Jihat hadysalarynyň köpüsi goşunyň sany, taýýarlygy, görnüşi we netijesi taýyndan göwrümi uly ýa-da çäkli bolup biler. Emma bu ýagdaý gürrüňi edilýän wakalaryň ähmiýetine we şertlerine birjigem saýa salmaz. Çünki ahlaky meseleler we yslama çagyryş hemişe şol hadysalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Galyberse-de bu jihat hereketleri hakynda dürli göwrümli, uzynly-gysgaly aýatlarlar we hadyslar beýan edilipdir. Bu aýatlaryň, hadyslaryň mazmunyndaky gözükdirmeler, ýörelgeler, esaslar ömürleriniň dowamlylygyny gorap saklaýarlar. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) döwründe, ýagny ýigrimi ýylyň içinde ýetmişden gowrak ululy-kiçili jihat wakalary bolup geçýär. Bu bolsa hijretden soňky täze gurlan Yslam döwleti döwründäki jihat hereketleriniň sanynyň köplügini görkezýär. Bu wakalaryň ululygyna-kiçiligine garaman ählisini öwrenmek, seljermek, köpçülige ýetirmek örän möhümdir.
Yslamy çagyryşyň maksady esasy köpçüligi birwagtlar asmandan ylahy buýruklar iberilen, ýahudylardan we hristiýanlardan ybarat ähli-kitabyň aslyndan üýtgedilen ters ynanç-ygtykadlaryny, ýalňyş hereketlerini düzetmek, olaryň dinini Kuran baýdagynyň, hezreti Muhammediň (s.a.w) pygamberliginiň we yslam dininiň astynda jemlemek, arap jemgyýetinde ornan şirk (Alla şärik goşmak) we butparazlyga garşy söweşmek, sap towhydy, adalaty, hak-hukugy, ýagşylygy, umumy doganlygy, özara jebisligi, raýdaşlygy we deňligi dikeltjek päk ahlakly jemgyýeti gurmakdyr. Çünki bu gymmatlyklar jahylyýýe (nadanlyk, dinsizlik) döwrüniň häkimiýeti elinde saklaýan güýçleri tarapyndan ýok edilipdi. Yslamyň garşysynda duran jahyllyýäniň toslama düşünjesiniň täsiri ilki Mekgede, soňra Arap ýarymadasynyň beýleki sebitlerinde doly duýulýar hem-de halk köpçüligine täze dini we oňa çagyrýan çagyryjyny ret etdirip, olara garşy göreşmäge ruhlandyrýar.
Ýesribde (Medine) birnäçe taýpadan emele gelen ýahudy bileleşigi bardy. Olar toparlaýyn, sosial, ykdysady we medeni taýdan güýçli, agzybir bolansoň, araplaryň arasynda ýaşamaklaryna garamazdan, olary agyzlaryna bakdyryp bilýärdiler. Bu sebäpden olaryň bu düzgünini ýok etjek yslamy çagyryşy oňlamajakdyklary görnüp durdy.