Tobaň elbetde kabul bolar

Ebu Said Sad ibni Sinan el-Hudrynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, ol Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:

«Birçak togsan dokuz adamy öldüren bir kişi ýaşaýardy. Ol Ýeriň ýüzüniň iň ökde alymyny gözleýärdi. Oňa bir monahy salgy berýärler. Ol şol monahyň ýanyna baryp, şeýle sowal berýär:

«Men togsan dokuz kişiniň janyna kast etdim. Toba etsem, tobam kabul bolarmyka?»

Monah tobasynyň kabul bolmajagyny aýdansoň, ony hem öldürdi. Şunlukda, onuň öldüren adamsynyň sany ýüze ýetdi. Soňra ýene-de Ýer ýüzüniň iň alym adamsynyň gözlegine çykdy. Oňa ýene bir kişini salgy berdiler. Bu kişi şol alymyň ýanyna baryp, özüniň ýüz adamyň janyna kast edendigini, indi toba etse,  tobasynyň kabul bolup-bolmajagyny sorady. Alym oňa şeýle diýdi:

«Elbetde, kabul bolar. Adamyň toba etmegi üçin hiç zat päsgel bolup bilmez. Ýöne sen pylan ýere git. Ana, şol ýerde Allatagala ybadat edýän ynsanlary görersiň. Sen hem olar bilen birlikde Alla ybadat ediber. Hergiz ýurduňa dolanma! Sebäp diýseň, o taýy ibaly ýer däl».

Ol adam häki ýurda sary ýola çykdy. Ýarty ýolda ajaly ýetdi. (Onuň ýanyna gelen) rahmet perişdeleri bilen azap perişdeleri düşünişip bilmediler. Rahmet perişdeleri «Bu adam ýürekden toba etdi. Alla üçin ýola düşdi» diýseler, azap perişdeleri «Bu adam ömründe gowulyk etmedi ahyryn» diýdiler. Şol wagt adam sypatyna giren başga bir perişde peýda boldy. Perişdeler ondan emin bolup bermegi haýyş etdiler. Ol hem «Ýetip gelen aralygy bilen, galan aralygy ölçäň. Haýsy tarapy ýakyn bolsa, ol adamy şol tarapa degişli ediň» diýip, maslahat berdi. Şunlukda, perişdeler iki aralygy hem ölçediler. Görseler, ýetmek islän tarapy has ýakyn bolup çykdy. Şondan soňra ol adamy rahmet perişdeleri alyp gitdiler».[1]

Ygtybarly ýol bilen ýetip gelen başga bir hadysa görä, gowy adamlaryň ýaşaýan obasyna bir garyş has ýakynlaşandygy üçin ol adam şol tarapa degişli hasap edilýär.

Ýene bir ygtybarly ýol bilen gelen hadysa görä, Allatagala adamyň çykyp gaýdan obasynyň ondan uzaklaşmagyny, barýan obasynyň bolsa oňa tarap ýakynlaşmagyny emir berdi. (Şondan soň) perişdelere iki aralygy ölçemegi tabşyrdy. Adamyň barýan obasyna bir garyş has ýakyndygy ýüze çykdy. Onsoň adamyň günäleri bagyşlandy.

Başga bir hadysda bolsa, şol adamyň gidip barýan obasyna tarap bagry bilen süýşenekländigi aýdylýar.


[1] Buhary, «Enbiýa» 54; Müslim, «Toba» 46, 47, 48.