«Şemail» sözi arap dilinden terjime edilende «hüý-häsiýet, gylyk, ahlak» diýen manylary aňladýar. Bu söz takmynan, IX asyrdan (hijri III asyr) başlap, hadys, siýer (Pygamberimiziň ömür beýany), taryh kitaplarynda hem-de tasawwuf edebiýatynda Resuly-Ekremiň (s.a.w) daş keşbini, şahsy durmuşyny hem-de ahlak sypatlaryny beýan edýän adalga hökmünde ulanylypdyr. Resulallany (s.a.w) ähli taraplary bilen öwrenmegi, her bir zatda Oňa meňzemäge çalyşmagy bize ilkinji nobatda Kurany-Kerim buýurýar. Bilşimiz ýaly, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bütin adamzada Allanyň rahmetini buşlaýjy, gazabyny duýdyryjy edilip iberilipdir[1] we Onuň hut Özüne «Men Allanyň siziň hemmäňiz üçin iberen ilçisi» diýip yglan etmeklik buýrulypdyr.[2] Kuranyň ençeme aýatynda Alladan soň Pygamberimize-de (s.a.w) boýun bolmaklyk,[3] Oňa tabyn bolup, ýolundan ýöremeklik,[4] mümünlere Ony janlaryndan hem eý görmeklik[5] emr edilipdir. Allatagala ýaradylan bütin barlyklaryň arasynda iň belent mertebä Resuly-Ekremiň laýykdygyny, Onuň hormatynyň aýratyndygyny, Ony älemlere rahmet edip iberendigini,[6] şanynyň belentdigini[7] beýan edipdir hem-de «Sen beýik (kämil) ahlaga eýesiň! Munda şübhe ýokdur» diýen aýatyň[8] üsti bilen Onuň iň kämil ahlak sypatlaryna eýedigine ünsi çekipdir. Mundan başga-da Allatagala «Allanyň rahmetinden, ahyret gününden umydygär bolanlar hem-de Allany köp yat edenler üçin Allanyň pygamberinde nusgalyk görelde bardyr»[9] diýen aýatynda Pygamberimize (s.a.w) iman getiren kişilere Onuň päk ahlagyny, edep-terbiýesini nusga edinmelidigini buýrupdyr.
Şemail barada hadyslarda-da beýan edilýär. Hadysçy alymlar şemaile degişli hadyslary kitaplarynyň «fezail», «menakyb», «edeb», «libas», «etime», «eşribe», «zinet», «zikir», «dua» ýaly bölümlerinde ele alypdyrlar. Esasanam, sekiz sany baş mowzuk bilen hadyslaryň ähli görnüşlerini öz içine alýandygy sebäpli «Jamiý» diýilýän hadys kitaplarynyň esasy bölümleriniň biri-de şemail hakyndadyr.
Şemail barada Ibni Sadyň «Et-tabakatül-Kübra», Ibni Seýýidinnäsiň «Uýunul eser fi fününil megazi weş-şemail wes-siýer», Ebul-Kasym Ibn Asakiriň «Tarihu Medineti Dimaşk», Ibni Kesiriň «El-Bidaýe wen-nihaýe» we Gazzalynyň «Ihýau-ulumiddin» atly kitaplarynda hem berilýär.
[1] «Sebe» süresi, 34/28.
[2] «Araf» süresi, 7/158.
[3] «Aly-Imran» süresi, 3/32, 132; «Nisa» süresi, 4/13, 59.
[4] «Aly-Imran» süresi, 3/31; «Araf» süresi, 7/158.
[5] «Ahzab» süresi, 33/6.
[6] «Enbiýa» süresi, 21/107.
[7] «Inşirah» süresi, 94/4.
[8] «Kalem» süresi, 68/4.
[9] «Ahzab» süresi, 33/21.