Mümtehine» süresiniň Mekgäniň eýelenen wagty inen aýatlarynda bolsa şeýle diýilýär:
«Belki, Alla siziň bilen olardan size duşman bolanlaryň arasynda mähir-muhabbet döreder. Alla (ähli zada) güýç ýetirýändir. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» (7-nji aýat).
«Toba» süresiniň Mekgäniň eýelenmeginden soňra inen aýatlarynda şeýle hakykat beýan edilýär:
«Beýik haj güni Allanyň we Onuň ilçisiniň (adyndan) ynsanlara şuny yglan ediň: «Alla we Onuň ilçisi (Alla) şärik goşýanlardan daşdyr. Elbetde‚ (Alla şärik goşmakdan) toba edip‚ Allanyň birligine ýönelseňiz‚ bu siziň üçin has haýyrlydyr. Siz Allanyň elinden gutulmajakdygyňyzy gowy biliň! Kapyrlara elhenç bir azap beriljekdigini habar ber!» (3-nji aýat).
«Haram (söweş etmeklik gadagan) aýlar geçensoň‚ (Alla) şärik goşanlary nirede görseňiz (tutsaňyz) öldüriň! Olary tutup ýesir alyň‚ olaryň geçip biljek ähli geçelgelerini saklaň! Eger toba edip‚ namaz okap‚ zekat berseler, olary erkine goýberiň! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» (5-nji aýat).
«Olar müminler babatda ne ähti-peýmana‚ ne kasama‚ ne hak-hukuga eýererler. Olar şeýle azgyn kişilerdir! (Muňa garamazdan) kapyrlykdan ýüz öwrüp‚ toba edip‚ namaz okap‚ zekat berseler‚ onda olar siziň din doganlaryňyz bolarlar. Akyllaryny ulanyp pikirlenýän kişiler üçin Biz aýatlarymyzy doly beýan edýäris» (10-11-nji aýatlar).
«Maide» süresiniň şu iki aýaty bu mesele dogrusynda uly ähmiýete eýedir:
«Hiç şübhesiz, Alla we Onuň ilçisine garşy söweşýänleriň we Ýer ýüzünde (adam öldürmek we talamak ýaly) bulagaýlyk edýänleriň jezasy öldürilmekdir ýa-da asylmakdyr, ýa-da el-aýagynyň çapraz kesilmegidir, ýa-da ýaşaýan ýerinden sürgün edilmekleridir. Bu olar üçin Ýer ýüzünde ryswalykdyr. Ahyretde bolsa, olar üçin uly azap bardyr. Emma siziň eliňize düşmezden ozal toba edenlere (jeza ýokdur). Bilip goýuň, elbetde, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» (33-34-nji aýatlar).