«Hadys («الحديث»)» sözi arap dilinde işlikden ýasalan at bolup, «habar, gürrrüň» diýen manylary aňladýar. Yslam dininde, umuman, Pygamberimiziň (s.a.w) aýdan sözleri «Hadys» diýlip atlandyrylýar. Hadysçy alymlar Pygamberimiziň (s.a.w) daşky sypaty bilen bagly aýratynlyklary hem-de onuň gylyk-häsiýetleri baradaky maglumatlara-da «Hadys» diýip at beripdirler. Galyberse-de, diňe bir Pygamberimiziň (s.a.w) däl, eýsem sahabalaryň we tabygynlaryň Pygamberimiz (s.a.w) ýa-da diniň hökümleri barada aýdan sözlerine-de «hadys» diýilýär. Hadys terminologiýasy boýunça sahabanyň aýdan sözlerine «Mewkuf hadys», tabygynyňka bolsa «Maktu hadys» diýilýär.
Biz Pygamberimiziň (s.a.w) öz öwüt-ündewlerini «Hadys» diýip atlandyrandygyny çeşmelerden anyk bilýäris. Bir gün Ebu Hureýre Pygamberimizden (s.a.w) kyýamat gününde ilkinji bolup kime şepagat etjegini soranda, Pygamberimiz (s.a.w): «Eý, Ebu Hureýre! Hadys eşitmäge höwesekdigiňi öňdenem bilýärdim, şonuň üçin şepagat barada-da ilki bilen seniň sowal bermegiňe garaşýardym» diýip jogap beripdir.[1]
Yslam alymlarynyň umumy garaýşyna görä, hadyslaryň sözleri Pygamberimiziň (s.a.w) agzyndan çykanam bolsa, şol sözleriň manysy Allatagaladan gelýär. Ýagny aýdylmaly pikiri Allatagala pygamberiň kalbyna guýýar, pygamberem şol pikiri öz sözleri bilen beýan edýär. Munuň bilen bir hatarda, hadyslaryň wahyý däldigi hem ýatdan çykarylmaly däldir. Yslam dininde wahyý bilen hadysyň arasyndaky çäk anyk bellidir. Hut şonuň üçin Pygamberimiziň (s.a.w) Allataganyň adyndan aýdýan kudsy hadyslary «Wahyý-gaýry-metluw» («Namazda okalmaýan wahyý») diýip atlandyrylypdyr.
Hadys ylmynda iň ygtybarly hadyslary özünde jemleýän alty kitaba «Kütübi-sitte» diýip at berilýär. «Kütübi-sittäniň» sanawyna girýän kitaplar şulardyr:
Aşakda hödürlenýän Ymam Newewiniň (1272-1277) «Riýazus-salihyn» atly hadys kitaby türkmen diline ilkinji gezek terjime edilýär. Ymam Newewi özüniň bu eserini ýazmak üçin, esasan, «Kütübi-sittäniň» hadyslaryndan peýdalanypdyr. Ýazaryň saýlap alan hadyslaryndan çen tutsaň, onuň öz döwrüniň nogsanlyklaryndan diňe aýatdyr hadyslaryň ündeýän ýokary adamkärçilik sypatlaryna ymtylmak bilen saplanyp boljakdygyna ynanandygyny anyk görmek bolýar.
[1] Buhary, «Ylym», 33.