Hezreti Pygamnerimiz (s.a.w) wagtal-wagtal sahabalarynyň öýlerine aýlanyp, gün-güzeranlaryndan habar tutardy, möhümlerini bitirmäge çalşardy. Döwlet baştutany hökmünde halkyň hal-ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere garardy. Täze inen aýatlary wahyý kätiplerine ýazdyrardy. Halk köpçüligine gyssagly ýetirilmeli hökümler bar bolsa, olary dessine jarçylaryň üsti bilen adamlara yglan ederdi. Medinä gelen myhmanlar bilen gyzyklanardy. Meselem, hijretiň sekizinji ýylyndan beýläk ilçileriň, wekiliýetleriň gelim-gidimi örän ýygjamlaşýar. Günüň agramly bölegi bu ilçileri garşy almak, ýerleşdirmek, hezzetlemek, sowallaryna jogap bermek, isleglerini kanagatlandyrmak we ugratmak bilen geçýärdi.
Arabystanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan taýpalar musulman bolmak ýa-da musulman bolandyklaryny habar bermek we täze kabul edilen yslam dininiň esaslaryny öwrenmek üçin hezreti Pygamberimize (s.a.w) wekiliýetlerini ýollaýardylar. Gelip giden bu toparlaryň sany ýetmişden gowrakdyr. Ilkinji wekiliýet hijretiň sekizinji ýylynda hewazin taýpasyndan gelýär. Iň soňky wekiliýet bolsa hijretiň onunjy ýylynyň şewwal aýynda Ýemende ýaşaýan neha taýpasyndan gelen topardyr. Gürrüňi edilýän ilçileriň köpüsi hijretiň dokuzynjy ýylynda gelensoň, bu ýyla «senetül-wüfud (ilçiler ýyly)» diýlipdir.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýanyna gelýän bu wekiliýetler bilen hut Özi gyzyklanardy. Gepleşik geçirende her taýpanyň hal-ahwalyny, adatlaryny göz öňünde tutardy, özüni şoňa görä alyp barardy. Olary ülkelerine ugradanda, şanlaryna laýyk gymmat bahaly sowgat-serpaýlar ýapardy. Musulmanlygy öwretmek üçin olara mugallymlar, alymlar ibererdi. Iberýän kişilerine: «Ýeňilleşdiriň, kynlaşdyrmaň! Buşlaýjy boluň, gorkuzyp ýigrendirmäň!» diýip tabşyrardy. Nejran hristiýanlary-da gelen wekiliýetleriň biridi. Resuly-Ekrem (s.a.w) olara metjidinde ybadatlaryny ýerine ýetirmeklerine mümkinçilik döredýär. Yslam dinini kabul etmänsoňlar, bu topar bilen ylalaşyk baglaşyp, yzyna ugradýar.