Resuly-Ekrem (s.a.w) ortadan uzyn boýludy. Irimçik göwresi göreniň gözüni dokundyrýardy. Nuranadan akýagyz teni çala gyzyl öwüsýärdi. Burnunyň iki gaşy bilen birleşýän ýeri sähel tümmi bolup, keşbine gelşik berýärdi. Gözleri gara, gaşlarynyň arasy sähelçe açyk, sakgaly gür, eginleri giň, çiginlek, el-aýagy ýognasdy. Çalaja buýralanyp duran melemtil saçlary tolkun atyp durýardy.[1]
Pygamberimiziň (s.a.w) saçlary, köplenç, gulagynyň ýumşak etini ýapyp durýardy. Ol (s.a.w) saç-sakgalyna hemişe timar berýärdi. Saçyny ortarasyndan ikiýana açyp daraýardy. Onuň (s.a.w) saçyny käwagt hezreti Aýşe we beýleki enelerimiz hem darap berýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) ýatan wagty gözlerine sürme çalardy, turanda-da ýuwardy. Onuň (s.a.w) iki pilçesiniň arasynda uly hal ýaly bolup duran pygamberlik möhüriniň bardygyny mübärek sahabalarymyz gürrüň berýärler.
Pygamberimiziň (s.a.w) ýatýan düşeginiň golaýynda hemişe miswagy, täret aljak suwy, daragy durardy. Ol (s.a.w), umuman, arassaçylyga uly üns berýärdi. Diş ýuwmaklyga gezek gelende-de şeýledi. Resuly-Ekrem (s.a.w) her täret alanda, hökman miswak bilen dişini arassalardy.
[1] Müslim, «Fedail», 91-98 sah; Sahyhy-Buhary Muhtasary, Tejrid-i Saryh terjimesi, IX, 263 we beýl.; Tirmizi, «Şemail», 1-7 sah; Ibni-Sad, «Tabakatül-Kübra», I, 410 we beýl.