Ryýazus-Salyhyn 4

Dogry sözli bolmak

Dürslük

«Eý‚ iman getirenler! Allanyň emirlerine garşy gelmekden gorkuň we dürs (dogry) ynsanlar bilen birlikde boluň!» («Toba» süresi, 9/19).

***

«Alla musulman erkeklere we zenanlara, mömin erkeklere we zenanlara, yhlas bilen Alla ybadat edýän erkeklere we zenanlara, Allanyň sadyk gullary bolan erkeklere we zenanlara, sabyrly erkeklere we zenanlara, Alladan gorkýan we çekinýän erkeklere we zenanlara, sadaka berýän erkeklere we zenanlara, oraza tutýan erkeklere we zenanlara, namyslaryny goraýan (zyna etmeýän) erkeklere we zenanlara, Allany köp zikir edýän (ýatlaýan) erkeklere we zenanlara ýalkaw we uly sylag taýýarlady». («Ahzab» süresi, 33/35).

***

«(Olaryň etmeli işi) tabyn bolmak we ýagşy söz sözlemekdir. Iş çynlakaýlaşan mahaly olar Alla (beren sözlerinde) dursalardy, elbetde, özleri üçin has haýyrly bolardy». («Muhammet» süresi, 47/21).

***

Abdullah ibn Ebi Ewfa (r.anhuma) gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) bir gezek duşman bilen gapma-garşy geldi. Emma dessine söweşe girişibermedi. Gün ýaşýança garaşdy. Şol pille esgerlere ýüzlenip şeýle diýdi:

Eý, musulmanlar! Hergiz duşman bilen bir ýüzbe-ýüz bolsadym diýmäň! Alladan aman-esenlik diläň! Ras, duşman bilen ýüzbe-ýüz bolduňyzmy, sabyry elden bermäň! Şuny bilip goýuň: jennet gylyçlaryň kölegesiniň astyndadyr.

Mundan soňra hem şeýle diýip dileg etdi:

Eý, kitaby (Kurany) indiren, bulutlary asmanda gezdiren, sap tutan duşmanlary derbi-dagyn eden Allam! Şu duşmany (hem) perişan kyl we bize olary ýeňmegi miýesser et![1]

***

Ibn Mesudyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Nebileriň Serweri (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Dogrulyk (ynsany) gowulyga (alyp barar), gowulyk bolsa jennete äkider. Dürslügi jäht tutan ynsanyň aýdýanam, gözleýänem dogry bolar. Şunlukda, Allanyň gatynda onuň ady syddyklaryň içinde ýazylar.

Ýalan (ynsany) fujura (azgynlyga alyp barar), fujur bolsa (eltip) dowzaha atar. Şunlukda, Allanyň gatynda ýalana endik eden kişiniň ady kezzaplaryň (ýalançy) arasynda ýazylar».[2]      

***

Hasan ibn Ali ibn Ebi Talyb (r.anhuma) gürrüň berýär.

Men Allanyň resulynyň (s.a.w) aýdan şeýle bir pendini berk ýat tutdum:

«Şübheli bolan zady goý, şübheli bolmadyk zada gara! Çünki köňül (söz ýa iş babatynda) dogry bolan zatdan huzur tapýar, ýalandan (bolsa) birahatlyk».[3]

***

Sehl ibn Huneýf (r.a) gürrüň bermegine görä, Nebileriň Serweri (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Çyn ýüreginden şehit bolmagy islän kişi düşeginde jan tabşyranam bolsa, Alla ony şehitlik mertebesine beýgelder».[4]

***

Ebu Hureýräniň (r.a) aýdyp bermegine görä, ol Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:

Öňki pygamberleriň (Allanyň salat we salamy bolsun) birisi söweş üçin ýörişe çykmanka, ymmatyna şeýle diýip ýüzlendi:

«Araňyzda täze öýlenip, heniz gerdege aýak basmadyk, öý galdyrybam, üstüni basyrmadyk hem-de bogaz düýesi ýa-da goýny bolup dogurmadyk kişiler bar bolsa, meniň yzyma düşmesin!» Ine, şu sözleri aýdandan soňra ýola düşmek bilen boldy. Ikindin töwerekleri söweş boljak meýdana baryp ýetdi. Ol pygamber Güne garap: «Senem, menem näme buýrulsa şony edýäris» diýdi. Soňra-da «Eý, Allam! Günüň ýaşýan wagtyny gijikdireweri!» diýip, Alla dileg etdi. Şunlukda, Allatagala tä ol ýeňiş gazanýança, Günüň ýaşýan wagtyny gijikdirdi. Söweş tamam bolansoň, ele geçirilen oljalar bir ýere üýşürildi. (Edähede görä,) üýşüp duran oljanyň üstüne asmandan ataş indi, ýöne olja alawlap ýanybermedi. Şonda pygamber: «Araňyzdan käbiri olja el urupdyr. Hany derrew, herki kowumdan bir wekil gelip, elini elime berip, maňa gol berýändigini bildirsin» diýip seslendi. Gol berişlikde bir kişiniň eli pygamberiň eline ýelmeşip galyberdi. Onsoň pygamber oňa: «Dönük siziň araňyzdan biri bolmaly. Derrew seniň kowmuňdan bolanlar gelip maňa gol bersinler» diýip, tabşyryk berdi. Şol gelenleriň arasyndan iki-üç kişiniň eli pygamberiň eline ýapyşdy duruberdi. Pygamber olara: «Ogurlyk zat sizde» diýdi. Olar gidip, ýaşyran zadyny alyp geldiler. Sygyryň kellesine meňzäp duran, altyndan bir zat eken. Pygamber ony alyp, üýşmek bolan duran oljanyň üstüne zyňyp goýberdi. Asmandan ataş düşüp, olja ýanyp kül boldy. Sebäbi bizden öňki hiç bir pygamberiň ymmatyna söweş bilen ele geçirilen olja halal edilmändi. Ýöne Allatagala ejizligimizi, güýçsüzligimizi göz öňünde tutup, oljany bize halal etdi».[5]


[1] Buhary, «Jihad» 112; Muslim, «Jihad» 20.

[2] Buhary, «Edeb» 69; Muslim, «Birr» 103.

[3] Tirmizi, «Kyýamet» 60.

[4] Muslim, «Imare» 157.

[5] Buhary, «Humus» 8; Muslim, «Jihad» 32.