2-nji gün: Dünýäniń göwher gaşy – Käbe

Pygamberimiziň (s.a.w) dünýä inmeli wagty golaýlapdy. Şol döwürler Mekge şäherine Hz. Ybraýymyň (a.s) neslinden bolan Abdulmuttalyp ýolbaşçylyk edýärdi. Pygamberimiziň (s.a.w) atasy Abdulmuttalyp Käbäni janyndan hem eý görýärdi, ony aýap saklamak üçin elinden gelenini edýärdi. Ol Käbäni togap etmäge gelen adamlaryň ählisini gujak açyp garşylaýardy. Köp adam Käbäni mukaddes hasaplaýardy. Sebäbi Käbe dünýäniň ilkinji ybadathanasydy, Ýer ýüzüniň göwher gaşydy. Bu mukaddes ybadathanany Allanyň emri bilen ilkinji ynsan, ilkinji pygamber Hz. Adam (a.s) gurupdy. Ençeme asyrlaryň dowamynda Käbäniň diwarlary ýykylyp täzeden salnypdy. Allatagala Hz. Ybraýym (a.s) pygambere we onuň ogly Hz. Ysmaýyla (a.s) Käbäni täzeden gurmaklaryny buýurdy. Olara adamlaryň ýygnanjak we ybadat etjek ýeri hökmünde Käbäni saýlap-seçendigini aýdyp, adamlary Käbä çagyrmagy emir etdi. Şol döwürlerden bäri hem Käbä uly hormat goýulýardy. Wagtyň geçmegi bilen adamlar Hz. Ybraýymyň (a.s) dinini unudyp, butlara çokunmaga başladylar. Ýöne Käbe olar üçin mukaddes ýer bolup galdy. Hatda uzak ýurtlardan hem gelip, Käbä zyýarat edýänler bardy.

Bu ýagdaý käbir görip kişileriň gaharyny getirýärdi. Şolaryň biri hem Ýemeniň patyşasy Ebrehedi. Ol adamlaryň Käbä zyýarat etmekden ýüz öwürmeklerini isleýärdi. Şonuň üçin ol durşuna altyn-kümüş bilen bezelen owadan ybadathana gurdurdy hem-de adamlary şol ýere zyýarat etmäge çagyrdy. Ol adamlar mundan soň ybadat etmek üçin Käbä däl-de, öz saldyran ybadathanasyna geler öýdýärdi. Aradan esli wagt geçse-de, bu ýere gelen bolmady. Adamlar Käbeden ýüz öwürmediler. Ebrehäniň muňa gahary geldi. Ol Käbäni ýykmak üçin goşun ýygnap ugrady.