşalýan, iýlip-içilýän, ýatyp-turulýan ýer hökmünde däl-de, eýsem metjidiň ornuna ulanyp boljak bina, hususan-da özboluşly mekdep, täze ýetişýän nesle milli we ruhy gymmatlyklarymyzyň öwredilýän medeni ojak, jemgyýeti her bir jähetden terbiýeleýän öý hökmünde garasak, bu düşünje biziň gözýetimimizi has-da giňelder:

  1. Özümizi hasaba çekeris: eýsem-de biz bu öý-mekdebiň mugallymy bolmaga taýynmy? Taýyn däl bolsak, kemçiliklerimiz näme? Bu hatalarymyzy nädip düzetmeli? We ş.m.
  2. Öýümiz mekdebiň wezipesini ýerine ýetirmäge taýynmy? Häzirki döwrüň şertlerinde mekdebe mahsus aýratynlyklaryň iň bolmanda käbiri öýümizde barmy?

Ine, aňymyzda ornaşdyrmaly şu öý-mekdep düşünjesi hem bizi, hem-de öýümizi üýtgeder. Biz bilmeýän maglumatlarymyzy öwrenip, ylmymyzy çuňlaşdyrmak bilen bir hatarda, öýümizi-de giňligi, amatlylygy, bezegi, goşlarynyň ýerbe-ýerligi taýyndan gözden geçirip, onuň şertlerini maksada laýyk ýagdaýa getireris. Şeýdip, düzgün-tertibe salyp, «kybla edinen» öýümiz kämil tälim-terbiýe berlen nesli ýetişdirýän, aýatda beýan edilýän «Allanyň beýgelmegine hem-de içinde Öz adynyň agzalmagyna rugsat eden» mübärek öýleriniň biri bolar. Munuň netijesinde bolsa, Allanyň bize öz-özümizi üýtgetmek hakyndaky emrini («Rad» süresi, 13/11) durmuşa geçirip, has ösen, asuda, agzybir jemgyýeti emele getireris hem-de bagtyýar gelejege ýeteris.

Birnäçe sahypa ýokarda getiren aýatymyzda beýan edilişi ýaly, Kurany-Kerim yzagalaklykdan saplanyp, maddy we ruhy taýdan galkynan, medeniýetiň ösmegine, adamzadyň beýgelmegine mynasyp goşandyny goşmak üçin dörän jemgyýetde töweregindäkilere we bütin adamzada ýol görkeziji, nusgalyk kişileriň ajaýyp häsiýetlerini wasp edende, ilki bilen olaryň ýetişen, tälim-terbiýe alan öýlerinden söz açýar. Bu bolsa bizi pikirlendirmäge iterýär. Ýagny aýatda «Allanyň öwgüsine mynasyp bolan erkek adamlar Allanyň beýgelmegine hem-de içinde Öz adynyň agzalmagyna rugsat eden öýlerinden çykar» diýen manyda ilki öýler, soňra-da öwgä mynasyp erkekler agzalýar.

Eger biz kämil ahlakly nesil ýetişdirmegi ýüregimize berk düwüp, bu ideýamyza jan-tenden berlen bolsak, onda öýleriň şertlerini oňat terbiýäniň berilmegine laýyk ýagdaýa getirmelidiris. Ýer meselesiniň örän möhümdigine üns çeken aýata has çuňňur düşünmegimiz üçin onuň mealy-şerifini ýene bir gezek getirmegi makul bildik: «(Bu çyra), Allanyň beýgelmegine hem-de içinde Öz adynyň agzalmagyna rugsat eden öýlerindedir (metjitlerdedir). Şol öýleriň içinde (ynsanlar) ertir-agşam Ony tesbih ederler. Olar söwda-satygyň özlerine Allany ýatlamaga, namazy berjaý etmäge we zekat bermäge päsgel bermeýän, ýürekleriň we gözleriň agyp-dönüp durjak Gününden gorkýan adamlardyr» («Nur» süresi, 24/36-37).

Kybla edilen öýlerde ertir we agşam wagtlarynyň ähmiýeti

Ýokarda getirilen «Nur» süresiniň aýatlarynda geçýän «ertir» hem-de «agşam» sözleriniň beýan edýän meselämiz bilen möhüm baglanyşygy bardyr. Merhum Hasan Basry Çantaý ýazan Kuran mealynyň birinji jildiniň soňunda ýerleşdiren mazmunynda Kuranda «agşam» sözüniň ýigrimi iki, «ertir» kelemesiniň bolsa altmyş bir gezek, «öýle, ikindi we ýassy» sözleriniň bolsa bir gezek geçýändigini görkezýär.[2] Biz sanlaryň aratapawudyny bu iki wagtyň maşgaladaky terbiýede näderejede möhümdigine yşarat edýän ylahy ýöneldirme hökmünde kesgitläp bileris. Ylaýta-da, ertir wagtynyň agşam wagty bilen deňeşdirilende, onuň üç essesinden-de köp gezek gaýtalanyp gelmegi öýleriň bereketlenmeginde (kybla edilmeginde) säher wagtynyň has uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Aýatda säher we agşam wagtlarynda Allany zikir edýän erkek kişilerden söz açylmagy gürrüňini edýän meselämizi has-da berkidýän esaslaryň biridir. Sebäbi erkek kişiniň säher bilen hem-de giçlik öýde bolmagy maşgaladaky terbiýe üçin möhümdir. Gündizlerine çagalar mekdepde bolýar, ejeleri işde ýa-da hojalygyň hysyrdysy bilen başagaýdyr, kaka bolsa islese-islemese daşardadyr. Maşgalabaşynyň iş wagty tamam bolandan soňra öýüne gelmän, kafe, çaýhana  we ş.m ýerlere sowlup, şol ýerlerde wagt geçirmegi maşgalada ýola goýlan tälim-terbiýe işleriniň köküne palta urar. Günüň ahyrynda işinden çykyp, irgözin öýüne gelýän, agşamlyk Allanyň razylygyny niýet edinip, maşgalasy bilen bilelikde ybadat, tälim, terbiýe ýaly wezipesini ýerine ýetirýän, şeýdip, «Allany tesbih ederler» diýlen beýana mynasyp bolýan erkek kişi, elbetde, öwülmäge mynasypdyr. Daň bilen öýünden örýän erkek adamyň ýene-de «tesbih» etmegi, ýagny maşgalasynyň terbiýesine, edebi-ekramyna üns bermegi örän möhümdir, zerurlykdyr.

Aýatda erkek adamyň üstünde ýörite durulmagy maşgaladaky terbiýäniň, esasan, öýüň erkegine degişlidigini aňladýan ylahy yşaratdyr. Çünki Allanyň öňünde maşgalasyndan ilki bilen erkek adam jogapkärdir. Galyberse-de, bu wezipäni ýerine ýetirmeklik hem oňa has oňaýlydyr. Bu sebäpden maşgaladaky terbiýäniň hili-de maşgalabaşynyň irden we agşamlyk öýünde bolmagyna baglydyr. Ýogsam, Allatagala aýaty-kerimede «rijal (erkekler)» sözüniň ýerine erkegi-de, zenany-da aňladýan başga bir söz, meselem, «näs» sözüni ulanyp bilerdi.

 Kurany-Kerimde ertir wagtynyň agşam wagty bilen deňeşdirilende, onuň üç essesinden-de köp gezek gaýtalanyp gelmegi öýleriň kybla edilmeginde säher wagtynyň nädereje ähmiýetlidigine ünsümizi çekýär. Şuny aýratyn nygtap geçeliň: aýaty-kerimede erkek adamyň säher hem-de agşam wagtlaryndaky öwülmäge mynasyp edýän hereketi «tesbih» sözi bilen beýan edilýär. Onuň yz ýanyndan «namaz okamak» sözi-de aýratyn getirilýär. Şonuň üçin ondan öňürti gelýän «tesbih» sözüniň manysy namaz okamaklyk däldir. Eýsem, bu sözüň üsti bilen Allanyň razylygy üçin edilýän dürli görnüşli amallar, sözler, hususan-da çagalara edep-ekram, tälim-terbiýe bermek bilen baglanyşykly berilýän dersler göz öňünde tutulýar. Çünki hadyslarda ylym-bilim öwretmek bilen meşgullanmagyň nefil ybadatdan has haýyrlydygy gaýta-gaýta nygtalýar. Muny geljekki bölümlerde-de has giňişleýin ele alarys.

Ýene-de bir ýola ünsüňizi çekmek isleýäris: öýüni kybla edinmeklik murtuny towlap, sesine bat berýän ýa-da sakgalyna-sellesine buýsanýan erkekleriň işi däldir. Eýsem, her bir hereketinde, niýetinde, amalynda Allanyň razylygyny esas edinen, kyýamat gününiň azabyny pikir edip, hasap berip bilmerin gorkusy bilen rahat oturyp bilmeýän, hemişe Allanyň gazabyndan gorkuda, rahmetinden umytda gezýän kişileriň hötde gelip biljek işidir.


[1] Ebu Dawud, «Salat», 312, 1319.h.

[2] Bu ýerde berlen sanlar parz bolan namaz wagtlary bilen baglanyşykly däldir.  Hasan Basry Çantaý parz bolan namaz wagtlary bilen baglanyşykly aýatlary «Namaz wagtlary» sözbaşysy bilen aýratyn berýär (sah.440).