Ryýazus-Salyhyn 5

Allanyň bendelerine gözegçilik edişi

«Ol seni (gije namaza) durýanyňy hem görýändir. Sežde edýänleriň arasyndakaň (sežde, rukug we oturup ybadat edişiňi) hem görýändir». («Şuara» süresi, 26/218-219).

***

«Siz nirede bolsaňyz hem, Ol (ylmy we gudraty bilen) siziň ýanyňyzdadyr». («Hadid» süresi, 57/4).

***

«Ne ýerde, ne-de asmanda hiç zat Alladan gizlin galmaz». («A:li-Ymran» süresi, 3/5).

***

«Şübhesiz, Rebbiň elmydama göz astynda saklaýandyr». («Fejr» süresi, 89/14).

***

«(Alla) gözleriň hyýanatçylykly seredişini we ýürekleriň pynhan işlerini biler». («Mümin» süresi, 40/19).

***

Omar ibn Hattab (r.a) gürrüň berýär:

Bir gün Allanyň resulynyň huzurynda (s.a.w) otyrkak, ap-ak geýimli, şar gara saçly, ýol söküp gelene meňzemeýän bir del adam geldi. Ol pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna ýakynlaşdy we edil gabadyna geçip, dyzlaryny pygamberimiziň (s.a.w) dyzlaryna degrip oturdy. Ellerini dyzlarynyň üstünde goýdy. Soňra-da pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Muhammet! Maňa Yslamy düşündir!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w): «Yslam Alladan başga ylahyň ýokdugyna, Muhammediň Allanyň resulydygyna şaýatlyk etmekdir. Namazy kämil görnüşde okamakdyr. Zekat bermekdir. Remezan aýynda agyz beklemekdir. Güýjüň ýetse, Käbä zyýarata (haja) gitmekdir» diýdi. Ol adam: «Dogry aýtdyň» diýdi. Onuň ilki özüniň sowal bilen ýüzlenmegi, soňundan bolsa (pygamberimiziň (s.a.w) sözlerini) «dogry» diýip tassyk etmegi bizi geň galdyrdy. Del adam ýene-de (pygamberimize (s.a.w): «Maňa imany düşündir!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w): «Iman – Alla, (Onuň) perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe ynanmakdyr. Ýazgyda, haýryň we şeriň Ondandygyna iman getirmekdir» diýdi. Nätanyş adam (Allanyň resulynyň (s.a.w) bu sözlerini hem): «Dogry aýtdyň» diýip tassyk etdi we şeýle diýdi: «Bolýar, indi bolsa yhsan barada aýdyp ber!» Allanyň resuly (s.a.w): «Yhsan – Allany edil görýän deý gulluk etmekdir. Her näçe sen Ony görmeýän hem bolsaň, Ol seni görýändir» diýdi. Nätanyş adam ýene-de: «Dogry aýdýarsyň» diýdi. Yzyndanam: «Kyýamat haçan gopýar?» diýip sorady. Hezreti pygamberimiz (s.a.w): «Bu babatda sowal berilýän kişiniň sowal edýänden artykmaç bilýän zady ýokdur» diýdi. Şunlukda, del adam: «Onuň ýaly bolsa kyýamatyň alamatlary hakda aýdyp ber!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) ynha, şulary aýdyp berdi: «Eneler özlerini gyrnak ýaly edip ulanjak perzentler dogurjak. Aýakýalaň, başgapsyz ýoksul goýun çopanlary öz aralarynda belent-belent binalar gurmakda bäsleşjekler». Soňra ol adam sessiz-üýnsüz metjitden çykyp gidiberdi. Men bolsa haýran galmakdan ýaňa özümi ýitirip otyrdym. Allanyň resuly (s.a.w) menden: «Eý, Omar! Sowal beren kişiniň kimdigini bilýärmiň?» diýip sorady. Men: «Alla we Onuň resuly bilýär» diýdim. Allanyň resuly (s.a.w): «Ol Jebraýyldy. Size diniňizi öwretmäge gelipdi» diýdi.[1]  

***

Ebu Zer Jundeb ibn Junade bilen Muaz ibn Jebeliň (radyýallahu anhuma) gürrüň bermegime görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Nirede we nähili ýagdaýda bolsaň hem Alladan gork! Bardy-geldi bir günä iş edäýseň, dessine haýyrly iş et ki, (goý) günäň ýuwulsyn! Ynsanlar bilen mylakatly, hoşgylaw bol![2]

***

Abdulla ibn Abbas (r.a) gürrüň berýär:

Bir gün pygamberimiz (s.a.w) bilen bir ulaga artlaşyp, gidip barýardyk. Şonda Ol (s.a.w) maňa şeýle diýdi:

Ýaş ýigit! Saňa pendim bolsun: Allanyň emirlerini berjaý kyl, gadagan eden zatlaryndan saklan! Şonda Alla-da seni gorar. Herki işiňi Allanyň razylygy üçin etgin! Şeýtseň, Allanyň ýardamy seniň bilen bolar! Islän her bir zadyňy Alladan dile! Ýogsam-da bütin ymmat seniň peýdaň üçin jem bolsa, barybir Allanyň buýranyny berip bilerler. Şeýle hem bütin ynsanlar jem bolup saňa zyýan bermäge synanyşsa, Allanyň buýranyndan daşgary zerre ýaly zyýan berip bilmezler. Galamlar ýazmasyny goýdy, syýalar gurady.[3]    

***

Enes ibn Mälik (r.a) gürrüň berýär:

Siz şeýlebir işler edýärsiňiz, hatda olara gyl ýaly ähmiýet bermeýärsiňiz. Emma biz bolsa, Allanyň resulynyň (s.a.w) zamanasynda şolar ýaly işleri heläkçilege eltýän uly ýalňyşlyk diýip hasap edýärdik.[4]

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allatagala (gullaryna) gazaplanýar. Allanyň gazaby günä işleýän gullarynadyr.[5]

***

Şeddad ibn Ewsiň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Akylly kişi (heniz ölmänkä) özüni hasaba çekýän we salyh amallar işläp, ölümden soňky ýaşaýşyň aladasyny edýän kişidir. Ejiz, nalajedeýin kişi bolsa nebsi arzuwlarynyň ugrunda selpäp, halas bolmagy üçin bolsa hiç zat etmän, (yzyndanam) «Allanyň özi günämi öter-dä» diýip, öz ýanyndan hyýal ýüwürdýän kişidir.[6]

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir kişiniň özüne peýdasy degmeýän we baglanyşygy bolmaýan zatlary terk etmegi, onuň oňat musulmandygyny görkezýär.[7]


[1] Muslim, «Iman» 1.

[2] Tirmizi, «Birr» 55

[3] Tirmizi, «Kyýamet» 59.

[4] Buhary, «Rykak» 32.

[5] Buhary, «Nikah» 107; Muslim, «Toba» 36.

[6] Tirmizi, «Kyýamet» 25.

[7] Tirmizi, «Zühd» 11.