«Eý, Resulalla! Alla şaýatdyr, meniň durmuşa çykmaga meýlim ýok, ýeke-täk arzuwym kyýamat gününde Allanyň huzuryna Seniň ýanýoldaşyň bolup barmak!»
Hezreti Sewde binti Zema (r.a)
Hasratly ýyllar
Wepaly ýary, göwün syrdaşy hezreti Hatyja (r.a) ebedi äleme göç edenden soňra hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gaýgy-gam içinde galypdy. Neneň hasrat çekmesin?! Kyn gününde goldap arka çykan, müşrükleriň çekip-çydardan çökder zulumlary etinden ötüp, süňňüne ornan pursatlarynda teselli berýän, rahatlandyrýan, ruhuny göterýän göwün syrdaşy hezreti Hatyja (r.a) indi ýokdy. Ýanýoldaşy dünýeden ötenden soňra Pygamberimiz (s.a.w) ýetim galan çagalaryna göz-gulak bolup, olara göwünlik bermäge, hasratyny paýlaşmaga çalyşýardy.
Hernäçe bildirmezlige çalyşsa-da mübärek enemiziň ýoklugy Resuly-Ekremi (s.a.w) gam-gussa batyrýardy. Sahabalar Resulallanyň (s.a.w) bu halyna örän gynanýardylar. Olar öz ýanlaryndan «Allanyň Resuly täzeden öýlenip, gaýgy-hasratyndan halas bolsady» diýişýärdiler. Ýöne Resulalla çäksiz hormat goýýan sahabalaryň hiç biri bu hakda Onuň ýanynda dil ýarmaga het edip bilmeýärdi.
Günler yzly-yzyna geçip durdy. Nädibem bolsa, bir ýoluny tapyp, Resulallany (s.a.w) ýekelikden halas etmelidi. Aslynda Ol (s.a.w) ýalňyz däldi. Hezreti Pygamberimize (s.a.w) Alladan wahyý gelýärdi, Ol ýygy-ýygydan hezreti Jebraýyl (a.s) bilen duşuşýardy, perişdeler bilen görüşýärdi. Daş-töwerekdäki her bir barlyk özlerine mahsus dilde Oňa salam berýärdi. Emma her niçik-de bolsa Ol ynsandy, derdini paýlaşjak, gaýgy-gamyny egisjek ýanýoldaşa mätäçdi.
Ahyrynda hezreti Osman bin Mazunyň (r.a) aýaly hezreti Hawle binti Hakim (r.a) Resulalla (s.a.w) täzeden öýlenmegi teklip etmegi boýnuna aldy. Ol bu niýet bilen Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna geldi. Sözi nämeden başlajagyny bilmän birsellem ýaýdanyp durandan soňra ýuwaş-ýuwaşdan pikiriniň ýumagyny çözläp ugrady:
– Eý, Allanyň resuly! Ýalňyzlygyňyzdan bolsa gerek, Hatyja dünýesini täzeläli bäri hemişe gussaly görünýäňiz.
Derdi gozgalan hezreti Pygamberimiz (s.a.w) uludan demini aldy:
– Hawa, Hatyja öýümiň diregidi. Çagalaryna edep-terbiýe bererdi, iýdirip-içirerdi, öýüň ähli keşigini çekerdi.
Hezreti Hawle (r.a) garaşýan jogabyny alypdy. Ol bu amatly pursaty sypdyrmazlyga çalyşdy. Birsellem ýere garap oturandan soňra, özüni dürsäp, çekine-çekine teklibini aýtdy:
– Belki-de, öýlenersiňiz?!
Öýe agyr ümsümlik aralaşdy. Hiç kimden ses-seda çykmaýardy. Çuňňur oýa batan Pygamberimiziň (s.a.w) göz öňünde şu güne çenli ýaşan ömri janlandy. Şonda Ol ýigrimi bäş ýyllap bile ömür süren wepaly ýary hezreti Hatyjany (r.a) ýatlady. Durmuş gurmagy teklip etmek üçin öz jorasyny iberişini, bilelikde geçiren ajy-süýji günleri, yzynda goýup giden ýetimleri…
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) birhaýukdan soňra başyny galdyryp, hezreti Hawlä ýüzlendi:
– Belkem. Ýöne Hatyjanyň ornuny kim tutup bilerkä?!
Hezreti Hawle (r.a) Pygamberimize (s.a.w) hezreti Sewde binti Zemaýy (r.a) salgy berdi. Resulalla-da (s.a.w) muny oňlady. Hezreti Sewde binti Zema (r.a) ilkinji musulmanlardandy. Beýleki sahabalar bilen bir hatarda agyr kynçylyklary, her hili jebir-sütemleri başyndan geçiripdi. Hebeşistana hijret edenleriň arasynda ol hem bardy. Soňra adamsy dünýeden ötüp, dul galan hezreti Sewde (r.a) ýetimleri bilen ýalňyz ýaşaýardy.
Hezreti Sewde (r.a) dogup önüp-ösen, çagalygyny, ýaşlygyny geçiren topragyny, Ýer ýüzüniň ilkinji ybadathanasyny, hezreti Ybraýymdan (a.s) galan ýüzlerçe ýatlamalary goýnunda saklaýan mukaddes mekany terk edip göçmäge mejbur bolupdy. Ýurdundan aýrylyp baran ýerleri oňa bütinleý ýatdy. Diňe adyny eşidýärdi. Baran ýurdunyň adamlaryny öň görmändi, medeniýeti tanyş däldi, dillerine düşünmeýärdi, dinleri tapawutlydy. Emma ol (r.a) dini üçin ähli kynçylyklara döz gelip, hijret edipdi. Köp wagt geçmänkä-de daşynyň galasy bolan ýanýoldaşy aradan çykypdy. Şol wagtlar hezreti Sewde (r.a) goltgy berjek hossara, daşyny çolajak howandara örän mätäçdi. Kurany-Kerimde Öz ýolunda hijret edenleri örän ajaýyp sylag-serpaýlar bilen buşlaýan Beýik Alla hezreti Sewde enemize-de hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanýoldaşy bolmak ýaly üýtgeşik lutfu-keremini bagyş edipdi.
Hossarsyz galanlary ýalňyz goýmaýan, ýetimleri atalyk mähri bilen çoýýan, dul galan zenanlaryň halyndan habar tutýan söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) bu gezegem wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Ol özüne hezreti Sewde bilen goş birikdirmek hakynda edilen teklibe razy boldy.
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) razylygyny alan hezreti Hawläniň (r.a) begenjinden ýaňa aýagy ýere degenokdy. Ol «Haýyr işi jäht tut» diýlenini edip, bu şatlykly habary dessine hezreti Sewde enemize (r.a) ýetirmäge howlukdy. Onuň ýanyna baran hezreti Hawläniň (r.a) tolgunmakdan ýaňa demi-demine ýetmedi:
– Eý, Sewde! Allanyň saňa nähili bagt eçilendigini bilýärmiň? Başyňa nähili döwlet guşunyň gonandygyndan habaryň barmy?
Zatdan bihabar hezreti Sewde (r.a):
– O nämekä? Men hiç zat bilmeýärin – diýdi. Hezreti Hawle (r.a) dabaraly äheň bilen habaryny aýtdy:
– Resulalla meni seniň üçin gudaçylyga iberdi. Saňa Özi bilen goş birikdirmegi teklip edýär!
Onuň bu sözlerini eşiden hezreti Sewde (r.a) doňup galdy. Bagt guşy başyna gonan mübärek enemiz begenjinden ýaňa tolgunyp, birbada näme diýjegini-de bilmedi. Birsellem oturandan soňra, özüni dürsäp, hezreti Hawlä (r.a) ýüzlendi:
– Men-ä razy! Ýöne bu habary kakama-da ýetirseň gowy bolardy.
Hezreti Sewdäniň kakasy musulman däldi. Emma hezreti Muhammedi (s.a.w) örän gowy tanaýardy, Onuň (s.a.w) il arasyndaky mertebesini, at-abraýyny oňat bilýärdi. Gyzyny durmuşa çykarmak isleýän adam üçin bu örän oňat pursatdy. Zema gyzyny ýanyna çagyryp, onuň pikirini sorady. Hezreti Sewde-de (r.a) bu teklibe razydygyny aýtdy. Onuň jogabyndan hoşal bolan kakasy-da gyzynyň asylzada, päk ahlakly Ynsan bilen goş birikdirmegini ikälläp goldady. Dessine Pygamberimizi (s.a.w) hem çagyryp, nikalaryny-da özi gyýdy. Taryhy çeşmelerde beýan edilişine görä, bu waka pygamberligiň onunjy ýylynda bolup geçipdi. Şol wagtlar hezreti Pygamberimiz (s.a.w) elli, hezreti Sewde enemiz (r.a) bolsa elli bäş ýaşlaryndady. Mekgeliler Resulallanyň (s.a.w) hezreti Sewde binti Zema (r.a) bilen goş birikdirendigini eşidenlerinde, gulaklaryna ynanmadylar. Sebäbi olar her bir zatda bolşy ýaly, adamyň gymmatyny-da dünýe maly bilen ölçeýärdiler, «Muhammet halk içinde sylanýan, asylzada kişi. Ol Hatyja ýaly barjamly, atly-abraýly aýaly aradan çykandan soňra näme üçin garyp, dul galan garry zenana öýlenýärkä?!» diýişýärdiler. Emma Älemleriň Serweriniň (s.a.w) adama baha berşi olaryňkydan bütinleý üýtgeşikdi.
Hakykata öwrülen düýş
Hezreti Sewde enemiz (r.a) adamsy aýatda dirikä bir düýş görüpdi. Düýşünde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) mübärek elini onuň egninde goýupdy. Hezreti Sewde (r.a) bu ahwalaty adamsyna gürrüň berdi. Hezreti Sekran (r.a) ony diňländen soňra şeýle diýdi: «Eý, Sewde! Eger, hakykatdanam, şeýle düýş gören bolsaň, bu meniň öljegimi, seniň hem Resulalla bilen goş birikdirjegiňi aňladýar!»
Aradan birnaçe gün geçenden soňra hezreti Sewde (r.a) ýene-de bir düýş gördi. Ol düýşünde ýassyga ýaplanyp otyrka, Aý asmandan inýär-de onuň başynyň üstünden aýlanýar. Hezreti Sewde (r.a) bu düýşüni hem adamsyna aýtdy. Hezreti Sekran (r.a) aýalynyň düýşüni şeýle ýordy: «Eý, Sewde! Bu meniň ýakyn günlerden sanalgymyň doljakdygynyň alamaty. Men şuňa berk ynanýaryn, men ölenimden soňra sen durmuşa çykarsyň!» Hakykatdan hem, hezreti Sekran (r.a) şondan soň köp wagt geçmänkä, dünýesini täzeledi.
Hezreti Sewde binti Zema (r.a) kureýşiň Amr bin Lueý urugyndan bolan Zemanyň gyzydyr. Ol başda Süheýl bin Amryň inisi hezreti Sekrana durmuşa çykýar. Adamsyndan öňürti musulman bolan hezreti Sewde (r.a) biraz salym geçenden soňra hezreti Sekranyň (r.a) hem yslam dinine girmegine sebäp bolýar. Ilkinji sahabalaryň hatarynda orun almak bagtyna eýe bolan hezreti Sewde (r.a) bilen hezreti Sekran (r.a) soňky ýyllarda mekgeli müşrükleriň zulmuna çydaman, Hebeşistana göç edýärler. Hijretden gelenlerinden soňra ýokarda beýan edlişi ýaly, hezreti Sekran (r.a) aradan çykýar. Resulalla (s.a.w) dul galan hezreti Sewdäniň (r.a) ýaraly kalbyna melhem bolup, ony kyn günden halas edýär.
Resulalla (s.a.w) hezreti Sewde (r.a) enemiz bilen Mekgede wagty nikalaşypdy. Ýagny Pygamberimiziň (s.a.w) ikinji ýanýoldaşy hezreti Sewde (r.a) enemizdir. Ol hezreti Pygamberimiz (s.a.w) tä dünýeden ötýänçä, Ony ýekeje gezegem ynjytmady, Onuň (s.a.w) öýüne, ýetim çagalaryna eýe çykdy, olara hossarlyk etdi.
Garyndaşlyk gatnaşygy adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan esasy sebäpleriň biridir. Munuň üsti bilen adamlar biri-birini has gowy tanaýarlar, özara has oňat düşünişýärler. Şol wagtlar hezreti Sewde enemiziň (r.a) kakasy, dogany hem-de beýleki ýakynlary müşrükleriň tarapyndady. Emma hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Sewde (r.a) bilen goş birikdirenden soň olaryň Resulalla (s.a.w) we yslama bolan garaýyşlary üýtgedi. Şondan soň köp wagt geçmänem iman getirip musulman boldular. Şeýdip, hezreti Sewde (r.a) enemiziň maşgalasy bu gatnaşygyň saýasynda Resulalla (s.a.w) bilen garyndaş boldy.
Ilki-ilkiler bu maşgala Pygamberimize (s.a.w) duşmandy. Hezreti Sewdäniň (r.a) dogany Abdulla bin Zema onuň hezreti Pygamberimize (s.a.w) durmuşa çykandygyny eşidip örän gynandy. Gaharyna saçyny ýolmaga başlady, munuň bilen köşeşmän, egninden gum sowurdy. Aradan nijeme ýyllar geçenden soňra Abdulla bin Zema şol wagtky eden işine puşman bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Aýal doganym Sewdäniň Pygamberimiz bilen goş birikdirendigini eşidenimde, saç-sakgalymy ýolup, başymdan gum sowrup bolmajymy bolupdym. Ömrümde şondan beter masgara bolan ýerim ýokdur».
Uly pidakärlik
Adamlar perişdeler ýaly däl. Olarda akyl bilen bir hatarda nebis hem bar. Şonuň üçin wagtal-wagtal nebisleriniň alyna gidip bilýärler. Ynsanyň tebigaty şeýle. Şonuň üçin bolsa gerek, Resulallanyň (s.a.w) ýanýoldaşlarynyň arasynda hem käwagt sene-mene bolýardy. Bir gezek şunuň ýaly ýagdaýlaryň birinde Resuly-Ekrem (s.a.w) hezreti Sewde enemiz (r.a) bilen aýrylyşmagy ýüregine düwdi. Sewde enemiz (r.a) muny eşiden wagty, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Dessine hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna ylgady. Onuň (s.a.w) iň gowy görýän kişilerini-de araçy edinen hezreti Sewde (r.a) dyzyna çöküp ýalbardy: «Eý, Resulalla! Senden şu dünýäniň hiç bir zadyny islemäýin. Meniň ýanyma gelýän günümi-de Aýşä bagyşladym. Isleseň, soňky demime deňiç halymdan habaram alma! Emma meni nikalyň bolmak bagtyndan mahrum etme! Men Allanyň huzuryna-da Seniň ýanýoldaşyň bolup barmak isleýärin. Meniň şundan başga arzuwym ýok!»
Hezreti Sewde enemiziň (s.a.w) eden bu pidakärligini dünýäde hiç bir zenan başaryp bilmese gerek. Ýanýoldaşy bilen geçirjek gününi onuň beýleki aýallaryna bagyşlamak, Resulallanyň (s.a.w) ýanboldaşy bolmaklygy bu dünýäniň ähli zadyndan belent tutmak… Bu örän uly pidakärlikdi. Resulalla (s.a.w) onuň bu sözüni ýerde goýmady. Şeýlelikde, hezreti Sewde (r.a) mübärek enelerimiziň biri bolup galdy.
Hezreti Sewde enemiziň (r.a) jomartlygy
Beýleki mübärek enelerimiz bilen bir hatarda hezreti Sewde enemiz (r.a) hem Pygamberimiz (s.a.w) bilen söweşlere giderdi. Uhud söweşine-de gatnaşan mübärek enemiz (r.a) ýaradar bolan nijeme musulmanyň dadyna ýetişdi, olara suw daşady, yslam goşunyna elinden gelen ýardamy etdi. Hezreti Sewde (r.a) Älemleriň Serweri (s.a.w) bilen Hoşlaşyk hajyna-da gitdi. Ol (r.a) şondan soňra hiç hili haja gitmedi.
Hezreti Sewde enemiz (r.a) pespälligi, jomartlygy, haýyrsöýerligi bilen tanalýardy. Ol (r.a) adamzadyň iň jomardy hezreti Pygamberimizden (s.a.w) tälim-terbiýe alypdy, Onuň ahlagy bilen ahlaklanypdy. Ol hakyky jomartlygyň nämedigini Pygamberimizden (s.a.w) öwrenipdi. Pygamberimiziň bolsa, diňe namazda okalýan «Ettehyýýätde» bolaýmasa, başga ýerde «Lä (ýok)» diýen ýeri ýokdy. Resulalla (s.a.w) zat diläp, ýanyna gelenlere hiç haçan ýok diýmändi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen bile geçirýän gününi hezreti Aýşä (r.a) bagyş eden pidakär enemiz özüne gelen sowgatlary hem garyp-gasarlara paýlardy, garyplary begendirmekden çäksiz lezzet alardy. Ol jomartlyk, sahylyk babatynda mübärek enelerimiziň arasynda hezreti Aýşe (r.a) enemizden soň ikinji orundady.
Bir gün hezreti Omar (r.a) hezreti Sewde enemize (r.a) bir gapjyk iberdi. Mübärek enemiz gapjygy getirenden onuň içinde näme bardygyny sorady. Özüne pul iberilendigini gören hezreti Sewde (r.a) dessine ony garyp-pukaralara paýlamagy buýurdy. Hawa, mübärek enemiz jomartlykda hemişe öň hatarda bolan saýlantgy kişilerdendi.
Hezreti Sewde enemizden (r.a) bize köp hadys gelip ýetmändir. Çeşmelerde onuň jemi dört-bäş sany hadys gürrüň berendigi aýdylýar. Bu hadyslaryň birinde Resuly-Ekremiň (s.a.w) göçme manyly söz ulanmak arkaly geljekde boljak zady habar berendigi aýdylýar. Ine, hezreti Sewde (r.a) bu hadysy şeýle gürrüň berýär: «Bir gün Resulallanyň ýanýoldaşlary Onuň huzuryna ýygnanyp, «Eý, Allanyň resuly! Biziň haýsymyz saňa ilkinji bolup gowşarys?!» diýip soradylar. Şonda Resulalla: «Haýsyňyzyň eliňiz uzyn bolsa, şol hem maňa ilkinji bolup gowşar» diýip jogap berdi. Şonda biz elimizi deňeşdirmäge durduk. Resuly-Ekrem (s.a.w) bakyýete göç edenden soňra Oňa aramyzdan ilkinji bolup gowşan Zeýnep binti Jahş boldy. Çünki ol iň jomardymyzdy, mal-mülküni sadaka etmekde bizden hemişe öňdedi. Aslynda Resulalla «eli uzyn bolanyňyz» diýmek bilen içimizden iň jomardymyzy göz öňüne tutan eken. Biz muňa soň düşünip galdyk».
Hezreti Sewde enemiz (r.a) alçakdy. Degişmegi gowy görýärdi. Şonuň üçin Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň bilen degşip-gülşerdi. Hezreti Sewde (r.a) şeýle bir wakany gürrüň berýär: «Bir gezek Resulalla meniň ýanyma gelende, bulamak bişiripdim. Nahary guýup, öňünde goýanymda, elini nahara degrip gördi. Gyzgyn bolansoň, dessine elini yzyna çekdi-de maňa şeýle diýdi: «Eý, Hawle! Biziň ne gyzgyna sabrymyz bar, ne-de sowuga!»
Hezreti Aýşe (r.a) enemiz hezreti Sewde enemiz (r.a) bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň berýär: «Men bulamak taýynlap, Allanyň resulyna (s.a.w) äkidipdim. Resulallanyň aňyrsynda Sewde, bäri tarapynda-da men otyrdym. Men getiren naharymdan Sewdä hödür etdim, olam iýmedi. Şonda oňa: «Iý, ýogsam ýüzüňe bulamak çalaryn» diýdim. Ol şonda-da iýmedi. Onsoň men elimi nahara batyrdym-da, onuň ýüzüne çyrşadym. Resulalla güldi, soňra nahardan azajyk aldy-da, çemçäni Sewdäniň eline berip, «Senem onuň ýüzüne çyrşa!» diýdi. Hezreti Sewde-de ony ýüzüme çyrşady. Resulalla ikimiziň ýüzümize seredip, ýylgyrdy».
Allanyň aýaty hezreti Sewde (r.a)
Aýat diýlip, Allatagalany görkezýän, Ony ýatladýan barlyklara aýdylýar. Kurany-Kerimiň aýatlaryna «aýat» diýip at berilmeginiň sebäbi hem şonuň üçindir. Ýagny ylahy kelam hem Allatagalany görkezýän özboluşly bir aýatdyr, delildir. Aslynda her bir barlyk aýatdyr. Eger adam özüniň her bir hal-hereketi, edim-gylymy, gepi-sözi bilen Allany ýatladýan bolsa, ol hem aýatdyr. Galyberse-de, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) «Göreniňde Allany ýatladýan kişi hakyky mümindir» diýýär. Meşhur alym sahaba Ibn Abbas (r.a) päk ahlagyň eýesi hezreti Sewde (r.a) enemiziň aradan çykmagyny hem Allanyň aýaty bilen deňäpdir. Bu barada hezreti Ikrime (r.a) şeýle gürrüň berýär: «Ertir namazyndan soňra Ibn Abbasa hezreti Sewdäniň dünýeden gaýdandygy habar berildi. Ol muny eşidenden dessine sežde etdi. Näme üçin beýdendigini soranymyzda, ol «Resulalla (s.a.w): «Allanyň aýatlaryny görseňiz sežde ediň!» diýipdi. Pygamberimiziň ýanýoldaşlarynyň ölüminden uly aýat barmy eýsem?!» diýip jogap berdi».
Hezreti Sewde (r.a) enemiziň gürrüň beren örän möhüm hadysy
Resulallanyň (s.a.w) özünden soralan sowallara beren her bir jogaby ýa-da Onuň (s.a.w) gündelik durmuşyndaky her bir hereketi Yslam dininiň esasy ýörelgelerini emele getirýär. Mübärek enelerimiz Resulalla (s.a.w) bilen baglanyşykly bolup geçen wakalary, şeýle-de Ondan eşiden gürrüňlerini ýatda saklaýardylar hem-de olary halka ýetirýärdiler. Aslynda Resulallanyň (s.a.w) birnäçe zenana öýlenmeginiň aňyrsynda ýatan esasy sebäpleriň biri hem şodur. Hezreti Sewde (r.a) enemiziň adyndan gürrüň berilýän şu aşakdaky hadys hem dini hökümler bilen bagly gymmatly maglumaty özünde jemleýär. Mübärek enemiz (r.a) hezreti Pygamberimiz bilen bolup geçen bir wakany şeýle gürrüň berýär: «Bir gün sahabalaryň biri Resulallanyň ýanyna gelip: «Eý, Resulalla! Kakam garry, haja gitmäge güýç-kuwwaty ýok. Näme edeýin?!» diýip sorady. Resulalla ondan «Eger kakaň bergisi bar bolsa, bergisini oňa derek sen berseň bolarmy?» diýende, sahaba «Elbetde, bolar» diýip jogap berdi. Şonda Resulalla oňa «Alla örän merhemetlidir. Kakaň ýerine sen hem haj etseň kabul bolar» diýdi».[1]
[1] Ahmet bin Hanbel, 6/429
Älemleriň Serwerine (s.a.w) gowşan mübärek enemiz
Ölüm gutulgysyz hakykatdyr. Ölüm söýgülä, söýgülilere gowuşmakdyr. Ölüm bu dünýäniň azabyndan, agyr mähnetinden dynyp, jennetiň bagy-bossanyna gadam basmakdyr. Ölüm hezreti Sewde (r.a) enemiz üçin Allanyň huzuryna hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanýoldaşy bolup barmakdy. Ol (r.a) hijri-kamary senenamasy boýunça 19-njy ýylda hezreti Omaryň (r.a) halyflygy döwründe ebedi äleme göç etdi. Alla hezreti Sewde (r.a) enemiziň jaýyny jennetden eýlesin, bizi-de oňa goňşy eýlesin! Ämin!