Ebwa ýörişi

Hijretiň birinji ýylynyň iň soňky aýy Resulalla (s.a.w) ýerine Sad bin Ubadäni (r.a) wekil goýup, ilkinji gezek muhajirlerden altmyş kişilik aňtawçy goşun bilen ýola çykdy. Pygamberimiziň (s.a.w) esasy maksady kureýş müşrikleri bilen gabatlaşyp, olaryň gözüniň oduny almakdy. Şeýle hem Ol (s.a.w) Demre bin Bekir ogullary bilen ylalaşyk baglaşmak isleýärdi.

Musulmanlaryň ak tuguny hezreti Hamza (r.a) göterýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) bu ýörişde müşrik goşuny bilen gabatlaşmady. Emma Demre bin Bekir ogullary bilen şertnama baglaşdy. Ýazga geçirilen şertnama görä:

a) Ne Pygamberimiz (s.a.w) olar bilen, ne-de olar Pygamberimiz (s.a.w) bilen hiç bir görnüşde gapma-garşy bolmaly däl;

b) Biri beýlekisiniň duşmanyna äşgär-u-gizlin hiç hili kömek etmeli däl;

j) Yslama garşy çykmadyk ýagdaýynda Pygamberimiz (s.a.w) olara kömek etmeli; Pygamberimiz (s.a.w) olary duşmana garşy söweşmäge çagyranda, olar hem kömege gelmeli.

Pygamberimiz on bäş günden soň Medinä gaýdyp geldi. Medinäniň töweregindäki taýpalar bilen baglaşylan bu şertnamalaryň örän uly peýdasy bolupdy. Esasan hem, mekgelileriň Damask söwda ýolundaky taýpalar bilen şertnama baglaşmagy kureýşlileri ykdysady taýdan çökermek planyna laýyk gelýärdi. Görlüşi ýaly, Pygamberimiz (s.a.w) musulmanlara garşy çykmadyk başga taýpalar bilen wagtlaýyn hem bolsa, duşmana garşy şertnama baglaşypdy.