«Eý‚ iman getirenler! Alla we Onuň ilçisi sizi direltjek ýa-da ebedi ýaşaýşa ýetirjek hakykata çagyran wagty boýun boluň! Bilip goýuň! Alla ynsan bilen onuň kalbynyň arasyna girer we siz soňra Onuň huzurynda jemlenersiňiz» («Enfal» süresi, 8/24);
«Aýt: «Alla we pygambere tabyn boluň! Eger (olar) ýüz öwürseler, Alla kapyrlary halamaz» («Äli-Ymran» süresi, 3/32);
«Kim Alla we Onuň ilçisine garşy çykyp, Onuň (Allanyň) çäklerinden geçse, Ol (Alla) ony ebedi oda atar. Oňa ryswa ediji azap bardyr» («Nisa» süresi, 4/14);
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gelejekden habar beriji mazmunly hadyslarynyň birinde şeýle diýdi:
– Ysraýylogullarynyň başyndan inen hadysalaryň hemmesine hutma-hut ymmatym hem sezewar boljakdyr. Hatda olaryň arasynda äşgär görnüşde ejesine (öýlenen) bar bolsa, ymmatymdan-da bu pis işi etjek hökman tapyljakdyr. Şeýle hem ysraýylogullary ýetmiş iki millete (mezhep we topar) bölünipdir. Meniňem ymmatym ýetmiş üç millete bölünjek. Şolaryň birinden galany dowzahydyr.
– Bu (halas bolan) topar haýsysy? – diýip soralanda, Resulalla (s.a.w) şeýle jogap berdi:
– Meniň we sahabalarymyň ýörän ýolundan aýrylmaýanlar!
Sahabalardan Irbaz ibni Sariýe (r.a) gürrüň berýär:
– Bir gün Resulalla hezretleri bize namaz okatdy. Soňra ýüzüni jemagata öwrüp, örän täsirli wagyz-nesihat etdi. Ony diňläp oturanlaryň gözleri ýaşa dolup, ýürekleri joşa gelipdi. Jemagatyň arasyndan biri turup: «Eý, Allanyň Resuly! Siz göýä biz bilen hoşlaşýan ýaly-la?! Bize näme nesihat edersiňiz?» diýip sorady. Resulalla (s.a.w) şeýle diýdi: «Allanyň öňünde takwa bolmagyňyzy, baştutanyňyz hebeşli gul hem bolsa, oňa boýun bolmagyňyzy nesihat edýärin. Çünki sizden diri galanlar menden soňra nijeme pitneler, gowgalar görjek. Şonuň üçin size sünnetimden we dogry ýoldan ýöreýän, size hakykaty görkezýän halyflaryň sözünden çykmazlygy ýatladýaryn. Bulara uýuň, berk ýapyşyň! Soňky çykan edim-gylymlara garşy örän seresap, eserdeň boluň! Çünki sünnete ters bolan her bir täze tapylan zat bidgatdyr. Her bidgat hem dalalatdyr, ýoldan çykmakdyr».