Amallaryň gymmaty

Müminleriň emiri Omar ibn Hattab (r.a): «Allanyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle diýenini eşitdim» diýdi: «Amallaryň gymmaty niýetlere görä kesgitlener. Kim näme islese, şoňa hem gowşar. Kimde-kim Allanyň we Resulynyň razylygyny gazanmak maksady bilen bir ýerden başga ýere hijret etse, (musulmançylygyň gadagan edilen ýerinden musulmançylyga rugsat berilýän ýere göçse), ol Allanyň we resulynyň razylygyny gazanmak niýeti bilen hijret etdi hasaplanar we şoňa görä hem sogap gazanar. Kimde-kim dünýä malyny gazanmak ýa-da öýlenjek zenanyna gowuşmak üçin bir ýerden başga bir ýere hijret etse, onuň hem hijretiniň gymmaty şoňa görä kesgitlener».[1]


[1] Buhary, Bedul-wahý 1; Muslim, Imaret 155.