Ol wagtlar siz ýokduňyz. Dünýede başga adamlar, başga çagalar ýaşaýardy. Gowy adamlar diýseň azdy. Çar tarapy erbetlik gurşap alypdy. Adamlara bagt paýlajak bir halasgär gelmelidi. Beýik Allatagala şeýle halasgäri iberjekdigine söz beripdi. Ähli barlyk sabyrsyzlyk bilen Onuň gelerine garaşýardy. Sebäbi bütün älem hemme zatdan beter şol halasgäre mätäçdi. 571-nji ýylyň aprel aýydy, hepdäniň hem duşenbe günüdi. Şol gün Ýer ýüzünde uly şatlyk-şagalaň bardy. Eýsem-de, munuň sebäbi nämekä?! Näme üçin bu gün beýleki günlerden üýtgeşik? Göýä, dünýäniň ähli ýerini täsin bir nur gaplap alan ýalydy. Ýogsa-da, ýoluna göz dikip garaşylýan Myhman geldimi? Bütin dünýä Onuň buşluk habaryna garaşýardy, edil şol wagtlarda-da geň hadysalar ýüze çykypdy. Oda çokunýan mejusylaryň müň ýyldan bäri ýanyp duran mukaddes ody öçüpdi. Käbedäki ähli butlar ýüzinligine ýykylypdy. Sawe kölü gurap, Semawe jülgesini sil alypdy. Eýran kisrasynyň (hökümdarynyň) kaşaň köşgüniň on dört sany sütüni ýykylypdy. Şol gije bulardan başga-da ençeme geň hadysalar bolupdy.
Bu hadysalar ýönelige däldi. Olar örän möhüm zadyň habarçysydy. Şol gije bir ýyldyz dogupdy. Bu ýyldyzy gören jöhit alymlary, garaşylýan Pygamberiň doglandygynyň alamatydygyny aňlapdylar. Jöhitleriň biri Medinäniň köçelerinde: «Heý jöhitler, eşitdim-eşitmedim diýmäň! Ähmediň ýyldyzy şu gije dogandyr. Ol şu gije dünýä indi» diýip gygyrýardy. Bu habary eşiden jöhitler, pygamberligiň öz neberelerinden birine berilmändigine gynandylar.
Ol Allanyň iň arzylan guly we iň beýik pygamberidi (s.a.w). Ähli pygamberler ony taryplap geçipdiler. hz. Musa, hz. Dawut we hz. Isa (aleýhumesselam) onuň geljekdigini buşlapdylar. Hawa! Köp wagtdan bäri bütin gözleri ýolda goýan arzyly myhman şol gije dünýä inipdi.