Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) dünýeden gaýtmazyndan öň yslam döwletiniň düýbi tutulýar, mukaddes çakylygy bolan yslam dini bütin Arap ýarymadasynda kabul edilýär we goňşy ülkelere ýaýylmaga başlaýar.
Gürrüňi edilýän bu jihat hereketlerine diňe edilen hüjümlere garşylyk bermek we ýarag çekip gelenleri jezalandyrmak görnüşinde garamaly däldir. Gaýtam, jihat yslam dinine çagyryşlar bilen ugurdaş alnyp barylýar. Has dogrusy, yslam dinine çagyrmaklyk adam öldürmeklik bilen däl-de, Kuranyň ajaýyp metody bolan hikmet hem-de ýagşy nesihat etmek bilen dowam etdirilýär. Çünki bu metod dogry towhyd dininiň kämil ahlakly adamzat jemgyýetiniň dikeldilmeginde örän möhüm serişdedir.
Kuran jihat hereketleriniň dowamynda duşmanlara dürli mertebelerde we aýratynlyklarda çykalga salgy bermegi dowam etdirýär. Maksady, olaryň duşmançylykdan ýüz öwrüp, toba etmekleri we ýaraşyga gelip, yslam dinine girmekleridir. Kuran bu çagyryşy hatda musulmanlaryň güýçlenip, ýeňiş üstüne ýeňiş gazanýan, ýeňşe garaşylýan şertlerde-de dowamly gaýtalaýar. Bu hakynda «Bakara» süresinde şeýle diýilýär:
«Siz, tä pitne (bütinleý aradan) aýrylýança we din (tagat-ybadat) hem diňe Alla üçin bolýança, olara garşy söweşiň! Eger olar (söweşden) ýüz öwürseler, (olara duşmançylyk etmäň), çünki zalymlarydan başga (hiç kime) duşmançylyk edilmez» (193-nji aýat).
«Enfal» süresiniň Bedir söweşiniň yz ýany inen aýatlarynda şeýle diýilýär:
«(Eý‚ Muhammet!) Kapyrlara aýt: «Eger (pygambere duşmançylykdan ýüz öwrüp) yslama girseler‚ olaryň öňki eden günäleri bagyşlanar. Ýok‚ eger ýene duşmançylyga baş goşjak bolsalar‚ onda özleri ýalylaryň başyna gelen hadysa olaryň hem başyndan iner!». Pitne (bütinleý) ýok edilip‚ din Alla üçin (berkarar) bolýança‚ olara garşy söweşiň! Eger (pitneden) ýüz öwürseler‚ olara degmäň! Alla olaryň edýänlerini görýändir.» (38-39-njy aýatlar).
«Eger olar ýaraşmakçy bolsalar‚ sen olar bilen ylalaş hem-de Alla bil bagla! Çünki Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir» («Enfal» süresi, 61).