Güller reňbe-reň açylypdy, miweli agaçlar tebigatyň gözelligine görk goşýardy. Çagalar şatlanyp, guşlar pelpelläp uçuşyp, derýalar joş urýardy. Dünýä özboluşly gözellige beslense-de, bagtsyzdy. Sebäbi onuň üstünde örän aýylganç wakalar bolup geçýärdi. Adamlar özlerine sansyz nygma1tlary eçilen beýik Biribary unudypdylar. Olar Ýaradana däl-de, başga zatlara tapýardylar. Biri oda çokunsa, ýene biri Güne tapýardy, kimsi-de sygra çokunýardy.
Adamlar daşdan, agaçdan ýonup ýasan şekillerinden medet isleýärdiler. Olaryň çokunýan zatlaryna «but» diýilýärdi. Ýogsam, daşy, ody, agajy, sygry we Güni ýaradan Allady. Aslynda diňe Alla ybadat edilmelidi.
Baýlar garyplaryň hakyny iýýärdi, hiç kim gyz çagasynyň dogulmagyny islemeýärdi, pukaralar hiç hili äsgerilmeýärdi. Garrylara kömek edýän bolmansoň, olaryň günleri kyndy. Hassalaryň halyndan habar alýan ýokdy. Ne-hä kada-kanuna boýun bolunýardy, ne-de adamlara hormat goýulýardy. Jennet ýaly gözel ýerlerinde beýle günä işlere baş goşýan nadanlary Ýeriň çydam edip göterişine haýran galmalydy!
Beýik Alla hz. Adam atadan (a.s) bäri gaty köp pygamber iberipdi. Pygamberler adamlary Alla ybadat etmäge çagyrypdylar, olara dogry ýoly görkezip, ýagşylykdan, halallykdan aýrylmazlygy ündäpdiler. Emma adamlar ýene-de şeýtana uýup, pygamberleriň Alladan getiren buýruklaryny unudypdylar. hz. Isanyň (a.s) ýagty jahana iberileninden bäri bäş asyrdan hem köp wagt geçipdi. Bütin dünýä adalatsyzlyklara, zulumlara, ýamanlyklara «Besdir!» diýip biljek pygambere garaşýardy. Ol pygamber bütin dünýä adalaty, parahatçylygy we ýagşylygy getirmelidi.
Emma ol haçan gelmelidi?!