Maşgala Durmuşy

Sözbaşy

Bilşimiz ýaly, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) altmyş üç ýyl ömür sürýär. Ýigrimi bäş ýaşyna çenli öýlenmeýär. Şol ýaşa çenli öýlenmän gezip bilmek her kişiniň başarjak zady däldi. Sebäbi Mekge ýaly jöwzaly sebitde ýaşlar ir ýetişýär.

Hawa, Allatagala päkligiň janly nusgasy bolan Resulyna (sallallahu aleýhi we sellem) çagalygynda-da, ondan soňra-da çigit ýalyjagam bolsa günä ýokdurmandyr. Onuň (s.a.w) mübärek gözi hiç haçan nämähreme düşmändir.

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ýigrimi bäş ýaşyna ýetende, özünden on bäş ýaş uly, öň iki gezek durmuşa çykan, çagaly dul zenan bolan hezreti Hatyja (r.a) öýlenýär. Hezreti Hatyja (radyýallahu anha) tä dünýeden ötýänçä, onuň üstüne başga zenana öýlenmeýär. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Hatyja (radyýallahu anha) enemiz bilen ýigrimi bäş ýyl ýaşaşýar. Bu maşgalanyň gurulmagy garyndaşlarynyň araçylyk etmeginde hem-de hezreti Hatyja (radyýallahu anha) enemiziň hut öz teklibi bilen amala aşýar.

Hezreti Hatyja (radyýallahu anha) enemiz dünýeden ötenden soňra, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Sewde enemize öýlenýär. Onuň bu gezekki guran ojagy hem başgalaryň teklibi bilen amala aşýar. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Sewde enemize, ýagny özünden ýaşy uly, bäş çagaly dul zenana öýlenýär. Şondan dört ýyl geçenden soňra Resulalla (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Aýşe enemize öýlenýär. Bu hem başgalaryň maslahat bermegi netijesinde bolup geçýär.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Aýşe enemize öýlenen wagty elli dört ýaşyndady. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) şol ýaşdan soňra beýleki päkize enelerimiz bilen nikalaşýar. Habibi-Kibriýa hezretleri (sallallahu aleýhi we sellem) Hafsa enemize elli alty, Ümmi Seleme enemize elli ýedi, Jüweýriýe we Zeýnep enelerimize elli sekiz, Ümmi Habibe enemize elli dokuz, Meýmune we Safiýýe enelerimize bolsa altmyş ýaşynda öýlenýär.

Bu hakykaty görmezlige salyp, Onuň (s.a.w) birden köp zenana öýlenmegini nebsiň islegleri bilen baglanyşdyrmak isleýänleriň özleriniň ýüreginde garalyk bardyr. Şeýle açyk beýan edilen mesele babatynda mundan artykmaç gürrüň etmegiň zerurlygy hem ýok.

Mahlasy, Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) mübärek enelerimiz durmuş gurmagy Allanyň islegi hem-de Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) razylygy bilen amala aşypdyr. Bu nikalaryň her birinde göz öňünde tutulan nijeme ylahy maksatlar, hikmetler bar. Bizi hem meseläniň şu tarapy gyzyklandyrýar.

Bilşimiz ýaly, beýleki pygamberlerden tapawutlylykda, hezreti Muhammet sallallahu aleýhi weselleme berlen pygamberlik wezipesi(niň çägi) älem möçberindedir. Ol (s.a.w) dünýäniň ähli künjegine, Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsana ýüzlenýär, külli adamzady yslam dinine çagyrýar. Özi hem, Resulallanyň (s.a.w) bu çagyryşy tä kyýamata çenli gelip-geçjek ähli ynsana degişli bolup durýar. Ine, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) mübärek enelerimiz bilen öýlenmegi-de Onuň (s.a.w) mukaddes wezipesi bilen baglanyşykly bolup durýar. Ýagny, Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) päkize enelerimize öýlenmegini yslam dinini has köp kişä ýetirip bilmek, garyndaşlyk açmak arkaly birek-birege bolan duşmançylygyň soňuna çykmak, çagyrýan dinini özüne duşman gözi bilen garaýan maşgalalara hem ulaşdyrmak, açylan bu garyndaşlyk gatnaşyklarynyň üsti bilen maksadalaýyk döwlet işgärlerini, serkerdelerini, mugallymlaryny ýetişdirmek, ýaýmak isleýän dininiň hökümlerini ähli kişiniň gözüniň öňünde durmuşa geçirmek bilen asyrlarboýy aňlarda ornan batyl düşünjeleri aradan aýyrmak, dürli ýaşdaky we tapawutly hüý-häsiýetdäki zenanlara öýlenmek arkaly ymmatyna şerigatyň maşgala we zenanlara degişli hökümlerini ders bermek, goňşy taýpalar, şäherler bilen has ýakyndan gatnaşmak ýaly nijeme sebäpler bilen düşündirmek mümkindir. Geliň, indi şu ýerde Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) päkize enelerimize öýlenmeginiň sebäpleri baradaky umumy düşündirişimizden soňra, şol sebäpleriň käbiri hakynda aýratyn gürrüň edeliň:

Şol döwrüň jemgyýetiniň adamlarynyň özara jebisligini güýçlendirýän iň möhüm faktorlaryň biri-de garyndaşlyk gatnaşygy bolsa gerek. Çünki şol wagtlar haýsy hem bolsa bir tireden gyz alan ýa-da bir tirä gyzyny beren kişi diňe bir gatnaşyk açan maşgalasy bilen däl, eýsem tutuş şol tire bilen garyndaş bolýardy! Onuň janyna ýa-da malyna ýetirilen zeper bütin tirä degişli hasap edilýärdi. Adamlar hut şu sebäpden ýaraga ýapyşyp, tanamaýan kişileri üçin janlaryny howp astyna atyp bilýärdi. Şol bir wagtyň özünde şeýle mäkäm garyndaşlyk gatnaşygy özara düşünişmek, pikir alyşmak üçin örän amatly, tapylgysyz pursaty emele getirýärdi. Ine, Kurany-Kerimiň ençeme ýerinde beýan edilişi ýaly, ynsanlaryň Alla iman getirmegi ugrunda janyndan geçmäge taýýar[1] bolan Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) päkize enelerimize öýlenmegine şu nukdaýdan garalmaly. Hawa, mübärek enelerimize öýlenmegi bilen Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) üçin nijeme gapylar açylýar. Kyn ýagdaýa düşen wagty, garaşylmadyk ýerden göni ýa-da aýlawly ýollaryň üsti bilen Oňa (sallallahu aleýhi wesellem) ýardam elleri uzaýar. Päkize enelerimiziň her biri öz taýpalary bilen Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) arasynda göýä köpri bolup hyzmat edýär. Ýagny hak dini ýaýmak, ony öwretmek wezipesini ýerine ýetirmekde täze mümkünçilikler döreýär.

Şu ýerde şeýle bir hakykaty-da aýdyp geçeliň. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) mübärek enelerimiz bilen maşgala gurmagynyň netijesinde öň biri-biri bilen duşman maşgalalar, nijeme tire-taýpalar dost bolýar. Bu garyndaşlygyň saýasynda Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) iň ganym ýagylary hem wagtyň geçmegi bilen yslam dinine girýär. Bu bolsa Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) özüne garşy çykýan kişileriniň başyna ýetmek pikiriniň asla ýokdugyny, tersine, olardaky duşmançylyk düşünjesini ýok etmegi, şol wagta çenli gahar-gazabyň, ýigrenjiň ýesiri bolan ýüreklere mähir, merhemet tohumlaryny ekmegi maksat edinendigini görkezýär. Netijede şol maksat durmuşa geçen hakykat bolup, pygamberleriň Soltany (sallallahu aleýhi wesellem) ugruny tapyp bolmajak adamyň, hötdesinden gelip bolmajak kynçylygyň ýokdugyny iş ýüzünde görkezipdir.

Mälim bolşy ýaly, yslam dinine ilkinji çagyrylan kowum kureýş taýpasydy. Şol sanda, Resulalla (sallallahu aleýhi wesellem) we onuň sahabalaryna iň kän ezýet beren, iň kän zulum eden ýene-de bu taýpa bolýar. Gadymdan dowam edip gelýän ganybir garyndaşlyklaryna garamazdan, kureýşliler hamala diýersiň, özlerini gözli kör ýaly alyp barypdylar. Olar özlerine şeýle ýakyn garyndaş bolan, gaflatdan halas etmek üçin nijeme gezekler gapylaryndan baran, hatda Özüne duşmançylyk edenleriň iň zalymlaryny hem alalaman, beýlekiler bilen bir hatarda öýüne zyýapata çagyran merhemetli pygamberiň gadyryny bilmändiler. Hawa, kureýşden ýekeje kişi hakykata göz ýetirip, iman getirse, bütin dünýäniň baýlygyna eýe bolan kişidenem has beter begenjek pygamberiň gymmatyna aň etmeýärer. Gaýtam, bu taýpa tutuş ýigrimi bir ýyllap diýen ýaly Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) baş duşmanyna öwrülýär. Ýogsam, hezreti Hatyja, hezreti Sewde, hezreti Aýşe, hezreti Hafsa, hezreti Ümmi Habibe we hezreti Ümmi Seleme ýaly mübärek enelerimiz (radyýallahu anhünne) bu taýpadandy.[2] Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) kureýşli enelerimiziň her biri bilen öýlenmegini bu taýpa dahylly dürli maksatlar bilen düşündirmek gerek. Uzak wagty alan hem bolsa, ahyrynda şol maksatlar amala aşýar. Ýagny daş ýaly gatan kalplaryň ýumşamagyna sebäp bolan şol amatly ýagdaýyň saýasynda mekgelileriň hemmesi musulman bolýar.

Hezreti Zeýnep binti Huzeýme enemiz bilen hezreti Meýmune enemiziň taýpasy Taifden tä Nejide çenli ýaýylyp gidýän giň çäge hökümini ýöredýärdi. Galyberse-de, bir eneden bolan bu mübärek enelerimiz on bir gyz dogan bolup, olaryň hersi aýratyn taýpadan bolan maşgala durmuşa çykandy. Şeýlelikde, Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) bu iki enemize öýlenmegi ony birbada on sany taýpa bilen garyndaş edýärdi. Olaryň arasynda kureýşiň Beni Mahzum we Beni Ümeýýe ýaly Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) özleriniň baş duşmany saýýan uruglary hem bardy. Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) Mekge şäheriniň kethudasy Ebu Sufýanyň gyzy Ümmi Habibä öýlenmegini Mekgäniň eýelenmeginde ädilen aýgytly ädim diýip hasap etsek, hakykatdan daş düşmeris. Sebäbi şondan üç ýyl soňra Mekgäniň ähli ilaty ýaňy-ýaňylar hem üstüne goşun çekip baran kişilerine duşmançylyk etmekden bütinleý ýüz öwrüp, Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) we Onuň (s.a.w) çagyrýan yslam dininiň goragçylary bolmak ýaly belent mertebä beýgelýärler.

Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) Jüweýriýe enemize öýlenmegi hem öňki hökmürowan sähraýy ruhuň düýbünden üýtgemegine alyp baran başga bir hadysadyr. Hawa, «Resulallanyň garyndaşlaryna ýesir gözi bilen garap bilmeris» diýen sahabalaryň ynsan mertebesine goýýan belent sarpasyny gören ýüzlerçe kişi şol günüň özünde musulman bolupdy. Munuň yzysüre olaryň kethudalary başlyklaýyn şol taýpanyň ählisi diýen ýaly köne düşünjelerinden ýüz öwrüp, yslam dinine girýär. Olar Resulallany (sallallahu aleýhi wesellem) başlaryna täç etmek bilen galmaýarlar, eýsem Onuň yslam dinini ýaýmak ýaly belent maksadynyň amala aşmagy ugrunda göýä ýaryşa giren dek yhlas edýärler.

Mahlasy, mübärek enelerimiziň her biri Resulallany (sallallahu aleýhi wesellem) öz taýpasy, şäheri, döwleti bilen baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edipdir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Alla tarapyn diňe özüne mahsus kylnan, hut Haktagalanyň buýrugyna esaslanýan birnäçe zenan bilen öýlenmek hukugyndan peýdalanyp, ýigrimi üç ýyl ýaly gysga döwrüň içinde niýet eden maksadyna ulaşýar. Baran ýerinde ýowuz daralyp, ýüzi alnan kyn döwürlerde bu garyndaşlyk gatnaşygynyň saýasynda nijeme kalplaryň doňunyň çözülmegini gazanýar. Yzgytsyzlyklaryndan ýanyna-da baryp bolmaýan kişilere bu wesile arkaly ýakynlaşmagy başarýar. Pursatyny tapsa, zyýan bermäge mähetdel adamlar Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) ýakyn dostuna öwrülýär. Has açyk aýtsak, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) mümkinçiligini tapsa, şol adamlary öýüne çagyryp, hödür-kerem edýär. Päkize enelerimiz bilen öýlenmegini esas edinip, olaryň bütin garyndaşlaryny zyýapata çagyrýar, aýratyn sowgat-serpaý ýapýar. Köpçüligiň arasynda olar hakynda öwgüli sözler aýtmagy ahmal etmeýär. Garyndaşlyk gatnaşygyna örän ähmiýet berilýän şol döwrüň jemgyýetinde ýygy-ýygydan dogan-garyndaşlaryna görme-görşe barýan Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) olaryň hem özi bilen ýakyndan gatnaşmagyny gazanýar. Şunlukda, Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) Öz şahsyna mahsus gowulyklary olara-da görkezip bilmek mümkinçiligi döreýär.

Bilşimiz ýaly, maşgala jemgyýetiň özeni bolup durýar. Ine, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) maşgalasy hem yslam jemgyýetiniň özeni bolmak ýaly mukaddes wezipäni ýerine ýetirýär. Ilkinji bolup, hezreti Hatyja enemiz yslam dinine girýär. Resuly-Ekremiň pygamberliginiň Mekge döwründe bu bagtyýar maşgalanyň ýakyn-u-uzak agzalary başlaryna düşen iň agyr ýagdaýlarda-da yslam dininiň ýaýylmagy ugrunda öň hatarlarda bolup, ellerinden gelenini gaýgyrmaýarlar.

Şol saýlantgy şahsyýetleriň ýene biri hem, Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) iki müň iki ýüz segsen alty hadys aýdan Enes bin Mälikdir (radyýallahu anh). Ol on ýyllap Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) öýünde ýaşaýar. Resulalla (sallallahu aleýhi wesellem) hijret edip, Medinä gelen günleri her kim Oňa (sallallahu aleýhi wesellem) sowgat eltip berýärdi. Şonda Ümmi Süleým (radyýallahu anha) atly zenan hem iň gymmatly barlygy bolan Enes ogluny Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) hyzmatyna berýär.

Iki müň iki ýüz on hadys aýdan hezreti Aýşe enemiziň (r.a) gürrüňini edýän meselämiz babatyndaky bitiren hyzmaty aýratyn bellärliklidir. Ýokardaky ady agzalan saýlantgy şahsyýetleriň hemmesi has soňra hezreti Aýşe enemize (r.a) şägirt bolmagyň hökmany zerurlykdygyna göz ýetirýärler. Şunlukda, olar özleriniň habary bolmadyk maglumatlaryny hezreti Aýşe enemizden (r.a) öwrenýärler, doly düşünmedik meselelerini ondan soraýarlar, säwlik goýberen ýerlerini hem onuň ýardamy bilen düzedýärler. Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtamak gerek: hezreti Aýşe  (radyýallahu anha) hiç kimiň ýok ýerinde Pygamberimiz (s.a.w) bilen bolup geçen wakalaryň ýeke-täk şaýadydyr hem-de hadyslaryň köpüsini ilkinji eşiden kişidir. Hezreti Aýşe  enemiz (r.a) eşiden hadyslaryny diňe ýat beklemek bilen çäklenmeýärdi. Olary öňki bilýän maglumatlary bilen deňeşdirýärdi. Eger aňynda nähilidir bir sowal dörese, hökman Resulalla (sallallahu aleýhi wesellem) bilen geňeşýärdi. Mesele doly aýdyň bolandan soň beýlekilere ýetirýärdi. Ol (r.a) bu aýratynlygyndan ötri şergy hökümde «illet» diýlip atlandyrylýan esasy maksady örän oňat bilen, öwrenenini durmuşynda ýaşap görkezen ajaýyp mugallym, naýbaşy şahsyýetdir.

Muksirunlaryň hatarynda Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) bir müň alty ýüz altmyş hadys aýdan Abdulla ibni Abbasy (radyýallahu anh) hem belläp geçmek gerek. Çünki ol garyndaşlyk babatynda Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) agasynyň ogly hem-de hezreti Meýmune enemiziň (r.a) aýal doganynyň ogly bolup durýardy. Ýiti zehini bilen tapawutlanýan bu sahaba şeýle ýakynlygyň saýasynda bütin wagtyny Resuly-Ekremiň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanynda geçirýärdi. Sagadatlyk öýüniň gapysy onuň üçin mydama açykdy. Muňa mysal edip, şu ýerde onuň bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň bereliň:

Bir gün Abdulla ibni Abbasy (radyýallahu anh) gije Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) öýüne gelýär. Görse, Pygamberimiz (s.a.w) tehejjüd namazyny okap duran eken. Ol (r.a) hem Onuň (s.a.w) yzyna uýup duruberýär. Resulalla (s.a.w) namazy örän uzak okaýar. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) namazynyň birinji rekagatynda «Bakara», «A:li-Ymran» we «Nisa» sürelerini okaýar. Rukugda hem-de seždede şol süreleri okan dek köp durýar. Rukugdan galanda-da, iki seždäniň arasynda-da ýene şonça wagtlap eglenýär. Namaz şeýle bir uzaýar welin, Abdulla ibni Abbasyň (radyýallahu anh) halys mejaly galmaýar. Ol (r.a) soňabaka namazyny bozup, sessiz-üýnsüz çykyp gitmek hakynda pikirlenip ugraýar.

Päkize enelerimiziň ýene bir üýtgeşik aýratynlygy dogrusynda belläp geçsek, olar (radyýallahu anhünne) pygamberlik mekdebiniň talyplarydyr, öwrenen nazary ylymlaryny durmuşa ornaşdyryjylardyr, bir söz bilen aýdylanda ymmatyň naýbaşy mugallymlarydyr. Pygamberimiziň (s.a.w) aýdýan zatlaryny ilkinji bolup eşidýän hem, Onuň (s.a.w) her bir hal-hereketini ilkinji bolup görýän hem, olara amal edýän hem, köplenç, päkize enelerimizdir. Bu nukdaýnazardan alanymyzda, olara yslam jemgyýetiniň hamyrmaýasydyr diýsek, öte geçmeris. Diniň, hususan-da zenanlar bilen baglanyşykly hökümleriniň jikme-jik öwrenilmeginde mübärek enelerimiziň bitiren hyzmaty diýseň uludyr. Munuň üçin yslam dünýäsi olara minnetdar bolmalydyr. Olar özleriniň ýa-da başgalaryň gündelik durmuşynda ýüze çykan meselesi dogrusynda gönüden-göni Pygamberimizden (s.a.w) sorap, anygyna-şänigine ýetýärdirler. Şeýdip, olar diniň tagat-ybadat, gündelik durmuş bilen baglanyşykly bahasyna ýetip bolmajak maglumatlar edinipdirler. Eger hezreti Aýşe we beýleki enelerimiz (radyýallahu anhünne) şol maglumatlary Resulalladan (sallallahu aleýhi wesellem) sorap öwrenmedik bolsady, biz bu günki tefsir, hadys, fykyh ylmyndan öwrenýänlerimiziň deň ýarysyny bilmezdik.

Päkize enelerimiz Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bakyýete göçenden soňra-da özleriniň hal-hereketi bilen ymmata dogry ýoly görkezmegi dowam etdiripdirler. Halyflar başlyklaýyn ähli kişi olaryň ýanyna gelip, özleriniň täze gabatlaşýan käbir meseleleriniň Resulallanyň (sallallahu aleýhi wesellem) döwründe ýüze çykyp-çykmandygy we şol babatda nähili pikiriniň bolandygy hakynda soraýardylar. Alym sahabalaryň ykrar etmegine görä, sowal bilen olaryň ýanyna gelip, jogabyny alman çykan ýekeje kişi-de bolmandyr.

Bir söz bilen aýtsak, päkize enelerimiz (radyýallahu anhünne) özboluşly bir egsilmez ylym çeşmesi bolup, dürli hili gylyk-häsiýetli adamlaryň diniň bütin talaplaryny amal edip biljekdiklerini durmuşlary bilen görkezen, yslam medeniýetini emele getiren nusgalyk şahsyýetlerdir. Ýokarda beýan edilenlerden hem aňlaýşyňyz ýaly, «Pygamberimiziň maşgala durmuşy» ady bilen eliňize gowşan bu eser hem yslam medeniýetiniň döremeginde abyrsyz goşant goşan mübärek enelerimizi tanatmagy maksat edinýär. Bu eserde ylmy ýa-da resmi beýan ediş tärleri ulanylman, wakalar çeper suratlandyrylmaga synanyşyldy. Şol wagtyň özünde her bir meselesine ylmy taýdan çemeleşildi.

Päkize enelerimiz hakynda ýazylan bu kitapda Allanyň Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) durmuşyna syýahat edersiňiz. Mübärek enelerimiz bilen has ýakyndan tanyş bolarsyňyz. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) maşgalada özüni alyp barşy barada giňişleýin maglumat edinersiňiz.

Şuny hem belläp geçeliň: «Pygamberimiziň maşgala durmuşy» atly bu kitaba taryhy eser hökmünde garamak nädogry bolar. Eýsem bu kitap häzirki döwürde maşgala durmuşynda ýüze çykýan wawwaly meselelere-de ünsi çekýär we şol meselelere gönüden-göni Pygamberimiziň (s.a.w) maşgala tejribesinden oňyn çözgütleri sunýar.

Bu eser göwnüňizden turar diýip umyt edýäris!

Alymlar topary. 


Owaly bilen, şuny bilmek gerek: pygambere ýanýoldaş bolmak aňsat däldir. Pygamber bilen bir ýassyga baş goýan zenan uly jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny bilmelidir. Ol özüniň gazanjak sogabynyň-da, günäsiniň-de adaty zenanlaryňkydan iki esse boljagyny unutmaly däldir. Hut şol sebäpli Kuran hem gönüden-göni päkize enelerimize ýüzlenip: «Eý, pygamberiň aýallary! Siz adaty zenanlar ýaly dälsiňiz!»[1] diýýär:

– Eý, pygamberiň aýallary! Sizden kimdir biri bihaýa iş etse, oňa beriljek azap iki esse artdyrylar. Bu Alla üçin örän aňsatdyr. Emma sizden kim Allaha we Onuň resulyna tabyn bolup, gowy işler etse, onuň sylagyny hem iki esse bereris. Biz onuň üçin (jennetde) bol-elin (nygmatlar) rysk taýynlap goýandyrys.[2]

Şeýle hem Kuran aýatlarynda aýdyň beýan edilişi ýaly, her bir amalynda wahyýa[3] esaslanýan Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) öýlenmek babatynda-da öz islegine, pikirine görä däl-de, eýsem Allanyň görkezmesi, emri boýunça hereket edipdir. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) bu barada ine, şeýle diýipdir:

– Men öýlenenimde-de, gyzlarymy durmuşa çykaranymda-da Alladan bidin hereket etmedim. Bularyň hemmesi Jebraýylyň habar bermeginde Allanyň rugsady bilen amala aşdy[4].

Pygamberimiziň (s.a.w) aýallary Allany razy etjek mertebedäki zenanlar bolandygy şeksizdir. Allatagala hezreti Muhammedi (sallallahu aleýhi we sellem) pygamber saýlap-seçişi ýaly, onuň üçin «ezwaji-tahirat» diýip atlandyrylýan päkize enelerimizi-de (radyýallahu anhünne) saýlap-seçipdir. Ýagny pygamberimize (sallallahu aleýhi we sellem) sözüň doly manysynda ýanýoldaş bolup biljek şol zenanlaryň ykbalyny Onuň durmuşy bilen birleşdiripdir. Resulalla (sallallahu aleýhi we sellem) bu barada şeýle diýýär:

– Alla meniň diňe jennet ähli zenanlar bilen öýlenmegimi isledi.[5]

Galyberse, durmuşlarynda nähilidir bir uly üýtgeşmäniň boljakdygy mübärek enelerimize öňünden aýan bolupdyr. Takyk aýtmaly bolsa, olaryň hemmesi diýen ýaly üýtgeşik-üýtgeşik düýş görüpdirler. Şol düýşler olaryň Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bilen goş birikdirjekdiginiň alamaty bolupdyr. Bu barada eseriň dürli ýerinde giňişleýin durlup geçilýär.

Diýmek, hezreti Muhammediň (sallallahu aleýhi we sellem) hut şu zenanlara öýlenmegi öňünden ýazylan ýazgyt bolup, munda nijeme ylahy hikmetler göz öňüne tutulypdyr.


[1] Ser. «Kehf» süresi, 18/6; «Şuara» süresi, 26/3.

[2] Pygamberimiziň (s.a.w) ejekesi Ümeýme binti Abdulmuttalibiň gyzy bolan Zeýnep binti Jahş (radyýallahu anha) asly mekgeli, üstesine-de kureýşiň ýarany bolan urugdandyr.


[1] «Ahzab» süresi, 33/32-34.

[2]«Ahzab» süresi, 33/30, 31.

[3]«Nejm» süresi, 53/2-4.

[4]Ibni-Asakir, «Taryh», 69/149.

[5]Ibni-Asakir, «Taryh», 69/149.



Kategoriýalar: