Jihat hereketiniň başlandygyny beýan edýän aýatlar

«Haj» süresinde şeýle diýilýär:

«Özlerine (Alla ynananlara) nähak ýere zulum edilenligi sebäpli, olara (söweşmäge) rugsat edildi. Hiç şübhesiz, Allanyň olara kömek etmäge güýji ýetýändir» (39-njy aýat).

Aýatyň manysy äşgärdir. Ýagny musulmanlara hüjüm edilendigi üçin Alla olara goranmaga rugsat berýär we ýeňiş bilen buşlaýar. Tefsirçileriň köpüsi bu aýatyň özünden öňki bir aýat we soňky iki aýat bilen birlikde pygamberligiň Medine döwründe söweş bilen baglanyşykly Kuranyň ilkinji inen aýatlarydygy hakynda pikirdeşdir. Şeýlelikde, bu aýatlaryň mazmunynda şol döwürde jihat hadysasy ýa-da hadysalary barada ilkinji yşaratlar beýan edilýär. Çünki «özlerine hüjüm edilen kişiler» jümlesine mundan başga düşündiriş berip bolmaz. Iň dogrusyny Alla biler. Bu aýatdan soňky gelýän aýat hem muny tassyklaýar:

«Olar diňe: «Biziň Rebbimiz Alladyr» diýenleri üçin nähak ýere öz ýurtlaryndan çykaryldylar. Eger Alla ynsanlaryň käbirlerini (erbetlerini) beýleki käbirleri bilen dep etmedik bolsady, hiç şübhesiz, içlerinde Allanyň ady zikir edilýän ruhany öýleri, kiliseler, ýahudylaryň ybadathanalary we metjitler ýumrular giderdi. Alla özüne (dinine) kömek edenlere hökman ýardam berer. Ebetde, Alla çäksiz kuwwatlydyr, Gudraty güýçlüdir» (40-njy aýat).

Aýatda Allanyň musulmanlara söweşmek üçin rugsat berendigini görkezýän sebäp beýan edilýär. Çünki musulmanlar zulma, hüjüme sezewar bolupdylar.

Öňe sürülýän garaýşa görä, «Bakara» süresiniň şu aşakdaky aýatlary mazmunynda Bedir söweşi bilen baglanyşykly aýatlary bolan «Enfal» süresinden öň inýär:

«Siz Allanyň ýolunda öldürilenlere «ölüler» diýmäň! Tersine, olar diridirler, emma siz (olaryň ýaşaýşyny) duýmarsyňyz. Kasam bolsun! Elbetde, Biz sizi biraz gorky-howp, açlyk, emlägiňize, janyňyza we hasyllaryňyza nogsanlyk ýetirmek (garyplyk) arkaly synag edýäris. Sabyr edenleri söýünjile! Sabyr edenleriň (başyna) bir kynçylyk gelende: «Elbetde, biz Allanyň (bendeleri) we biz, hiç şübhesiz, Oňa gaýdyp bararys» diýerler» («Bakara» süresi, 2/154-156).

Bu aýatlar käbir musulmanlaryň Alla ýolunda şehit bolandyklaryny görkezýär. Şunlukda, aýatlar şehitleriň hossarlaryna teselli bermek bilen musulmanlara söweşmäge rugsat edýär. Çünki olar Alla ýolunda her dürli kynçylyklar, musybatlar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly. Görlüşi ýaly, şehit bolmaklyk duşman bilen bolan çaknyşygyň ýa-da hüjümiň netijesidir.