Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysda şeýle diýilýär:
وَيْلٌ لِلْعَرَبِ مِن شَرٍّ قَدِ اقْتَرَبَ
Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýmek bilen Çingiz hanyň we (onuň agtygy) Hulagynyň etjek weýrançylykly ýörişleri, Abbasy döwletini synjagy dogrusynda habar beripdir. Habar berşi ýaly hem çykýar.
Ygtbarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Allanyň resuly (s.a.w) syrkawlap agyr ýatan Sad ibni Ebu Wakgasyň halyndan habar almaga baran wagty şeýle diýipdir[2]:
لَعَلَّكَ تُخَلَّفُ حَتَّى يَنْتَفِعَ بِكَ اَقْوَامٌ وَيَسْتَضِرَّ بِكَ آخَرُونَ
Bu hadysda Sad ibni Ebu Wakgasyň geljekde beýik serkerde boljakdygy, köp ýeňişler gazanjagy, birentek halklara peýdasynyň degjegi, ýagny onuň eýelän ýerlerinde musulmançylygyň ýaýrajakdygy, şeýle hem birentek döwletlere ondan zyýan ýetjekdigi, ýagny onuň uly bir imperiýany ýykjakdygy habar berlipdir. Habar berşi ýaly hem çykýar. Hezreti Sad yslam goşunyna baştutanlyk edip, Eýran döwletini derbi-dagyn edýär. Birnäçe halklaryň hidaýat ýoluna girmegine, ýagny musulman bolmagyna sebäp bolýar.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, yslam dinini kabul eden hebeş hökümdary Nejaşynyň aradan çykan wagty Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam sahabalaryna onuň ölendigini habar beripdir. Hatda onuň üçin jynaza namazyny okapdyr.[3] Hakykatdanam, bir hepde soňra Nejaşynyň öldi habary gelip ýetýär. Görüp otursalar, onuň aradan çykan güni Pygamberimiziň habar beren gününe gabat gelýär. Bu waka hijretiň ýedinji ýylynda bolup geçýär.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam dört çaryýarlar bilen bir dagyň (Uhud ýa-da Hira bolmaly) üstüne çykanlarynda birdenkä, dag titremäge başlaýar. Şonda Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam daga şeýle diýip seslenipdir[4]:
اُثْبُتْ فَاِنَّمَا عَلَيْكَ نَبِىٌّ وَ صِدِّيقٌ وَ شَهِيدٌ
Ýagny hezreti Omaryň, Osmanyň we Alynyň şehit boljagyny habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolýar.
[1]«Ýakynlaşyp gelýän beladan ötri haýp, araplara!» (Buhary, «Fiten» 60).
[2]«Kimi ynsanlara (müminlere) peýda, kimi ynsanlara (kapyrlara) zyýan getirersiň. Şol wagta deňiç ýaşarsyň diýip umyt edýärin». («Hilýetül-Ewliýa» 1/94).
[3]Buhary, «Janaiz» 57, «Menakibül-Ensar» 38; Müslim, «Feraiz» 14; Ebu Dawud, «Jihad» 133; Tirmizi, «Jenaiz» 69; Nesei, «Jenaiz» 66, 67; Ibni Maje, «Sadakat» 9, 13; «Sahihi–Buhary» 2/109, 111; «Sahihi–Müslim» 2:656; «Jemiül-Fewaid» 1/354.
[4]«Köşeş! Çünkü seniň üstünde bir pygamber, bir syddyk, biremşehit dur». (Buhary, «Fezailüs-Sahabe» 5, 6; Müslim, 4/1880; Ebu Dawud, 2/515; Tirmizi, hadys № 3758).