Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) we sahabalary hakyndaky aýatlar

«Hiç şübhesiz, Biz seni şaýat, buşlaýjy we duýduryjy edip iberdik. (Eý, müminler!) Biz (pygamberi) siziň Alla we Onuň ilçisine iman getirmegiňiz, oňa goldaw bermegiňiz, oňa sylag-hormat goýmagyňyz we ertir-agşam Allany tesbih etmegiňiz üçin iberdik» («Fetih» süresi, 48/8-9).

Orta ýoly tutan we haýyrly ymmat

«(Kyýamat) güni her ymmatyň arasyndan olara (ol ymmatlara) özlerinden bolan bir şaýady ibereris. (Eý, Muhammet!) Seni hem bulara (ymmatyňa) şaýat edip getirdik. Saňa her bir zady düşündirýän, musulmanlar üçin dogry ýoly görkezýän, rahmet bolan, buşluk berýän kitaby inderdik» («Nahl» süresi, 16/89).

«(Eý, Muhammet ymmaty!) Şeýdip, Biz siziň (kyýamatda) ynsanlara şaýat bolmagyňyz, bu pygamberiň hem size şaýat bolmagy üçin sizi orta ýolda (adalatly) bolan bir ymmat etdik…» («Bakara» süresi, 2/143).

«Allanyň ýolunda (bar gaýratyňyz bilen) çyn ýürekden söweşiň! Ol (bu amanata eýe çykmagyňyz üçin adamlaryň arasyndan) sizi saýlady we dinde size kynçylyk döretmedi. Bu ataňyz Ybraýymyň dinidir. Ol öň hem (öňki kitaplarda), munda hem (Kuranda) size «musulmanlar» diýip at goýdy. Mundan maksat pygamberiň size, siziň bolsa beýleki ynsanlara görelde we şaýat bolmagyňyzdyr. Onda namazy berjaý ediň, zekat beriň we ýürekden Alla baglanyň! (Alla ýüzleniň we ähli işleriňizde Oňa bil baglaň!). Ol siziň Hossaryňyzdyr. Ol nähili ajaýyp Hossar we Kömekçi!» («Haj» süresi, 22/78).

Orta ýoly tutan we haýyrly ymmatyň Pygamberi (s.a.w)

«Kasam bolsun! Alla (olaryň) öz aralaryndan birini Özüniň (Allanyň) aýatlaryny okamagy, olary (her dürli) erbetliklerden saklamagy, olara kitaby we hikmeti doly öwretmegi üçin ilçi edip ibermek bilen Alla müminlere (bihasap) ýagşylyk edendir. Çünki olar mundan öň äşgär azaşan (ýoldadylar)» («Äli-Ymran» süresi, 3/164).

«Hiç şübhesiz, size öz içiňizden şeýle bir pygamber (Muhammet) geldi. Siziň kynçylyga duçar bolmagyňyz oňa agyr degýär. (Siziň iman getirmegiňizi çyn ýürekden isleýär). Çünki ol müminler üçin Mähirlidir, Rehim-şepagatlydyr» («Toba» süresi, 9/128).

Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) öz töweregine jemlenen adamlar bilen ýumşak, mylakatly bolmagy-da Allanyň merhemetiniň eseridir. Eger daşýürek, gahar-gazaply bolsady, adamlar Onuň (s.a.w) ýanynda durmazdylar, dagaşyp giderdiler. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) olaryň hatalaryny bagyşlady, Alladan olaryň günälerini geçmegi üçin dileg etdi we işlerini olar bilen maslahatlaşyp, her bir zatda olara geňeşdi.