Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) Hatyb ibni Eby Belteanyň kureýşlilere gizlinlikde hat ýollandygyny habar beripdir. «Pylan ýerde pylan kişidedir. Şony alyp geliň» diýip, hezreti Aly bilen Mikdady iberipdir. Salgy berlen ýerden haty tapyp alyp gaýdypdyrlar. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) Hatyby ýanyna çagyryp, ondan «Näme üçin beýtdiň?» diýip sorapdyr. Ol bolsa ötünç sorapdyr. Pygamberimiz (s.a.w) onuň ötünjini kabul edipdir.[1]
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (s.a.w) [2]
يَاْكُلُهُ كَلْبُ اللّهِ
diýip, Utbe ibni Ebi Lehebiň ömrüniň soňunyň pajygaly gutarjagyny habar beripdir. Hakykatdanam, Utbe ibni Ebi Leheb Ýemen tarapyna gidip barýarka, bir ýolbarsa aw bolupdyr. Şunlukda, Pygamberiň (s.a.w) eden gargyşy ýerine düşýär we beren habary dogry bolup çykýar.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, şeýle bir waka bolup geçýär:
Mekge feth edilen güni hezreti Bilal Habeşi (r.a) Käbäniň üstüne çykyp, azan aýdýar. Şonda kureýşiň kethudalary Ebu Sufýan, Attab ibni Esid we Haris ibni Hişam dagy öz aralarynda hezreti Bilaly kemsidiji gürrüňler edýär. Attab: «Atam Peridiň bagty getiren ekeni, bu bolýan zady görmedi» diýse, Haris: «Muhammet indi azan aýtdyrmak üçin şu gara gargadan başga adam tapmadymyka?!» diýýär. Ebu Sufýan bolsa seresaplylygy elden bermeýär: «Men-ä zat diýip biljek däl. Şu töwerekde janly-jemende ýogam bolsa, şu Bathanyň daşlary näme diýsek, Oňa ýetirerinden gorkýaryn» diýýär. Hakykatdanam, az salym geçmänkä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bu üçüsi bilen gabatlaşýar. Olaryň arasynda bolup geçen gürrüňi birin-birin aýdyp berýär. Attab bilen Haris şol wagtyň özünde kelemeýi-şahadat getirip, musulman bolýar.[3]
[1] Sahihi-Buhary, 4/72; Sahihi-Muslim, hadys № 2494; Kady Yýaz, «Şifa», 1/342.
[2] «Ony Allanyň köpegi iýer». Aliýýull-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1/664; «Jemiul-Fewaid», 2/64.
[3] Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 5/75; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1/750.