Gaýypdan habar 6

1- Şeýle hem, [1]

اِنَّ عَمَّارًا تَقْتُلُهُ الْفِئَةُ الْبَاغِيَة

diýip, Ammaryň pitneçiler tarapyndan öldüriljegini habar beripdir. Hakykatdanam, ol Syffyn söweşinde wepat bolýar. Hezreti Aly bu ýagdaýy Muawiýäniň tarapynda bolanlaryň pitneçidigine delil görkezýär. Emma Muawiýe bu hadysa özüçe düşündiriş berýär. Amr ibnul Asyň hem bu barada şeýle pikiri bar: «Pitneçiler diňe ony öldüren topardyr. Muňa hemmämiz degişli däldiris».

2-Şeýle hem, [2]

اِنَّ الْفِتَنَ لاَ تَظْهَرُ مَا دَامَ عُمَرُ حَيًّا

«Hezreti Omar sag-aman gezip ýörse, araňyzda pitne çykmaz» diýip habar beripdir. Şeýle-de bolupdyr.

3-Süheýl ibni Amr heniz iman getirmänkä, musulmanlaryň eline ýesir düşýär. Şonda hezreti Omar Resuly-Ekreme (s.a.w) garap şeýle diýipdir: «Rugsat ber, munuň dişlerini sograýyn. Bu özüniň dilewarlygy bilen küreýşiň kapyrlaryny üstümize öjükdirme kemini goýmady». Resuly-Ekrem  aleýhyssalatu wessalam bolsa: [3]

وَعَسَى اَنْ يَقُومَ مَقَامًا يَسُرُّكَ يَا عُمَرُ

diýip, hezreti Omary köşeşdiripdir. Wagty-sagady dolup, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam dünýeden gaýdýar. Çekip-çydardan çökder, pajygaly bu hadysa ýüze çykan wagty hezreti Ebubekir Syddyk özüni ýitirmän, hutba bilen çykyş edip, Medineýi-Münewweredäki sahabalary köşeşdirýär. Edil şonuň ýaly Suheýl hem Ebubekir Syddygyň hutbasyna meňzeýän hutba bilen çykyş edip, Mekkeýi-Mükerremedäki sahabalary köşeşdiripdir. Şol dilewarlygyny ýerlikli ulanypdyr. Aýdylyşyna görä, iki hutbanyň sözleri hutma-hut meňzeş bolupdyr.

4-Şeýle hem, Pygamberimiz (s.a.w) bir gezek Süraka:[4]

كَيْفَ بِكَ اِذَا اُلْبِسْتَ سُوَارَىْ كِسْرَى

diýipdir. Şeýlelik bilen Sürakanyň eline Eýran hökümdarynyň bilezikleriniň geçjegini habar beripdir. Dogrudanam, hezreti Omaryň halyf döwründe Eýran hökümdarlygy derbi-dagyn edilýär. Kisranyň bezeg şaý-sepleri, bilezikleri Medinä iberilýär. Şonda hezreti Omar şol bilezikleri Sürakanyň ellerine dakyşdyrýar-da: [5]

اَلْحَمْدُ لِلّهِ الَّذِى سَلَبَهُمَا كِسْرَى وَاَلْبَسَهُمَا سُرَاقَةَ

diýýär. Şunlukda, Pygamberiň (s.a.w) ýene bir gaýyby habary tassyk bolýar.

5-Şeýle hem, Pygamberimiz (s.a.w): [6]

اِذَا ذَهَبَ كِسْرَى فَلاَ كِسْرَى بَعْدَهُ

«Pars kisrasy gümüne gidensoň, (ol ýurtda gaýdyp) kisra döremez» diýipdir.  Aýdyşy ýaly hem bolýar.

6-Şeýle hem, Pygamberimiz (s.a.w) Eýran kisrasynyň ilçisine şeýle diýipdir: «Edil şu wagt kisranyň ogly Şirwiýe Perwiz kisrany öldürdi». Şonda ilçi muny anykladýar welin, hakykatdanam, Pygamberimiziň (s.a.w) edil aýdan wagtynda şol hadysa bolup geçen ekeni. Ilçi şondan soňra yslam dinini kabul edýär. Başga bir hadysa görä, şol ilçiniň ady Firuz bolmaly.[7]


[1] «Ammary pitneçiler öldürer». (Kady az, «Şifa», 1/339).

[2] Buhary, 4/238.

[3] «Eý, Omar! Ynha, bir gün geler welin, (bu adam) seni begendirjek mertebä ýeter». («Isabe», 2/93-94; Hakim, «Mustedrek» 4/282).

[4]«Kisranyň bileziklerini (elleriňe) dakynanyňda nähili boljagyňy bilýämiň?» (Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/703).

[5] «Bulary (bilezikleri) Kisranyň golundan sypyryp, Sürekanyň eline dakdyran Allama hamd-sena bolsun!» (Kady Yýaz, «Şifa» 1/344).

[6] Tuhfetul-Ahwezi, 6/4562, 463.

[7] Kady Yýaz, «Şifa», 1/343; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1:00; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 4/390.