Resulalla (s.a.w) bilen ymmatynyň arasyndaky mynasybet

Allatagala bilen Muhammet ymmatynyň arasyndaky mynasybet şu adamyň ýagdaýyna meňzär: biri täze öý gurdurar, şol öýde supra bezäp, zyýapat berer. Bu zyýapata çagyrmak üçin halka jar çekdirýär. Jarçynyň çakylygyna seslenenler öýe gelip, suprada oturarlar, iýip-içerler. Çakylyga gelmeýänler bolsa, ne öýe girerler, ne supranyň başynda oturarlar, ne-de iýip-içerler.

Bu tymsalyň hakykaty şudur: şol öý jennetdir, öýüň eýesi Alladyr, jarçy-da Muhammet aleýhisselamdyr. Oňa boýun bolup, çakylygyna seslenenler Allatagala boýun bolanlardyr. Oňa (s.a.w) eýermedikler hem Alla baş göterenlerdir. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) iman eden bilen etmedigiň arasynda tapawut goýupdyr, olary parhlandyrypdyr.

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Meniň mysalym bilen Haktagalanyň meniň üstüm bilen iberen çakylygynyň mysaly şeýle bir adamyň ýagdaýyna meňzär: ýagny bir adam gelip, kowmuna: «Men duşman goşunynyň ýetip gelýänini hut gözüm bilen gördüm. Howp abanýar, ätiýaçly boluň!» diýýär. Bu habary eşidenleriň bir bölegi onuň aýdanyna eýerip, goş-golamlaryny düwüp, aljyraňňylyga düşmän, gijesine ýaňky ýerden daşlaşýarlar. Kowmuň galan bölegi bolsa, habarçynyň aýdanyna ynanman, ony ýalançy saýýarlar, şeýdibem şol ýerden göçmeýärler. Emma daňdan wagty duşman goşuny gapyllykda olaryň üstüni basyp, (hemmesini) gylyçdan geçirýär. Ine, şu mysal maňa ynanyp, getiren dinimi tassyklaýanlar bilen maňa garşy çykyp, Allanyň dinine bolan çakylygymy ýalanlaýanlary görkezýär».

Başga bir hadysynda Pygamber aleýhissalatu wesselam şeýle diýýär: «Meniň ýagdaýym bilen siziň ýagdaýyňyz suňa meňzär: bir adam ot ýakýar. Ot daş-töweregini ýagtyldyp ugranda perwanalar we ýagtylygy gowy görýän birtopar haýwanlar oda hüjüm edip, özlerini ýanyp duran oda urup başlaýarlar. Ýaňky adam her zat edip, olaryň öňüni almaga çalşar. Emma mör-möjekler topar-topar bolup gelşine, köpçülikleýin oda girerler. Menem edil şol adam ýaly, sizi otdan gorajak bolup, synyňyzdan çekýärin. Emma siz oda tarap göýä ylgaýarsyňyz».