Ebu Abdurrahman Abdulla Ibni Omar Ibnil-Hattabyň (ra) aýtmagyna görä, ol Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:
– Köne döwürde üç adam nirädir bir ýere rowana bolýar. Bular iňrik garalanda (ýoldan sowlup) uklap dynç almak üçin bir gowaga girýärler. Birdenem dagdan harsaň daş bölegi togalanyp gaýdýar-da, gowagyň agzyna temme bolýar duruberýär. (Çykgynsyz ýagdaýa düşen) bu üç kişi öz aralarynda:
– (Indi biz) eden haýyrly işlerimizi ýatlaşyp, Alladan medet soramakdan başga alajymyz ýok. Bu ýagdaýdan şeýdip halas bolaýmasak – diýişýärler. Onsoň olaryň birisi gürrüň bermäge başlaýar:
– (Eý,) Allam! Meniň garry enem-atam bardy. Olary ilki bilen iýdirip-içirmän, bala-çagama, hyzmatkärime duz dadyrmazdym. Bir gezegem uzagrak ýere odun ýygmaga gitdim. Wagtynda yzyma dolanyp ýetişmedim. Agşamky sagymdan süýt alyp, ene-atamyň huzuryna gelsem, olar eýýäm uklan eken. Oýarmagy uslyp bilmedim, ýöne bala-çagama-da şamlyk naharyny bermedim. Şunlukda, elim süýtli tabakly tä enem-atam oýanýança, olaryň başujunda garaşyp oturyberdim. Balalarymam aç bolansoň, ýanymda tamşanypjyk otyrlar. Ahyrsoňy enem-atam oýandy. Onsoň olara elim bilenjik süýt içirdim.
Gürrüň berýän adam sözüni tamamlap, Alla ýalbarmagy durdy: «Eý, Allam! Men muny diňe seniň razylygyňy gazanmak üçin edipdim. Çykalga böwet bolup duran şu daşdan dyndaraweri!» diýdem weli, daş bir gyra çalaja süýşüp, gowagyň agzy sähelçe açyldy. Ýöne çykyp boljak däldi.
Onsoň ikinji adam gürrüňe başlady:
– (Eý,) Allam! Bir gyz doganoglanym bardy. Ony şeýle bir söýýärdim, şondan başgany gözüm görmeýärdi («Bir erkek zenan maşgalany nähili gowy görýän bolsa, menem ony şeýle gowy görýärdim» diýlip aýdylýan görnüşi hem bar). Oňa ýakynlaşmak isledim. Emma ol razylyk bermedi. Bir ýyl gytçylyk boldy. Şonda şol gyz gapymdan geldi. Men oňa birwagtky eden teklibimi kabul etse, ýüz ýigrimi tylla berjegimi aýtdym. Ol hem (bialaç) razy boldy. Haçanda oňa ýakynlaşjak bolanymda (başga bir hadysda, «jynsy gatnaşyga girişjek bolanym hem şoldy welin» diýilýär), ol: «Alladan gork! Diniň halamaýan pirimini ulanyp, maňa el degirjek bolýarsyň!» diýdi. Alladan gorkyma yşkynda köýüp ýören şol zenandan dessine uzaklaşmak bilen boldum. Beren tyllalarymy hem yzyna almadym.
Şulary gürrüň berensoň, bu adam hem Alla ýalbaryplar şeýlde diýdi: «Eý, Allam! Şuny seniň razylygyň üçin eden bolsam, başymyzdan şu belany sowaweri!» Hälki harsaň daş ýene biraz ýerinden süýşdi. Emma barybir çykar-eder ýaly däldi.
Onsoň üçünji adam söze başlady:
– (Eý,) Allam! Birçak men birnäçe işçini hakyna tutup, işletdim. Şonda birinden gaýrysynyň hakyny töledim. Şonda olaryň birisi (bir sebäp bilen-ä) hakyny alman gidipdi. Ana, şonuň puluny öwrüp-çöwrüp köpeltdim. Giden baýlyk ýygnandy. Ynha, bir günem şol adam gelip:
– Eý, Allanyň guly, meniň hakymy ber – diýdi. Menem oňa:
– Şu görýän düýeleriň, sygyrlaryň we gullaryň barysy seniňki. Seniň alman giden puluňdan köpelip giden zatlar şular – diýdim. Şonda ýaňky pukara adam:
– Eý, Allanyň guly! Meni oýnajak bolma – diýdi. Şeýle diýensoň men:
– Ýok, çynymy aýdan, seni oýnajak bolamok – diýdim. Şondan soň ol adam näme ýygnanan bolsa, öňüne salyp alyp gitdi. (Üçünji adam hem gürrüňini tamamlansoň,) – Rebbim! Eger men şuny seniň razylygyň üçin eden bolsam, düşen şu ýagdaýymyzdan halas eýle! – diýip, ýalbarmak-ýalbardy. Şonda harsaň daş bir gyra süýşüp, gowagyň agzy mazaly açylaýdy. Şunlukda olar gowakdan çykyp ötägitdiler.[1]
[1] Buhary, «Büýu» 98,«Ijare» 12, «Hars wel-müzarea» 13, «Enbiýa» 53, «Edeb» 5; Müslim, «Zikir» 100.