4-nji gün: Ebabil guşlary

Käbäni ýer bilen ýegsan etmek üçin öňünde hiç-hili päsgelçiligiň ýokdugyny gören Ebrehe goşunyna hüjüm etmegi buýurdy. Emma şol wagt Ebrehäniň iň buýsanyp ýören pili Mahmyt duran ýerinde çöke düşdü-de, ýatyberdi. Esgerler Mahmydy turuzmak üçin näçe jan etselerem, ony ýerinden gozgap bilmediler. Mahmydyň ugruny Ýemene tarap öwürseler, ol turup ýöräberýärdi, emma Käbä garşy ýöretjek bolsalar, butnaýynam diýenokdy. Esgerler Mahmyt bilen başagaý bolup durkalar, garaşylmadyk waka boldy. Birdenkä olaryň depesinde guşlaryň sürüsi peýda boldy. Bular ebabil guşlarydy. Geň ýeri, guşlaryň çokjalarynda we penjelerinde kiçijik daşjagazlary bardy. Olaryň bary, göýä bir ýerden buýruk alan ýaly, esgerleriň üstüne daş ýagdyryp ugradylar. Daşlar degen adamsynyň janyny alýardy.

Muny görüp, howsala düşen Ebrehe özüniň az sanly esgeri bilen gaçyp sypjak boldy. Emma olaram gaçmaga ýetişmedi. Guşlar sähel salymyň içinde ymgyr kän goşuny pürrelediler. Allanyň iberen ebabil guşlary Ýer ýüzüniň ýeke-täk göwher gaşy Käbäni goradylar.