Ebu Abdurrahman Abdulla ibn Omar ibnil-Hattabyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
– Allatagala bendesiniň jany bokurdaga gelmänkä eden tobasyny kabul eder.[1]
Zirr ibni Hubeýş gürrüň berýär:
– Mesiniň üstünden nähili mesh edilýändigini soramak üçin Safwan ibni Assalyň (r.a) ýanyna barypdym. Şonda ol menden:
– Zirr, näme üçin gediň? – diýip sorady. Menem:
– Ylym öwrenmek üçin – diýdim welin, ol hem maňa, ine, şuny aýtdy:
– Perişdeler ylym öwrenýän kişilerden hoşnut bolýandyklary üçin olary ganatlary bilen penalar.
Şonda men oňa şeýle sowal bilen ýüzlendim:
– «Uly hem-de kiçi täretden soňra mesiniň üstünden nädip mesh edilýärkä?!» diýen pikir kelläme geldi durdy. Ynha, sen bolsa Pygamberiň (s.a.w) ashabyndan bolýaň. Menem Ondan (s.a.w) bu barada bir zatlar eşidip-eşitmäniňi soraýyn diýip geldim.
Safwan meniň sowalyma şeýle diýip jogap berdi:
– Hawa, eşitdim. Resuly-Ekrem (s.a.w) sapara çykylanda üç gije-gündiz mesini çykarmasaň bolýandygyny, uly hem kiçi meýdandan, hatda uklap turanyňdan soňra-da mesiniň üstüne mesh etseň ýeterlikdigini, emma junup bolsaň – iniň hapalansa, mesini çykarmalydygyny aýdardy.
Onsoň men ondan:
– Ondan (s.a.w) söýgi barada eşiden zadyň boldumy? – diýip soradym. Ol:
– Hawa, eşitdim. Bir gezek Allanyň resuly (s.a.w) bilen sapara çykdyk. Biz hem onuň ýakynlaryndadyk. Şonda çölde bir çarwa adam Pygamberimize: «Eý, Muhammet!» diýip, gödeksi ýüzlendi. Pygamberimizem (s.a.w) edil onuň äheňinde jogap gaýtardy: «Gel, bakaly!» Men ýaňky çarwa garap şeýle diýdim: «Bolşuň dagy nätäňet? Sen Pygamberiň (s.a.w) huzurynda dursuň ahyry! Ýuwaşrak geple! Allatagala (Onuň huzurynda) gaty ses bilen geplemegi gadagan etdi». Çarwanyň bolsa şol bolşy. Ol: «Walla, ýuwaş geplejek däl!» diýdi. Soňam Resuly-Ekreme (s.a.w) garap: «Aýdaly, bir adam şeýle bir kişileri gowy görýär, emma olar bilen bile oturyp-turşar ýaly haýyrly iş etmändir. Ana, şol kişi dogrusynda näme diýersiň?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w) onuň bu sowalyna şeýle diýip jogap berdi: «Kyýamat güni her kim öz gowy gören kişisi bilen bile bolar».
Saffan ibni Assal (r.a) sözüni dowam etdirdi:
– Pygamberimiz (s.a.w) bu barada gaty kän zat diýdi. Sözüniň arasynda Günbatar tarapda bar bolan nähilidir bir gapy dogrusynda hem gürrüň berdi. «Şol gapynyň giňligi barada aýtmaly bolsa, pyýada ýöräp gidilende kyrk ýa-da ýetmiş ýyllyk ýoldur» diýdi.
Damaskly hadysçylaryň biri Sufýan ibni Uýeýne bu gapy barada şeýle diýýär:
– Alla asmany we Ýeri ýaradan gününden beýläk şol gapyny toba edýänler üçin açyp goýupdyr. Tä Gün Günbatardan dogýança, şol gapy ýapylmaz.[2]
[1] Tirmizi, «Daawat» 98. Şeýle hem seret. Ibni Maje, «Zühd» 30.
[2] Tirmizi, «Daawat» 98. Şeýle hem seret. Tirmizi, «Taharet», 71; Nesai, «Taharet» 97, 113; Ibni Maje, «Fiten» 32.