Kurany Kerimiň Mealy

«Öwürmek, düzeltmek» diýen manylary berýän «Ewl» («اول») kökünden ýasalan «Meal» («مال») sözi «Mimli masdar» (işlikden ýasalan ýer we wagt aňladýan at) bolup, «Ýetilen sepgit, maksat» diýen manylary aňladýar. Şol bir kökden gelýän «Tewil» («التأويل») sözi bolsa, adatça, tefsir, fykyh we kelam ýaly dini ylymlara degişli çeşmelerde «Aýatda geçýän köp manyly bir sözi, onuň birnäçe manylaryndan birine esaslanyp düşündirmek we aýatyň hökümini aýdyňlaşdyrmak» diýen manyda ulanylýar.

Kurany Kerim irki döwürlerden başlap, köp dillere terjime edilipdir. Ýöne, näme üçindir, Kuranyň beýleki dillerdäki terjimelerine «meal» diýilmändir. Kuranyň terjimelerine «meal» diýmek, esasanan, osmanly diline mahsus bolup galypdyr. «Meal» sözi, esasan, Osmanly imperiýasynyň soňky döwürlerinde «many ýa-da düşünje» diýen manyda ulanylypdyr. Has dogrusy, «meal» diýlende sözme-söz däl-de, many taýdan edilen terjime göz öňüne tutulypdyr. Şoňa görä-de «Meal» sözi bir diliň beýleki bir dile terjime ediliş aýratynlygyny görkezýän manyda ulanyp başlanmak bilen bir hatarda «Kuranyň sözme-söz däl-de, many taýdan terjimesi» diýen manyda terminleşipdir.

Biz hem giň okyjylar köpçüligine hödürleýän şu terjimämizde Kuranyň sözme-söz däl-de, many taýdan terjimesini bermäge çalyşýandygymyz üçin oňa «Meal» diýmegi müwessa bildik.