Mekgede Pygamberimiz (s.a.w) bilen garyndaşlygy bolan Hatyja bint-i Hüweýlid adynda baý hem dul aýal bardy. Ol söwdadan başy çykýan adamlary hakyna tutup, harytlaryny satdyrar eken. Bir gün kureýşliler Damaska ugratmak üçin nobatdaky söwda kerwenini taýýarlamaga girişýärler. Şol wagtlar Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi bäş ýaşlarynda eken. Hatyja-da şol kerwen bilen harytlaryny iberip satdyrmakçy bolýar. Ol hemişekisi ýaly, bu saparam harytlaryny iberer ýaly ygtybarly, ynamdar adam gözläp başlaýar. Şol wagtlar gün-güzerany peselip, hojalygyny zordan aýlap ýören Ebu Talib muny eşidýär-de, bile ýaşaýan inisini – söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) ýanyna çagyrýar. Oňa: «Inim jan! Görşüň ýaly, men bütin mal-mülkünden el ýuwup, bar zatdan çykdym. Bu gelen guraklyk hem açlyk bolanja zadymyzy hem saýpallady. Bizde ne söwda edere zat goýdy, ne-de gymyldara ýagdaý. Bilşiň ýaly, kureýşiň söwda kerweni Damaska gitmäge taýynlanýar. Hüweýlidiň gyzy Hatyja hem bu kerwen bilen haryt ibermekçi. Ol barjamly, sahy maşgala. Diňe öz bähbidine çapman, iliň hem peýdasyny pikir edýän aýal. Ol harydyny ibermäge seniň ýaly ynamdar, eli arassa, dogruçyl adam gözleýär. Gidip gürleşseň, belki, seni saýlar» diýýär.
Ebu Talib bu teklibi aýtsa-da aýdýar welin, ony gaýga goýýan başga bir zat bardy. Ol inisiniň ýüzüne aladaly garap: «Dogrusy, seni Damaska iberesim gelenok. Jöhitleriň saňa zyýan ýetirerinden gorkýaryn. Emma nädeýin, günümizem aýlamaly. Meniň kelläme şundan amatly iş gelmedi» diýýär. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) agasyna: «Agam, sen näme diýseň, şeýle hem bolar» diýip, özüniň razydygyny aýdýar. Ebu Talib haýal etmän, Hatyjanyň ýanyna baryp, oňa Pygamberimizi (s.a.w) teklip edýär. Öňdenem hezreti Muhammediň (s.a.w) dogry sözli, ynamdar we ygtybarly adamdygyny eşidýän Hatyja Ony öz ýanyna çagyryp: «Men Damaska gidýän kerwendäki harytlarymy saňa tabşyrmak isleýärin. Sen dogry sözli, ynamdar we ygtybarly adam. Saňa şu wagta çenli kerwenbaşylaryň hiç birine nesip etmedik oňat hak tölärin» diýýär.
Pygamberimiz (s.a.w) bu teklibi Ebu Talibe ýetirýär. Agasy muňa örän begenip: «Bu Allanyň saňa eçilen rysgydyr!» diýdi. Ebu Talib Pygamberimize ýola düşmänkä gidip, aljak hakyny Hatyja bilen öňünden kesgitli gepleşmegini teklip edýär. Emma ol muňa göwnemeýär. Onsoň Ebu Talibiň özi Hatyjanyň ýanyna gidip: «Eý Hatyja! Eşidişime görä, sen pylanyny iki düýe berip, hakyna tutupsyň. Biz Muhammet üçin dört düýe bermegiňi isleýärin!» diýýär. Kerwenini Pygamberimiz (s.a.w) ýaly ynamdar adama tabşyranyna begenýän Hatyja oňa: «Eý, Ebu Talib! Sen muzduňy örän arzan kesdiň. Munuň iki däl, birnäçe essesinem diýen bolsaň men razy bolardym» diýýär. Ebu Talib onuň görkezen jomartlygyndan ötri örän hoşal bolýar.
Hezreti Hatyja guly Meýseräni Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna goşup, oňa: «Muhammet saňa näme buýursa, derhal ýerine ýetirgin! Aýdanyna garşy çykmagyn! Bir aýdanyny iki aýtdyrma! Onuň her hereketini sypdyrman öwren! Geleniňden soň maňa habar berersiň!» diýip berk tabşyrýar.